Maryda ownuk mal gymmatlady

Mal ýatagy. Türkmenistan

Mary welaýatynda ownuk mallaryň, goýunlaryň we guzylaryň ýerli bazarlardaky bahalary birden ýokarlandy. Bir hepdede 20% gymmatlan mal bahasy ýene ösýär. Bu barada Azatlygyň Marydaky habarçysy maglumat berýär.

"Baýramaly etrabynyň mal bazarynda bazar güni aýlanyp syn edenimde geçen ýekşenbeden bäri bahalaryň üýtgäp, ýokarlanandygyny gördüm. Öň goýunlar 1000 manat bahalanan bolsa häzir 1200 manat" diýip, habarçymyz 10-njy awgustda habar berdi.

Bir müň manat resmi kursdan 285 amerikan dollaryna, gara bazaryň kursy boýunça 50 dollara barabar.

Habarçymyz malyň 20% gymmatlamagynyň alyjylara duýarlykly maddy agram salandygyny belleýär.

Degişli maglumat Balkan: Howa gyzýar, mallar gyrylýar

Marynyň et dükanlarynda etiň bahasy hem gymmatlady.

"Geçen bazar güni 1 kilogram goýun eti 42 manatdan satylan bolsa, häzir 46 manatdan aşak et tapyp bolmaýar" diýip habarçymyz aýdýar.

Goýun satýanlar nyrhlaryň göterilmegini mallaryň sanynyň azdygy bilen düşündirýärler.

"Häzir öňküler ýaly mal bol däl, gaty köp gyryldy. Ilki otsyzlyk, suwsuzlyk we kesel mallary gyrdy, şu tomus goýunlaryň ýaňy guzlan guzyjyklarynyň arasynda yssy howa çydaman gyrylanlary hem gaty köp boldy. Mal gaty az, şol sebäpden gymmat satyp, mallara edilýän çykdajylary ýapmaly hem hojalygymyza pul aýyrmaly" diýip, Tagtabazar etrabynyň mal bazarynda goýun satýan söwdagär düşündirdi.

Şu tomus adatdakysyndan hem yssy boldy. Ondan öň geçen gyşyň dowamynda saklanan adatdan daşary sowuk hem mallaryň aç galmagyna we sowukdan gyrylmagyna getiripdi. Şeýle ýagdaý eýýäm birnäçe ýyl bäri yzly yzyna gaýtalanyp gelýär. Maldarçylar köp goşlarda mal sanynyň köpelmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly ýaşaýjylar mal saklamagyň gitdigiçe gymmada düşýändigini, malyň bahasynyň edilýän çykdajylary ödemeýändigini gürrüň berdiler.

"Men mallarymy çölden alyp gaýdyp baryny satmakçy. Sebäbi men her bir malymy çölde meýdanda bakdyranyma her aýda 25 manat töläp durmaly. Mysal üçin 50 sany malym bolsa, onuň içinde enesini emýän guzylar hem girýär. Men 1250 manat puly her aýda çopanlara goş eýesine bermeli, ondan daşary dermanlar, gyrkym üçin pul harçlamaly. Bu bize bähbit goýmaýar. Häzir mallarym guzlamana başlapdyr men olary tizden-tiz alyp gaýtmasam ol täze guzlan owlaklara hem 25 manatdan her aýda tölemeli bolaryn" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mal eýeleri çöle ibermän öz hojalyklarynda mal saklamagyň hem hiç hili manysynyň galmandygyny, öt iýmiň gymmatdygyny aýdýarlar. Käbir mal eýeleri goýunlaryny çöle bakmaga ugratmagyň hem töwekgelçiliklidigini belläp, hilegärlikleriň bolýandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Meýdandaky we işikdäki mallar aç. TDH mallaryň 'dok gyşladylýandygyny' aýdýar

"Niýeti ýaman çopanlar goýunlarymyzyň deregine hor, goturlan goýun getirip berýärler. Olar goýunlarymyzdaky tagma meňzeş tagmany başga mallara basýarlar, biziň sagdyn malymyzy bolsa satýarlar" diýip, maryly etrap ýaşaýjysy bakdyrmak üçin çöle goýun iberip, başyndan geçiren ýagdaýy barada gürrüň berdi.

Türkmen resmileri we döwlet mediasy maldarçylyk pudagyndaky problemalary açyk gozgamaýarlar. Türkmen maldarçylary bolsa, ýyllarboýy dürli kynçylyklardan kösenýärler.

Ýaňy-ýakynda ýurduň käbir böleklerinde mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykypdy. Awgustyň ortalarynda Azatlygyň habarçylary Balkanyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallaryň köpçülikleýin haram ölýändigini habar beripdi.

Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäheriniň çetki obalarynda ilki ýüze çykan ýagdaý soň Tüwer, Çagla, Bekdaş suw, Göksuw, Tüýe we serhetýaka birnäçe kiçi oba geçdi. Ýerli resmiler muňa nämäniň sebäp bolýandygyny aç-açan düşündirmediler, emma şol obalary karantine alyp, mallara waksina bermek işlerini geçirdiler.

Soňky ýyllarda üýtgän howa şertleri maldarçylaryň aladalaryny artdyrdy.

Global derejede howanyň üýtgemeginiň netijesinde Merkezi Aziýa regionynda gyşlar adatdakysyndan has sowuk, tomus aýlary bolsa aşa yssy bolýar.

Degişli maglumat Balkanyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallar köpçülikleýin haram ölýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.