Maryda işgärlerden pul almagyň täze usuly döredi, býujetçiler işden çykýar

"Döwlet adam üçindir" - edara jaýynyň binasynda ýazylan resmi şygar. Türkmenistan (Arhiw suraty)

Mary welaýatynyň býujet edaralarynda işgärlerden pul ýygnamagyň täze usuly giňden ulanylýar. Işgärleriň aýlygy kagyz ýüzünde artdyrylýar, emma olar goşmaça pul görmeýär, ýolbaşçylar bolsa şeýtmäge özleriniň mejbur bolýandygyny aýdýarlar. Azatlygyň Marydaky habarçysy bu dörän ýagdaýy öwrendi.

Welaýatyň döwlet edara ýolbaşçylary pul gazanmak üçin oýlap tapan täze usulyna baş goşmagynyň sebäplerini düşündirip, häzirki kyn agyr durmuş şertleriniň döwlet edarasynyň ýolbaşçylaryna-da agyrdygyny aýdýarlar.

"Häzir öz işgärlerimiziň belli bir bölegine zähmet hakyny artyk ýazýarys, ýagny 1400 manat aýlyk alýan bolsalar biz olaryň iş sagadyny köpeldip, 1700-1800 manat zähmet hakyny ýazýarys. Kime artyk zähmet haky ýazylan bolsa özlerine 100 manat alyp galyp, galan artyk ýazylan 200-300 manady bize tabşyrmaly edýäris" diýip, ýerli döwlet edaralarynyň biriniň ýolbaşçysy anonimlik şertinde gürüň berdi.

Degişli maglumat Parahorluk kim üçin gowy ýa-da näme üçin görmezlige salynýar?

Onuň sözlerine görä, işgärler muňa razy bolýarlar, sebäbi ujypsyz bolsa-da, olaryň aýlygyna goşmaça pul goşulýar.

"Adamlar şol 100 manat artyk alsalaram bizden gaty razy, häzir işgärleriň arasynda indi özleri gelip, men bilen hem işleşäý diýip, aýdýanlary az däl" diýip, ýolbaşçy gürrüň berýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan maryly çeşmeleriň sözlerine görä, häzir ýolbaşçy bolup oturmak kyn, ýöne "para berip, ýeriňi saklap bolýar".

"Häzir şeýdip, gün görmeseň başga alaç ýok.Eger-de para pul berip bilmeseň, uzak oturmarsyň muny hemme bilýär. Bizden prokuratura we beýleki ýokary edaralara arz edip, üstimizden şikaýat edýänler hem bar. Emma bu edaralara hem para berseň, iş çalt ýagdaýda ýapylýar we kim arz şikaýat eden bolsa onuň özi günäli tapylýar", diýip maryly edara ýolbaşçysy gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, edaralarda işgärleriň aýlyklaryny artdyryp ýazmak bilen bagly bu usuldan ýolbaşçylar we käbir işgärler "peýda" görýän bolsalar, beýlekileriň ençemesi zyýan çekýär. Sebäbi tutuş edaranyň zähmet haky fondunyň möçberi üýtgewsiz galýar.

"Işgärleriň belli bir bölegine artykmaç iş sagat ýazylsa, beýleki bir böleginden iş sagadyny kemeldip ýazmaly bolýar" diýip ýene bir çeşme belleýär.

Bu ýagdaýda aýlyklaryň azlygy sebäpli gazanjy hojalygyna ýetmeýän adamlar işden çykyp, iş gözlegine daşary ýurtlara gitmekçi bolýarlar.

Soňky döwürde býujet edaralarynda işleýänleriň işden meýletin çykmagy bilen bagly ýagdaýlar köpeldi.

Türkmenistandaky agyr işsizlik şertlerinde býujetçiler ilatyň iň üpjün gatlagy hasaplanýar. Emma soňky ýyllarda döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýänleriň aýlyklarynyň mukdary adamlaryň durmuş zerurlyklaryna ýetmeýär. Her ýyl hökümet aýlyklary 10% galdyrýan bolsa, bahalar birnäçe esse ýokarlanýar.

Üstesine, býujet edaralarynda işgärleriň gazanjyndan dürli maksatlar üçin tutulýan puluň mukdary artýar.

Degişli maglumat Daşoguzda täze saglyk öýüne işe girjeklerden “müňlerçe dollar para soralýar”

Býujetçiler, ýyllarboýy döwlet metbugatyna abuna ýazylmaga mejbur edilýär, her aýda iş ýeriniň arassaçylygy, abatlanmagy, prezidentiň portretleri, döwlet şygarlary, köpçülikleýin çärler, oba hojalyk önümçiligi üçin maliýe goşant goşmaga mejbur edilýärler. Soňky wagtda haýyr-sahawat üçin mejbury tutumlar hem köpeldi.

Soňky iki ýylda işden çykyp, daşary ýurtlara gazanç gözläp giden türkmenistanlylaryň arasynda mugallymlar, lukmanlar, harbylar we kanun goraýjy edaralaryň işgärleri köp duş gelýär.

Türkmen hökümeti işsizlik, parahorluk, ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi, migrasiýa akymynyň artmagy ýaly agyr sosial-ykdysady problemalary görmezlige salýar we resmi derejede agzamaýar.

Degişli maglumat Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.