Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar

Uly ýollaryň gyrasyndaky seýilgählerde arassaçylyk işlerini geçirýän býujet işgärleri (Arhiw suraty)

Mary şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu işlere edara-kärhanalaryň işgärleri mejbury gatnaşdyrylyp, näresmi pul goşandygyny goşmaga hem borçly edilýär.

Häkimiýetler bu çäreleriň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermeýärler. Ýöne maryly býujet işgärleriniň ençemesi bularyň Berdimuhamedowlaryň biriniň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Ähli ýerde ýowar geçirilýär. Şeýle-de, şäheriň protokol köçeleriniň ählisinde boýag işleri geçirilýär. Binalaryň diwarlary, köçeleriň ýol belgileri, çyzyklary reňklenýär” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Prezidentiň Mara sapary döwründe ak reňkde bolmadyk ulaglar ‘tussag edildi’, hereket çäklendirildi

Protokol köçelerinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň boýaglaryny täzelemek üçin bolsa, işgärlerden pul ýygnalýar. Puluň möçberi işgärleriň sanyna görä üýtgäp, 30-40 manat aralygynda bolýar.

Şäheriň uly ýollarynda, şeýle-de köpçülikleýin çäreleriň geçiriljekdigi aýdylýan ýerlerde hem ýowar geçirilýär.

“Bu ýerlerdäki ýowarlara hem, býujet işgärleri gatnaşdyrylýar. Her edaradan günde 15 adam ugradylýar. Ýowara gatnaşasy gelmeýän işgärler öz deregine hakyna adam tutup, olara gündelik 30 manat bermeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Mundan başga-da, býujet işgärleriniň arasyndan welaýatyň çäginde geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşjak işgärler saýlanyp alynýar. Saýlap-seçmek çäresi häkimligiň işgärleri tarapyndan amal edilýär.

“Bu işgärleriň boýlaryna, sypatyna, syratyna, ýaşyna seredip, häkimlik işgärleri tarapyndan “görmegeý, owadan” hasaplanýanlar saýlanyp alynýar. Saýlanyp alnan işgärleriň geýmeli egin-eşikleri hem aýdyldy. Bular üçin hem işgärleriň her birinden 20 manatdan pul ýygnalýar” diýip, býujet işgäri belledi.

Bu çäreleriň sebäpleri barada ýerli resmiler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär. Ýöne býujet işgärleriniň ençemesi edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna salgylanyp, bularyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Edara ýolbaşçylary saparyň haçan amala aşjakdygy barada hiç zat aýtmaýarlar” diýip, býujet işgäri belledi.

Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden habar bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Bulardan başga-da, şäheriň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri welaýatda giňden ýaýraýan ösümlik bitine meňzeş mör-möjekleri ýok etmek ugrunda hem işjeň iş alyp barýarlar.

Degişli maglumat Maryda mör-möjeklere garşy ot ýakyp göreşýän ilatyň gaz üpjünçiliginiň güýji peseldi

“Işgärler mör-möjekleri azaltmak üçin köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky diwarlaryna, şäher içindäki baglara derman sepýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Müdirligiň bir işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, Berdimuhamedowlaryň sapary döwründe welaýatda bu mör-möjekleriň düýbünden bolmaly däldigi barada gulluga görkezme berildi.

“Ýöne dermanlaryň peýdasy ýok. Sebäbi mör-möjekler azalmaýar” diýip, müdirligiň işgäri belledi.

Maryda bir aýa golaý wagt bäri ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar.

Häzirki wagtda edara-kärhanalary dermanlamak işleri hem, býujet işgärleriniň gerdenine ýüklenýär. Habarçymyz bu işler üçin, edaranyň ululygyna görä, 1000-2000 manat çykdajy edilýändigini we bu çykdajylar üçin-de, býujet işgärlerinden pul ýygnalýandygyny aýdýar.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.