Marynyň köp gatly jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary otaglary kanagatlanarly ýyladyp bilmeýär

Köp gatly ýaşaýyş jaýyndan bir pursat. Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.

Gyş paslynyň ilkinji hepdelerinde Türkmenistanyň dürli sebitlerine sowuk howa akymynyň aralaşmagy bilen, Mary welaýatynyň şäher we oba ýerlerinde ýyladyş ulgamlary kanagatlanarly işlemeýär. Şäher ýaşaýjylary köp gatly jaýlardaky batareyaýalaryň otaglary ýyladyp bilmeýändigini aýdýarlar. Çetki obalaryň ilaty odun ýygnap, aňzakly sowuk howa şertlerine taýýarlyk görýär.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy -7 gradusa çenli pese gaçdy. Mary we Baýramaly şäherlerindäki köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary jaýlardaky ýyladyş batareýalarynyň otaglary ýyladyp bilmeýändigini aýdýarlar.

“Marynyň we Baýramalynyň köp gatly jaýlaryndaky batareýalar 15-16 gradus töwereklerinde ýylylyk berýär. Adamlar gijelerine tok peç ýakýarlar. Köp hojalyk “duhowkalaryny”, nahar bişirýän peçlerini uzakly gün ýakyp, otaglary ýylatmakçy bolýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şu hepdäniň başlarynda ýurduň dürli sebitlerine sowuk howa akymy aralaşdy. Lebap welaýatynyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasynyň -20 gradusa çenli peselen pursatlary boldy. Türkmenabatda 12-nji dekabrda 10 gradus sowuk boldy.

Degişli maglumat Ýurda aralaşan sowuk howa gündogar sebitlerde gündelik durmuşy bökdeýär

Howa maglumatlaryna görä, ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, Mary welaýatynda howanyň öňümizdäki günlerde açylmagyna, häzirkisinden maýlamagyna garaşylýar. Ýöne sebitde güýzüň ahyrky günlerine çenli dowam eden adatdan daşary maýyl howanyň birden sowap başlamagy şäher we oba ýaşaýjylaryny sowuga garşy özbaşdak taýýarlyk çärelerini görmäge iterdi.

“Şäher ýerlerinde ýyladyş batereýalaryny elläp görseňiz, adamyň teni batareýalardan has ýyly. Ýyladyş ulgamlary otaglary ýylatmak beýlede dursun, öz-özüni ýyladyp bilmeýär, turbalary ýyladyp bilmeýär” diýip, beýleki bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Türkmenistanyň şäher ýerlerinde köp gatly jaýlary köplenç merkezleşdirilen ýyladyş desgalary bilen ýyladylýar.

Mary we Baýramaly şäherlerinde ençeme ýaşaýjylar otaglaryň daşardaky howanyň temperaturasyna laýyklykda ýyladylmaýandygyny sebäpli, özbaşdak çärelere we çykalgalara ýüz urýarlar.

Ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň talaplaryna garamazdan, käbir hojalyklar jaýlarda nahar bişirýän peçlerini, duhowkalaryny günüň dowamynda günuzyn açyp goýýan bolsalar, käbir hojalyklar tok peç ulanýarlar, beýlekiler bolsa jaýyň içinde gyş eşiklerini geýýändiklerini, ýa-da gijelerine ýylanmak üçin tutuş maşgalanyň bir otagda üýşüp ýatýandyklaryny aýdýarlar.

“Howa çala sowuk bolsa, tutuş maşgala bolup, bir otagda jemlenip, üýşüp ýatýarys. Sebäbi her bir otag üçin, aýry-aýry tok peçlerimiz ýok. Bir tok peç bilen oňuşmaly bolýarys. Ikinji tok pejini satyn almaga ýagdaýymyz ýok. Biziň öýümizde kiçi ýaşly çagalar bar. Bir otagdan beýleki bir otaga çykjak bolsak, eginlerine kurtka, kellelerine şapka geýdirip çykarmaly bolýarys” diýip, şäher ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sebitiň çetki obalarynda hem ýerli ilat birmeňzeş meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Howa maglumatlary bu sebitde öňümizdäki günlerde howanyň maýlajakdygyny çaklaýan-da bolsa, soňky sowuklar oba ýaşaýjylarynyň ýyladyş aladalaryny artdyrdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda howa -20 gradusa çenli sowaýar

Azatlygyň habarçylary obalarda odun toplap, sowuk howa şertlerine taýýarlyk görülýändigini habar berýärler.

Şol bir wagtda, energetika serişdelerine, tebigy gaz gorlaryna baý ýurduň köp sanly çetki obalarynda ýaşaýjylar gyş paslynda gaz üpjünçiliginiň ýagdaýynyň juda ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.

“Köp sanly çetki obalarda gaz asla ýok diýseň hem bolýar. Howa mundan-da beýläk sowasa, çykalga tapmaly” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

Kim nähili odun tapsa, hojalygyna daşaýarlar diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri gürrüň berýärler.

Oba ýaşaýjylary sebitlere çekilen gaz geçiriji ulgamlarynyň wagtly-wagtynda abatlanylmaýandygyny, elektrik geçiriji simleriniň täzelenilmeýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý howa şertlerine laýyklykda, infrastruktura ulgamlarynyň tiz-tizden hatardan çykmagyna getirýär.

Azatlygyň habarçylary bilen obalarda gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar geçen 2022-nji ýylyň gyş paslyny ýatlaýarlar we sowuk howada elektrik geçiriji ulgamlaryň hatardan çykandygyny, öz obalarynyň bäş günden gowrak elektriksiz galandygyny aýdýarlar.

“Sähel şemal bolsa, çala ýagyn ýagsa üpjünçilik kesilýär. Geçen ýyl sowuk gelende tok simleri çekilip [üzülip], tutuş obamyz bäş günläp toksuz galdy. Hojalyklarda tok peçlerini hem ýakyp bolmady. Geçen ýylyň sowuk günlerinde gaz hem kesildi. Köp hojalyk birek-birekden odun karz aldy” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.

Degişli maglumat Türkmen maldarlary ýene bir sowuk gyşa 'taýýarlyksyz' barýar

Ýerli ýaşaýjylar obalarda energiýa üpjünçiliginiň kesilmeginiň yz ýany, ilat arasynda öýken sowuklamasy, dem alyş ýollarynyň sowuklamagy ýaly dürli keselleriň ýüze çykýandygyny gürrüň berýärler.

“Elektrik energiýasyna, tebigy gaz serişdelerine baý ýurtda ýaşaýarys diýlip gaýtalanylýan wagyzlara ynanmaýarys. Sebäbi, onuň ujundan bize paý ýetmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Türkmenistanyň ençeme sebitlerinde heniz hem sowet ýyllarynda gurnalan infrastruktura ulgamlaryndan peýdalanylýar. Üpjünçilik ulgamlary, hususan-da, adatdan daşary howa şertlerinde ýygy-ýygydan hatardan çykýar.

Hökümet resmileri ýokary derejeli iş maslahatlarynda ýyladyş möwsüminiň dowamynda Aşgabatda we welaýatlarda ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işleýändigini hasabat berýärler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri sowuk howa şertlerinde şäherlerde we oba ýerlerinde ýerli ýaşaýjylaryň ýyladyş bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.