Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin heläk bolýar. Weterinariýa gullugynyň işgärleri keseli anyklap bilmeýändiklerini aýdýarlar. Tejribeli guşçular keselçilige yssy howany sebäpkär hökmünde görkezýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 18-nji iýulda sebitden habar berdi.
Ýerli daýhanlaryň ençemesi guşlaryň arasynda tas bir hepde bäri näbelli bir keseliň ýaýraýandygyny, guşlaryň köpçülikleýin gyrylýandygyny aýdýarlar.
“Heläk bolýan towuklarymyzyň sany soňky bir hepdeden bäri günsaýyn köpelýär. Biz ýerli weterinarlara ýüz tutduk, olar hem ‘bilmedik’ diýip aýtdylar” diýip, bir ýerli towuk fermasynyň eýesi gürrüň berdi.
Çykgynsyzlyga uçran towuk fermalarynyň eýeleri weterinariýa dermanhanalaryndan towuk içgeçmesine we bitlere garşy dürli görnüşli dermanlary we antibiotikleri satyn alýarlar. Ýöne bu dermanlar hem netije bermeýär.
Degişli maglumat Lebap: Hususy maldarçylyk hojalyklary 'zyýana galýar'“Biz şol dermanlary suwa ýa-da towuk iýmine garyp, guşlara berdik. Ýöne peýda bermedi” diýip, bir maryly daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Haýwanlaryň saglygy boýunça ýerli hünärmenler soňky bir hepde bäri günorta-gündogar sebitde guşlaryň arasynda ýaýraýan keselçiligi anyklap bilmeýän mahaly, towuk fermalarynyň eýeleri köpýyllyklaryň dowamynda guşçulyk pudagynda tejribe gazanan ildeşlerinden haraý soraýarlar.
“Towuklary yssy howa gyrýar. Häzirki wagtda başga-da köp adamyň towuklary gyrylýar” diýip, bazarlarda jüýje we towuk satyp, güzeran aýlaýan bir daýhan aýdýar.
Guşçulyk hünärmenleri towuklar üçin amatly howa temperaturasynyň 18-23 gradus aralygynda saklanylmalydygyny, aşa yssy howanyň towuklara howp abandyrýandygyny aýdýarlar.
Bilermenlere görä, towuklar howanyň temperaturasy 29-30 gradusdan geçende iým kabul etmekden sähel ýüz öwrüp başlaýar, howanyň temperaturasy 32 gradusa ýetende ýumurtgalar kiçelip, ýumurtgalaryň gabygynyň hili ymykly peselip başlaýar. Bilermenler towuk fermalarynda howanyň temperaturasy 35 gradusdan geçen halatynda, guşlary salkynlatmak üçin degişli çäreleriň görülmelidigini aýdýarlar.
Hünärmenler towuklaryň ideg işlerinde yssy howada guşlaryň gündelik sarp edýän suw mukdaryny artdyrmagy, olaryň Günden goralmagyny, kölege bilen üpjün edilmegini maslahat berýärler. Towuklar derlemeýär ýöne yssy howada ganatlaryny açyp, ýa-da bykynlaryny ýere berip, salkynlamaga çalyşýarlar.
Mary welaýatynda geçen hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy wagtal-wagtal kölegede 45 gradusdan aşdy.
Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň guşçulyk toplumlarynda dörän keselçiligiň mümkin bolan sebäpleri barada ýerli resmilerden teswir alyp bilmedi.
Sebitde towuk fermasyny açan bir är-aýal guşlaryň arasynda ýaýraýan keselçiligiň fonunda özleriniň guşçulyk toplumyny esaslandyryşlary we ideg işleriniň hysyrdylary barada gürrüň berýärler.
Degişli maglumat Türkmenistan guşçulyk toplumyny ösdürmek üçin ‘käbir’ harytlary gümrük paşyndan boşatdy“Biziň bir oglumyz Kazanda [Russiýa Federasiýasynda] bir oglumyz Türkiýede zähmet çekip, hojalyga pul iberýärler. Biz olaryň iberýän pullaryndan artdyryp, süýşürip, birnäçe ýyl mundan ozal ýumurtga we towuk etini öndürmek maksady bilen, guşçulyk toplumyny açdyk. 1500 töweregi towuk satyn aldyk. Şeýlelikde, towuklara ideg edip başladyk, kepek, dary, mekgejöwen, jöwen ýaly towuk iýmlerini satyn aldyk” diýip, hojalykçy zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ol bir döwür işleriniň oňuna bolup başlandygyny, hatda ýat ýurtda zähmet çekip, gazanç edýän ogullaryny hem ýurda çagyrmagy ýüreklerine düwüp başlandyklaryny, ýöne towuklaryň arasynda bir hepdeden bäri ýaýraýan keselçiligiň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salandygyny gürrüň berýär.
Türkmen metbugatyna görä, ýurtda geçen ýyl guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri goldamak maksady bilen iýmlik bugdaý, mekgejöwen we soýa ösdürip ýetişdirmek üçin, ýurt boýunça 80 müň gektar ýer bölünip berildi.
Türkmenistanda maldarçylyk we guşçulyk hojalyklary ýyllarboýy ot-iým ýetmezçiliginden şikaýat edýärler. Galyberse-de, döwlet mediasy guşçulyk we maldarçylyk toplumlarynyň eýeleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ýerli fermalarda ýüze çykýan keselçilik ýaly adatdan daşary ýagdaýlar barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.