Suw üpjünçiliginiň ýitileşmegi bilen, Marynyň häkimiýetleri çüwdürimleriň aglabasyny öçürdi

Suwsuz suw çüwdürimi. Arhiw suraty

Tomsuň yssy günlerinde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ilatyň suw we elektrik üpjünçiligindäki problemalary dowam edýän mahaly, Marynyň häkimiýetleri sebitdäki suw çüwdürimleriniň aglabasynyň işini togtatdy. Mary şäher häkimliginiň birnäçe işgäri bu çäräni “häkimiýetleriň suw we elektrik tygşytlamak tagallalary bilen” düşündirýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, şu günler sebitdäki suw çüwdürimleriniň aglabasy işledilmeýär. Diňe käbir çüwdürimler günüň dowamynda bir ýa-da iki sagat işledilýär.

Degişli maglumat Aşgabatda suw üpjünçiligi meselesi agyrlaşdy

“Ýaşaýjylar suw çüwdürimleriniň golaýynda agşamara az wagt dynç alýan ýerlerinden hem mahrum edilýär. Sebäbi fontanlar suwsuz, gurak boşap dur. Agşamara-da daşary çykyp, arassa howada salkynlar ýaly däl. Sebäbi daş-töwerekdäki baglaryň hem köpüsi çapylansoň, üstesine-de fontanlar hem işlemänsoň, hemme ýer gurak gum-tozan basyp dur. Bu ýagdaý esasanam çagaly aýallary we garrylary has-da gynandyrýar” diýip, şäher ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Gurak klimatly, yssy howaly Türkmenistanda adamlar, şol sanda çagaly eneler we garrylar adatça tomsuň jokrama yssy günlerinde gün ýaşyp gelýärkä, şäheriň suw çüwdürimli ýerlerine barýarlar. Sebäbi bu ýerlerde howa salkyn bolýar.

Ýerli häkimiýetler suw çüwdürimleriniň işledilmezliginiň sebäbi barada düşündiriş bermeýärler. Ýöne şäher häkimliginiň birnäçe işgäri bu çäräni “häkimiýetleriň suw we elektrik tygşytlamak tagallalary bilen” düşündirýär.

“Bu häkimiýetleri, suw we elektrikden başga-da, işgär tygşytlamaga hem eltýär. Sebäbi fontanlara ideg etmek zerurlygy hem azalýar” diýip, häkimligiň işgäri aýtdy.

Azatlygyň bu barada welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariý almak synanyşyklary başa barmady. Suw çüwdürimleriniň haçan doly güýjünde işlediljekdigini anyklamak hem häzirlikçe başartmady.

Degişli maglumat Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär

Ýöne bu waka, Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň suw we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan döwrüne gabat gelýär.

Bu problemalaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde müňlerçe çüwdürim gurdular we olary gurmagy dowam etdirýärler.

Aşgabat jemgyýetçilik ýerindäki suw çüwdürimleriniň sany boýunça Ginnes rekordlar kitabyna girdi. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda tassyklanan maglumata görä, jemgyýetçilik ýerindäki suw çüwdürimleriniň iň köp mukdary 27-ä deň bolup, ol Aşgabatda hasaba alyndy. Çüwdürimleriň tutýan meýdany 14,8231 gektara barabardyr.

Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende suwy iň köp sarp edýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasynyň 2021-nji ýylyň sentýabrynda çap eden hasabatynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigi mälim edildi.

Degişli maglumat Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçydygyny aýdýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.