Marynyň iň gatnawly köçeleriniň biriniň wagtlaýyn ýapylmagy, ulag dyknyşyklaryna getirýär

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Ýol gurluşyk işleri dowam edýär.

Mary şäherinde ilat arasynda “Obyezdnoy” atlandyrylýan iri köçäniň bir böleginiň on gün çemesi wagt bäri, gurluşyk işleri sebäpli, ýapyk saklanylmagy şäheriň ýollarynda ulag dyknyşyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji fewralda maglumat berdi.

Şäheriň günorta bölegini kesip geçýän Altyn Asyr köçesi Garaşsyzlyk köçesinden başlap Marynyň Halkara howa menziline golaý sebitlere çenli ýapylypdyr. Ýerli ýaşaýjylar köçäniň ýapylan böleginiň giňeldilýändigini aýdýarlar.

“Ýapyk köçä awtoulag goýberilmeýär. Çagyl we gum dökülip, köçe giňeldilýär. Bu köçäniň giňeldileni gowy, giňeldilmeli. Köprüler hem giňeldilmeli” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne “obýezdnoý” köçeden geçmeli ulaglar, şol sanda ýük ulaglary ýapyk ýoldan sowlup geçmek üçin, şäheriň içindäki kiçi köçeleri saýlap alýarlar. Bu bolsa, şäheriň içinde ulag dyknyşyklarynyň döremegine we ýük ulaglarynyň kiçi köçeleri zaýalamagyna getirýär.

Hususan-da, Baýramaly aýlawyna çykýan köçelerde uzyn dyknyşyklar emele gelýär.

“Oguzhan, Daşoguz, Kemine we Dostluk köçelerinden çykyp Baýramaly şa ýoluna barýan awtoulaglar Baýramalynyň aýlawyna çenli aralykda dyknyşyklary emele getirýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Täze awtoban Baýramaly – Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär

Ýerli ýaşaýjylar ýük ulaglarynyň ýapyk köçeden sowlup geçmeklerine günüň diňe belli-belli wagtlarynda rugsat berilmegini teklip edýärler.

“Bu ulaglar iş ýa-da okuw wagty tamamlanandan soňra şäheriň köçelerine goýberilse gowy bolardy” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýollarda emele gelýän dyknyşyklar şäheriçi hereketi ysmaz edýär. Ýollarda hatar-hatar awtoulag nobatlary emele gelýär.

Şäheriň içindäki kiçi ýollar soňky on gün bäri yzygiderli gatnaýan ýük ulaglarynyň agramyna döz gelip bilmeýär.

Mary şäheri Türkmenabat – Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Ýurduň Özbegistan bilen serhetleşýän Farap gümrük geçelgesinden Eýran bilen aradaky gümrük geçelgelerine, ýa-da ol ýerden Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň üsti bilen Gazagystan gümrük geçelgelerine çykýan halkara ýük ulaglary Mary şäheriniň üstünden geçýär. Şäheriň eteginden kesip geçýän iri köçäniň ýapylmagy ýük ulaglaryny şäheriň içindäki kiçi köçelere gönükdirýär.

Kiçi köçeleriň ugrunda ýerleşýän hojalyk jaýlarynyň ýaşaýjylary öýüň deňinden her sapar agyr ýük ulaglary geçende ýaşaýyş jaýlarynyň sarsylyp, sandyraýandygyny aýdýarlar.

“Jaýlar sandyraýar. Ýük ulaglarynyň yzy üzülmeýär. Ýene bäş gün köçeden agyr ýük ulag gatnasa, köçäniň asfaltyndan nam-nyşan galmaz. Ýük ulaglary köçeleri gaty zaýalaýar” diýip, Baýramhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän bir hojalyk jaýynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Ýanwar aýynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň gurluşygyna hem badalga berildi. Ýöne kartalardan mälim bolşuna görä, Aşgabat – Türkmenabat awtobany Mary şäheriniň günortasynda ýerleşýän Murgap etrabynyň çäklerinden geçýär. Awtoban Mary şäherinden sowlup geçýär.

Resmi habarlara görä, şu günler Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Degişli maglumat Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini mahabatlandyryp, Türkmenistanyň halkara transport geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýändigini aýdýar. Ýöne bar bolan transport infrastrukturalary ýük ulaglarynyň dowamly gatnawyna döz gelip bilmeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen wekiliýeti 29-20-njy ýanwarda Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” infrastruktura başlangyjynyň Maýadarlar forumyna gatnaşdy. Bu başlangyç dünýäde durnukly ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagy maksat edinýär.

“Ýol ýakalarynda ýaňy-ýakynda gurlan binalarda ýük ulaglarynyň sarsgyny zerarly jaýryklar emele gelip başlady. Gara ýollaryň topragy süýşüp başlady. Obýezdnoý köçede gurluşyk işleri tamamlanandan soňra, zyýan çeken asfalt ýollarda hem abatlaýyş işlerini geçirmeseler bolmaz” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýol gurluşyk işgärleriniň sözlerine görä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen aý Mary welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda ýollaryň hiliniň ýaramaz bolandygyny aýdypdyr, “şonuň üçin iri köçäni giňeldýäris” diýip, bir gurluşykçy aýdýar.

Aşgabat – Türkmenabat we Aşgabat – Türkmenbaşy awtoban taslamalaryna sebitdäki iri ulag-üstaşyr taslamalary hökmünde garalýar. Ýöne bu taslamalaryň gurluşygy bellenen möhletden yza galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.