Maryda mör-möjeklere garşy ot ýakyp göreşýän ilatyň gaz üpjünçiliginiň güýji peseldi

Ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda ilatyň ösümlik bitine meňzeş mör-möjeklere garşy ot, gaz ýakyp göreşmeginiň yz ýany, häkimiýetler sebit ýaşaýjylarynyň gaz üpjünçiliginiň güýjüni peseltdi.

Häkimiýetler mör-möjeklere garşy çäre görmeýän mahaly, gaz üpjünçiligindäki bökdençlik ilat arasynda nägileligiň artmagyna getirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

“Gazymyz birden haýallandan soň, gaz edarasyna jaň edip, onuň sebäbini soradyk. Olar munuň sebäbini ilki howanyň gyzandygy bilen düşündirdiler. Biz olara howanyň mundan birnäçe gün we hepde öň hem aşa gyzandygyny aýdanymyzdan soň, işgärler bize şol ak möjekleri öldürmek üçin gaz köp ýakylandan soň, ilata berilýän gazyň güýjüni peseltmek barada buýruk geldi diýdiler” diýip, türkmengalaly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar gaz üpjünçilik edarasynyň işgärlerine mör-möjekleriň jaýlarynyň içini we ähli goş-golamlaryny basyp, gaz ýakmasalar gije uklap bolmaýandygyny düşündirmäge çalşypdyrlar.

Degişli maglumat Marydaky mör-möjekler Tejende hem ýaýraýar

“Gaz işgärleri bizem berlen buýrugy ýerine ýetirýäris diýip, jogap berdiler” diýip, türkmengalaly ýene bir ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu barada Türkmengalanyň gaz üpjünçilik edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Maryda indi iki hepde bäri ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar. Habarçylarymyz köp gatly we hojalyk jaýlarynyň köpüsiniň diwarlarynyň we içiniň bulardan doludygyny aýdýarlar. Mör-möjekler adamlary çakmasa-da, olar uklap ýatan adamlaryň, şol sanda çagalaryň gulagyna girip, biynjalyk edýär.

Ýaşaýjylar bulara garşy özbaşdak göreşmäge synanyşýarlar. Käbir adamlar indi iki hepdä golaý wagt bäri gijelerine elektrik energiýasyny tas ýakman, mör-möjeklere garşy göreşýärler. Käbir ýaşaýjylar gijelerine gazyň çeşmesine ýörite turba birikdirip, şondan gelýän gazy ýa-da aşhanadaky gaz plitalaryny ýakyp, mör-möjekleri öldürmäge synanyşýarlar.

31-nji iýulda Marydaky habarçymyz gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanýandygyny, gaz hasaplaýjy gurallary barlap, olara gazdan turba çekmegi gadagan edýändigini aýdypdy.

Degişli maglumat Maryda ösümlik bitine meňzeş mör-möjekler ýaýraýar

Häkimiýetler bu tebigy ýagdaýy boýun alyp, resmi duýduryş ýaýratmaýar. Adatça bolşy ýaly bu barada resmi media hem dymýar.

Ýöne sebitdäki habarçymyz häkimiýetleriň mör-möjeklere garşy asla çäre görmezliginiň, galyberse-de, gazyň güýjüniň peseldilmeginiň ilat arasynda nägileligiň artmagyna getirýändigini aýdýar.

“Agymtyl reňkdäki mör-möjekler içýän suwlarymyzda, öý goşlarymyzda, iýýän iýmitimizde, gije ýatanymyzda tenimizde – muny häkimiýetler hiç bir çözjek bolmaýar. Döwlet tarapyndan hiç hili göreş, çäre ýok” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ol häkimiýetleriň özlerini, hamala, hiç hili tebigy ýagdaý ýok ýaly alyp baryp, meseläni çözmekden gaçýandygyny hem belleýär.

"Bularyň nireden peýda bolýandygy, näme bilen iýmitlenýändigi, haýsydyr bir ekine, hasyla howp salýandygy ýa salmaýandygy, adamzada nähili zyýanynyň bardygy barada ne döwlet telewideniýesi, ne-de radio bir zat diýýär. Bu ýagdaý, köp adamy gaharlandyrýar" diýip, ýaşaýjy sözüni jemledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Mary welaýat we Türkmengala etrap häkimlikleri, şeýle-de sebitiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.