Marynyň täze balyk hojalyklary özlerine azar berilýändigini, telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny aýdýarlar

Illýustrasiýa suraty

Soňky aýlarda Mary welaýatynda mellek ýerlerinde howuz gazyp, balyklary emeli usulda köpeldýän täze balyk hojalyklarynyň sanynyň artandygyny synlasa bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Ýöne ýaňy aýaga galmaga çalyşýan täze hojalyklar kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň özlerine yzygiderli “azar berýändigini” , telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny aýdýarlar.

“Geçen ýyldan başlap Ýolöten we Türkmengala etraplarynda mellek ýeri bolan adamlaryň ençemesi howuz gazyp, balyklaryň dürli görnüşini ýetişdirip başlady. Hojalyklaryň ýaňy-ýakynda önümçilige girişip, balyklaryny bazarlarda satuwa çykaryp başlamagy bilen, kanun goraýjy edaralar gapylary kakyp, hojalyklara yzygiderli azar berýärler” diýip, balyk ýetişdirýän ýolötenli telekeçi aýtdy.

Balyk hojalyklarynyň eýeleriniň aýtmagyna görä, kanun goraýjylaryň aglabasyny sebitiň polisiýa we prokuratura edaralarynyň işgärleri emele getirýär.

Degişli maglumat Balkanda balyk gymmatlaýar, ilat ony hepdelik iýmitinden çykarýar

“Olar hepdede üç-dört sapar gelip, ‘dadymlyk balyk ber’ diýip, her gelende 8-10 kilogram balygy mugtuna alyp gidýärler. Şeýle tejribe bir aý çemesi dowam etdi. Soňra biz olara uly çykdajy edendigimizi, ýaňy aýaga galyp başlaýandygymyzy düşündirmäge çalyşdyk. Beýdip her hepde gelip, mugt balyk alyp dursaňyz, biziň peýdamyz asla bolmaz diýdik we olardan balyklaryň her kilogramy üçin 50 manat sorap başladyk” diýip, ýolötenli başga bir telekeçi belleýär.

Telekeçiler şondan soňra ýagdaýyň has-da ýaramazlaşandygyny, döwlet salgyt we arassaçylyk gulluklarynyň işgärleriniň yzygiderli gelip başlandygyny aýdýarlar.

“Olar söwda edýäňmi, salgyt töleýäňmi diýip soraýarlar. Biz olara biziň balykçylyk hojalyklarymyzyň mellek ýerlerimizde ýerleşýändigini we olarda ýetişdiren balyklarymyzy Ýolöteniň ýa Baýramalynyň bazarlarynda satmakçy bolanymyzda, bazar ýeri üçin petek töleýändigimizi aýdýarys. Salgyt gullugynyň işgärleri ‘onyň bolanok’ diýip, uly möçberde jerime saljakdyklaryny aýtdylar. Olar 10 kilogram balygy mugt alanlaryndan soňra gitdiler” diýip, ýolötenli telekeçi belledi.

Onuň sözlerine görä, olardan soňra gelen arassaçylyk işgärleri balyk hojalyklaryna 3000 manat jerime ýazmak barada tabşyrygyň berlendigini aýdýarlar.

"Ähli zadyňyz düzüw ekeni, ýöne bizden-de edilýän talap şu" diýip, telekeçi arassaçylyk gullugynyň işgäriniň sözlerini sitirledi.

Telekeçiler jerime töläp, mugt balyk berip, “azar bermelerden” häzirlikçe dynandyklaryny, ýöne “asudalygyň” näçe wagt dowam etjegini bilmeýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýlardan halys ýadandyklaryny belleýärler.

“Arzyňy aýdar ýaly-da ýer ýok. Sebäbi bidüzgünçilikleri amal edýänleriň özi kanun goraýjy edaralaryň işgärleri. Bu ýagdaý dowam etse, önümçiligimizi bes edäýmesek, başga çykalga ýok” diýip, türkmengalaly telekeçi aýtdy.

Degişli maglumat Balyk kyssasynyň gussasy; Aşgabat D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň 'öňüni alýar'

Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň polisiýa, prokuratura edaralaryndan we salgyt, arassaçylyk gulluklaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen kanunçylygy kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyny kepillendirýär. Hökümet resmileri ýurtda telekeçileriň netijeli işlemegi üçin zerur bolan şertleriň ählisiniň döredilýändigini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny ýygy-ýygydan aýdýarlar.

Ýöne Azatlyk bilen pikirini paýlaşýan synçylaryň we telekeçileriň ençemesi "prezident maşgalasy tarapyndan goldanylýan" TSTB-niň monopoliýasynyň ýurtda orta we kiçi telekeçiligiň ösmegine uly böwet basýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Kiçi we orta telekeçiligiň uly kynçylyklary açylan iş orunlarynyň köpüsiniň ýapylmagyna getirýär

“Häzir bu birleşigiň garamagynda onlarça balyk hojalygy hereket edýär. Olar birnäçesi biziň sebitimizde ýerleşýär. Bu hojalyklarda işleýän tanyşlarymyz olara kanun goraýjylaryň aýlanyp, mugt balyk talap etmeýändigini ýa-da jerime ýazjak diýip, azar bermeýändigini aýdýarlar. Näme bolsa, sada halka ýaňy ugrukmakçy bolýan kiçi ýa orta telekeçilere bolýar” diýip, türkmengalaly telekeçi belledi.

Türkmenistanyň döwlet mediasynda we ýarym resmi metbugat serişdelerinde ýurduň ähli welaýatlarynda balyk hojalygynyň ösdürilýändigi aýdylsa-da, ýokarda beýan edilenler barada hiç hili habar berilmeýär.

Häzir TSTB-niň garamagynda 40-dan gowrak balykçylyk hojalygy hereket edýär.

Bellesek, Marydaky balyk hojalyklarynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna meňzeş ýagdaýlary goňşy Özbegistanda balyk ýetişdirýän telekeçiler hem başdan geçirýärler.

Mundan iki aý çemesi ozal Surhanderýa welaýatynyň Oltinsoý etrabynda ýerleşýän “Degrez” suw howdanyndaky suwuň boşadylmagy netijesinde, onuň içindäki 50 tonna balyk öldi.

"Özbekbaliksanoat" birleşigi bilen şertnama esasynda howdanda balyk ýetişdirýän telekeçiler sebitiň suw dolandyryş edarasynyň suwuň boşadyljakdygy barada ne resmi hat esasynda, ne-de dilden duýduryş berendigini aýtdylar. Edaranyň başlygynyň orunbasary Abdurasul Holboýew howdandaky suwuň diňe bir böleginiň boşadylandygyny aýtdy.

Bu wakadan soň, 19-njy awgustda Surhanderýanyň prokuraturasy Holboýewa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny we derňewleriň başladylandygyny yglan etdi.

Degişli maglumat Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.