Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde 20-nji noýabrda turan güýçli ýeliň yz ýany, Türkmengala etrabynyň Zähmet geňeşliginde bir gije-gündizläp elektrik üpjünçiligi kesildi.
Sebitde turan güýçli şemal 21-nji noýabr güni gijöýläne çenli dowam etdi. Zähmet geňeşliginiň ýaşaýjylary bir gije-gündizläp toksuz, garaňkyda galdy.
“Ýel başlanan badyna, Zähmet geňeşliginde tok kesildi. Şemal 21-nji noýabr güni öýlän sagat 17:00 töwereklerinde köşeşdi, şondan bir ýarym sagat töweregi soň, takmynan 18:30-da elektrik üpjünçiligi gaýtadan dikeldildi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Zähmet geňeşligi Türkmengalanyň etrap merkezinden 40 kilometr töweregi demirgazyk-gündogarda, Garagum kanalynyň boýunda ýerleşýär.
Ýurduň sebitleri, hususan-da çetki obalar könelişen elektroenergetika infrastrukturalaryndan, köne transformatorlardan we tok geçirijilerden peýdalanýar. Adatdan daşary howa hadysalary köplenç üpjünçilik desgalaryny hatardan çykarýar.
Degişli maglumat Maryda we Lebapda ýene tozan turdy“Bir gije-gündiziň dowamynda toksuz galdyk. Simleriň üzülip, elektrik geçirijileriň gaýtadan bejerilmegi, üpjünçiligiň gaýtadan ýola goýulmagy köp wagt alýar” diýip, beýleki bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň elektroenergetika kuwwatyny mahabatlandyrýar, işe girizilýän täze infrastruktura desgalary barada yzygiderli habar berýär, ýöne şemal turanda hatardan çykýan köne desgalar, çet sebitlerde köp wagtdan bäri täzelenilmegine garaşylýan transformatorlar barada habar bermeýär.
Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde soňky birnäçe gün bäri güýçli ýel öwüsmegi we çägeli harasatlaryň turmagy ýaly adatdan daşary howa hadysalary hasaba alynýar.
Yzygiderli turýan tot-tozan ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýär. Oba ýerlerindäki ekerançylyk meýdanlarynda işler togtaýar, mallaryň öri meýdanlaryna äkidilip bakylmagyna arakesme berilýär, ene-atalar çagalaryny mekdeplerden ýa-da çagalar baglaryndan alyp galýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde bolup geçen tozanly howada Baýramaly etrabynyň käbir mekdeplerinde okuwçylara okuwdan galmaga rugsat berlendigini habar berýärler.
Günorta we gündogar sebitlerde yzly-yzyna hasaba alynýan tozanly howa hadysalary, çägeli harasatlar saglyk ýagdaýy pes adamlaryň jan saglygyna oňaýsyz täsir edýär.
Lebaply birnäçe ýaşaýjy iki gün ozal Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sebitde gaýtalanýan çägeli harasatlaryň fonunda häkimiýetleri her niçik hem bolsa çäre görmäge, howadaky tozan bölejiklerini ölçäp, zerur bolsa sebitlerde adatdan daşary ýagdaý girizmäge çagyrdylar.
Türkmenistanyň hökümeti ýurduň çäginde bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary, tebigy betbagtçylyklar barada habar bermeýär.
Degişli maglumat Balkanabatda turan güýçli ýel uly zaýaçylyk etdiÝurduň günorta we gündogar sebitleriniň ýaşaýjylary, hususan-da, üç ýyl gowrak ozal sebitde bolup geçen harasatlaryň, adam ýitgilerine we weýrançylyga getiren tebigy betbagtçylyklaryň yz ýany adatdan daşary howa hadysalaryna seresaply çemeleşýärler.
“Tozanly şemal adamlary işden goýdy, daýhanlar ekerançylyk meýdanlaryna çykmady, mallar bakylmady, çagalar mekdeplere, çagalar baglaryna gidip bilmediler” diýip, sebitde turan tot-tozanyň yz ýany, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Howa maglumatlaryny çap edýän Meteojurnal.ru neşirine görä, diňe oktýabr aýynda Türkmenistanda bäş sany çägeli harasat hasaba alyndy.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly global aladalaryň arasynda dünýäde klimat krizisine garşy herekete geçilmegi boýunça çagyryşlar barha köp gaýtalanýar.
Türkmenistan ýangyç-energetika desgalaryndan syzyp çykýan metan zyňyndylary bilen howany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýar.
Muňa garamazdan, türkmen hökümeti daşky gurşawy gorap saklamak tagallalaryny özüniň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda agzaýar.
Ýurduň çägindäki energetika desgalarynyň önümçilik kuwwaty artdyrylyp, ýangyç eksportlarynyň girdejileri ýokarlanýan mahaly, sebitlerde we çetki obalarda ýerli ilat sandan çykan üpjünçilik desgalary bilen oňuşmaly bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.