“Biziň öz halkymyz ykdysady kynçylyklardan, şol sanda dizel we benzin gytçylygyndan ejir çekýän mahaly, Owganystana muzdsuz iberilen ynsanperwer kömegine düşünmän galdyk” diýip, ýaňy-ýakynda türkmen-owgan serhedinde bolup geçen açylyş çärelerine mejbury çekilen maryly ýaşaýjylaryň birnäçesi aýdýar.
“Kyýamat güni goňşudan diýipdirler, biz goňşy ýurtlara kömek edilmesin diýemizok, emma biziň hem çagalarymyz aç, witaminsiz ösüp ýetişýärler” diýip, olar sözüniň üstüni ýetirýärler.
Bu ýerde gürrüň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýaňy-ýakynda owgan halkyna iberilen ynsanperwer ýardamlar barada barýar.
Türkmenistan 11-nji sentýabrda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna çaga iýmiti, azyk önümleri, bugdaý, dizel ýangyjy, benzin we sement ýaly azyk, ýangyç we senagat harytlaryndan ybarat ynsanperwer ýardamlaryny Owganystana iberdi.
Döwlet metbugatyna görä, bu hoşniýetli çäre Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle-de iki ýurduň arasynda badalga berlen elektrik, ulag we aragatnaşyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli amala aşyryldy.
Degişli maglumat Dilegçilik edip, okuw esbaplaryny almaga çalyşýan çagalar has köp göze görnüp başladyÝatlasak, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň gatnaşmagynda birnäçe infrastruktura desgasynyň düýbi tutuldy.
Owganystan bilen serhet ýaka sebitde, Tagtabazar etrabynda ýerleşýän bir serhet gözegçilik nokadynyň golaýynda geçirilen açylyş we düýbüni tutmak dabaralaryna ençeme maryly ýaşaýjy mejbury çekildi.
“Biz Serhetabatda birnäçe gün çärede bolup, gaty horlandyk. Biz köplenç köçelerde we açyk meýdanyň astynda bolduk. Mejbury çäreleri gurnaýjylar suw paýlaýardylar, ol hem dessine gutarýardy. Bizi şeýdip, kösäp, çärelere äkitmek hökmanmy, hiç bolmanda, çörek hem bermediler! Biz öz ýanymyz bilen elten çöreklerimizi iýdik, arkaýyn ukymyzy hem alyp bilmedik. Her gün repetisiýa gatnaşmaly bolduk” diýip, çärelere mejbury çekilen maryly býujet işgärleri aýdýar.
Döwlet telewideniýesiniň efire beren wideo reportažyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan serhedinde açylyş dabaralarynyň geçirilen ýerine dikuçarda bardy. Sähel salym soňra, ol ýere owgan ýolbaşçysy hem dikuçarda bardy.
Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmedik owgan hökümetiniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji we iki ýyl ozal prezident wezipesini ogluna geçiren türkmen lideri mähirli salamlaşyp, döwlet metbugatyna görä, iki ýurduň halklaryna-da bähbit getirjek iri taslamalara badalga berdiler.
“Bizde bir halta sementiň bahasy 40 manatdan 59 manada gymmatlady, prezidentiň owgan halkyna muzdsuz iberen sementiniň öwezini halk dolmalymy!?” diýip, maryly ýaşaýjylar goňşy ýurda ýardam hökmünde iberilen senagat harytlaryna salgylanýarlar.
Degişli maglumat Maryda sowuk howada mekdebe ýuka geýimli we şypbykly gatnaýan çagalar köpelýär“Biziň hojalyk jaýlarymyzy sary garynja iýip gutaryp barýar. Biz sement satyn almaga pul bolmansoň, garynjadan zyýan çeken diwarlarymyzy palçyk bilen suwap, oňňut etmeli bolýarys” diýip, olar sözüniň üstüni ýetirýärler.
Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal günorta-gündogar sebitde ýerli ýaşaýjylaryň sary garynja howpy zerarly, ýüzbe-ýüz galan agyr ýagdaýlary barada habar beripdiler.
Ýöne diňe bir sary garynja howpy bilen bagly özleriniň çekýän jebir-jepalary, sement gymmatçylygy, jaý aladalary däl, eýsem, azyk ýetmezçiligi sebäpli, bala-çagalarynyň duçar bolan hor-homsy durmuş şertleri hem maryly ýaşaýjylarda nägilelik döredýär.
Üstesine, ýaramaz durmuş şertleriniň arasynda, öz ýaşaýan sebitleriniň üstünden geçirilip, goňşy halka gowşurylýan ýardamlar, bu sebitde ýerleşýän ýangyç beketlerinde gytçylyk sebäpli, yzly-yzyna awtoulag nobatlary emele gelýän mahaly, goňşy ýurduň halkyna iberilen ýangyç serişdeleri Mary welaýatynyň ençeme ýaşaýjysyny çuň oýa batyrýar.
Bulardan başga-da, döwlet telewideniýesi gije-gündiz Türkmenistanda durmuşyň nähili bagtyýardygy, adamlaryň asuda asmanyň astynda, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygy barasyndaky wideo reportažlary efire berýär. Döwlet telewideniýesinden çen tutulsa, türkmen hökümeti diňe bir öz halkynyň däl, eýsem, goňşy owgan halkynyň hem agyr günde dadyna ýetişýär.
Ýöne maryly ýaşaýjylar bir tarapdan, doýa-gana doýup bilmän ösüp ýetişýän çagalaryna, sary garynjadan ejir çekýän hojalyk jaýlarynyň diwarlaryna, ýangyç beketleriniň öňünde emele gelýän awtoulag nobatlaryna, beýleki tarapdan üstüne ynsanperwer ýardamlar ýüklenip, Owganystana tarap geçip barýan ýük ulag kerwenine, galyberse-de, döwlet mediasynda gije-gündiz ýaňlanýan bagtyýarlyk aýdymlaryna seredip oýlanmaly bolýarlar.
“Mugtuna bolmasa-da, hiç bolmanda, arzan bahadan öz halkynyň çagalaryny-da azyk önümleri bilen ýeňillikli üpjün etseler minnetdar bolardyk, biz nobata garaşyp, ýangyç satyn alýarys, ýangyç serişdelerini hem ilata elýeterli etseler örän hoşal bolardyk. Halkyň baýlygyny goňşy-golama paýlanlarynda halka-da sala salsalar ýerlikli bolardy” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar.
“Kyýamat güni goňşudan diýipdirler, biz goňşy ýurtlara kömek edilmesin diýemizok, emma [biz hem ýardama mätäç]” diýip, üpjünçiligi pes ýerli hojalyklar gaýtalap aýdýar.
Degişli maglumat Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar“Çagalaryň iýmiti uly adamlaryň iýmitinden gymmat, biziň pulumyz bolman çagalarymyzyň aç ýatýan wagtlary hem bolýar” diýip, beýleki bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
11-nji sentýabrda, "Talyban" bilen ilteşikli terror toparlarynyň Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäherindäki köpgatly ekizler binasyna terror hüjümlerini amala aşyryp, müňlerçe adam pidalaryna getiren ýykgynçylygyň ýyl dönüminde türkmen-owgan serhedinde “Talyban” bilen arada badalga berlen iri taslamalar, türkmen metbugatyna görä, sebit ýurtlarynyň ykdysady durnuklylygyna goşant goşar.
Bu hüjümleriň yz ýany, Birleşen Ştatlar we halkara güýçler 2001-nji ýylda Owganystana goşun girizdi we terror toparlaryna hemaýat bermekde aýyplanan “Talyban” hökümetini häkimiýetden agdardy. Ýöne ýigrimi ýyldan gowrak wagt soňra, “Talyban” ikinji gezek Kabulda häkimiýeti ele geçirdi. Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler Owganystandan çekildi.
Türkmenistanyň hökümeti Owganystanda durnukly parahatçylygy we abadançylygy esaslandyrmak ugrunda tagallalary ileri sürýändigini aýdýar. Resmiler bu ýurdy hem öz içine alýan iri trans milli taslamalaryň halklaryň abadançylygyna goşant goşjakdygyny aýdýarlar.
Mary welaýatynda ýaşaýan üpjünçiligi pes hojalyklaryň agzalary Howandarlyga mätäç çagalara bagyşlanan haýyr-sahawat gaznasyndan özlerine hiç hili haýryň gelmeýändigini aýdýarlar.
Bu aralykda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň arasynda raýat başlangyçlary bilen toplanyp, özge halklara iberilýän ynsanperwer ýardamlar barasyndaky sosial media maglumatlary hem ýerli ýaşaýjylaryň arasynda giň goldaw we gyzyklanma tapýar.
Hususan-da, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe maryly ýaşaýjy ýaňy-ýakynda özleriniň Talyp Abbasow atly bir haýyrsöýer sosial media ulanyjysynyň haýyr-sahawat başlangyçlary barada eden çykyşlaryny diňläp, bu haýyr-sahawat işlerini Gurbanguly Berdimuhamedowyň haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen deňeşdirdiler.
Degişli maglumat 2023: Ilatyň iş, durmuş goraglylygy ýene bir ýyl gowulaşmadyÝatlasak, Azatlyk Radiosy ýaňy-ýakynda Türkmenistanda häkimiýet başyndaky maşgalanyň ýakyn töweregi bilen oňuşman, Birleşen Ştatlara çykyp, ilki käbir durmuş kynçylyklaryna sezewar bolan, soňra bolsa, öz-özüni üpjün edip, halkara haýyr-sahawat işleriniň guramaçylygyna işjeň gatnaşyp başlan Talyp Abbasowyň tejribeleri barada wideo maglumat çap etdi.
Şu we şuňa meňzeş wideolar ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän maryly ýaşaýjylaryň arasynda içgin gyzyklanma döredýär.
“Köp sanly ulanyjy Talyp Abbasowyň Tik-Tok sahypasyny yzarlaýar. Adamlar onuň daşary ýurtlarda hakykatdan-da kösenýän türkmen raýatlaryna maddy ýardamlary guramalaşdyrýandygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda uly adamlar hem bu haýyrsöýer adam barada gürrüň edip başladylar. Ýöne köp adam režime wepadar MHM gulluklarynyň yzarlamalary sebäpli, Abbasowyň Tik-Tok hasabyny arkaýyn yzarlap bilmeýär” diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar Berdimuhamedowlaryň alyp barýan haýyr-sahawat işleri bilen Talyp Abbasowyň işjeňligini deňeşdirip şeýle diýýär:
“Berdimuhamedowlaryň haýyr-sahawatlaryna ynananyňdan, Talyp Abbasowyň haýyr-sahawatlaryna has ynamly garap bolýar. Adamlar halkyň hal-ýagdaýyna seretjek täze ýolbaşçy arzuw edýärler”
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.