Marylylar güýçli ýagynyň ýetiren zyýanyna garşy özbaşdak göreşmeli bolýar

Mary welaýatynda ýagan güýçli ýagyş Tagtabazar etrabynda demir ýoluň onlarça metre ýetýän böleginiň opurylamagyna getirdi.

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde üç günläp dowam eden güýçli ýagynly howa ilata, şäher we oba infrastrukturasyna ýiti zyýan ýetirdi. Mary welaýatynyň Tagtabazar şäheriniň golaýynda demir ýoluň onlarça metre ýetýän bölegi opuryldy.

Ilat ýagynly howanyň getiren netijelerine garşy özbaşdak göreşmeli bolýan mahaly, häkimiýetler ýaşaýjylary köçäniň çöken böleklerini öz maddy serişdeleriniň hasabyna dikeltmäge borçly etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ynamdar çeşmeleri 14-nji maýda sebitden maglumat berdiler.

“Tagtabazar şäherinde güýçli ýagyşdan soň, köçelerden gaýykly ýüzüp geçmeli ýagdaýa geldi. Pesräkde gurlan jaýlaryň içi, bosagadan ýokarsy bilen, suwdan dolup, öý goşlary suwuň ýüzünde gaýyp duran hojalyklar bar. Köçeleriň pes ýerlerinde häzire çenli suw üýşmegi saklanyp galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Mary welaýatynda iki günläp ýagan ýagyş ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi, ekin meýdanlary zyýan çekdi

Habarçylarymyzyň iberen suratlarynda welaýatyň dürli sebitlerinde köçeleri, ilatyň jaýlarynyň içini we howlularyny suw basandygyny, obalaryň we etraplaryň arasyndaky ýollarda uly göwrümli suw üýşmekleriniň we batgalyklaryň emele gelendigini görse bolýar. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu suratlary çap etmekden saklanýar.

“Tagtabazaryň deňinden geçýän demir ýoluny ýagyş suwunyň ýuwmagy netijesinde, onuň opurylan, çöken bölekleri 50 metre çenli ýetdi. Ýöne hökümet demir ýoluň opurylan bölegini dessine täzeden dikeltdi” diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçymyzyň iberen suratynda demir ýoluň onlarça metre ýetýän böleginiň opurylyp, suwuň aşagynda galandygyny görse bolýar.

Ýerli häkimiýetler demir ýola ýeten zyýany dessine dikelden bolsa-da, sebit ýaşaýjylaryna tebigy hadysanyň ýetiren zyýanyny dikeltmäge, tehniki we maddy ýardam bermäge howlukmaýar.

8-10-njy maý aralygynda dowam eden ýagynly günlerde hojalyk jaýlaryndan çykyp, welaýatyň beýleki sebitlerindäki garyndaşlarynda birnäçe gün myhmançylykda bolan hojalyklar indi öýlerine dolanyp başladylar.

“Bu hojalyklar öl bolan halylaryny, ýorgan-düşeklerini, gap-gaçlaryny daşary çykaryp, arassaçylyk işlerini geçirýärler. Bu öýleriň içi zeý, çig bolup, olaryň içi doly guramasa, çagalar bilen ýaşar ýaly däl. Öýleriň fundamenti ýitip giden” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.

Käbir hojalyk jaýlarynyň içi ýagyn suwlaryndan heniz hem arassalanmady. Hojalyklar bu suwlary öz maddy serişdeleriniň hasabyna aýyrtmaly bolýarlar.

Degişli maglumat Ýagmyr, buzly ýagyş awtoulaglara zyýan ýetirdi, köçelerde suw üýşürdi

“Her maşgala 100-150 manat pul bermeli. Nobatsyz öýüniň suwuny sorduryp aýyrtmak isleýänler 200 manat pul bermeli. Käbir hojalyklarda bu puluň ýokdugy sebäpli, olar öz elleri bilen bedreläp suwlary çykarýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Marynyň we Tagtabazaryň köp gatly jaýlarynyň üçeklerinden hem suw geçip, iň ýokarky gatlarda ýerleşýän öýleri ýagyn suwlary basdy. Ýaşaýjylar 200-300 manat berip, üçeklerini bejertmeli bolýarlar.

“Döwlet tarapyndan hiç hili kömek ýok. Ýollaryň opurylan ýerlerini abatlamak boýunça-da, hökümet tarapyndan hiç hili iş alnyp barylmaýar. Diňe Jemagat hojalygy gullugynyň işgärleri öýlere aýlanyp, gurluşyk materiallaryny alyp berseňiz we ussa hakyny berseňiz, üçekleriňizi bejerip bereli diýýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Ilat ýagynly howanyň getiren netijelerine garşy özbaşdak göreşmeli bolýan mahaly, häkimiýetler ýaşaýjylary köçäniň çöken böleklerini öz maddy serişdeleriniň hasabyna dikeltmäge borçly edýär.

Degişli maglumat Ýagyşdan soň gapaklan gowaça meýdanlarynyň hatarara bejergisine kultiwatorlar ýetmezçilik edýär

“Tagtabazardaky hojalyk jaýlaryň eýeleri öz gabadyndaky köçäniň çöken, ýumrulan böleklerini bejertmäge mejbur bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Mundan başga-da, ýerli howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri raýatlara güýçli ýagşyň ýetiren zyýanyny surata we wideo düşürmezlik, bu baradaky maglumatlary ýaýratmazlyk barada berk duýduryş berip, basyş edýär.

“Olar jaýlara we köçelere ýeten zyýan baradaky maglumatlary ýurduň daşyna ýaýradýan raýatlaryň berk jezalandyryljakdygyny aýdyp, ilaty gorkuzýarlar we başga-da dürli haýbatlary atýarlar” diýip, tagtabazarly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Marynyň we Tagtabazaryň şäher häkimliklerinden teswir alyp bilmedi.

8-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýagynly howa boldy. Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Maryň Baýramaly etrabynda maý aýynda ýagan ýagyşlaryň göwrüminiň ygalyň alty aýlyk kadasyna deňeçer bolandygyny aýtdy.

Habarçylarymyz 13-nji maýda beren maglumatlarynda güýçli ýagyş zerarly Marynyň käbir sebitlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykandygyny we ekerançylyk meýdanlaryna uly zyýan ýetendigini habar berdiler. 10-njy maýda bolsa, Aşgabatdaky habarçylarymyz buzly ýagşyň awtoulaglara zyýan ýetirendigini aýtdylar.

Türkmenistanyň hökümet resmileri we döwlet mediasy ýurtda ýagan güýçli ýagyş we onuň günorta-gündogar sebitleriň ilatyna ýetiren oňaýsyz täsirleri barada maglumat bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.