Soňky hepdede Türkmenistanda gytalan günebakar ýagy indi satuwdan doly ýitdi. Häkimiýetler bu ýagdaýyň sebäplerini düşündirmeýärkä, ilat köpçüligi azyk üpjünçiligine täsir ýetiren bu ýagdaý bilen baglylykda aladalanýar.
Mary welaýatynyň dükanlarynda, bazarlarynda günebakar ýagy tapdyrmaýar. Dükan we bazar satyjylary bu harydyň ýokdugyny aýdýarlar.
"Adamlar bu bolýan ýagdaýlara düşünmeýärler. Geçen hepde günebakar ýagy ähli dükanlarda bardy. Edil häzir lomaý getirýän telekeçiler-de ýagyn haçan satuwda boljagyny anyk bilmeýärler. Olaryň käbiri Eýranyň serhedinden iýmit harytlary we başga harytlar geçirilmeýär diýýärler" diýip, maryly çeşmeleriň biri 11-nji oktýabrda gürrüň berdi.
Günebakar ýagy geçen hepde satuwda bolan wagty in arzany bir litri 30 manada satylýardy.
Degişli maglumat Gymmatçylyk dowam edýär: Günebakar ýagynyň bahasy bir aýda tas iki esse çemesi ýokarlandySöwda resmileri bu gytçylygyň sebäplerini we ýag söwdasynyň haçan kadalaşjagyny ilata düşündirmeýärler.
Türkmenistanda satylan günebakar ýagy esasan Gazagystandan, Eýrandan, Russiýadan we Azerbaýjandan getirilýärdi.
Günebakar ýagyny gymmatlamagy awgustyň ortalarynda başlandy. Şonda ýag birden tekjelerde azaldy. Käbir iri söwda nokatlarynda bu ýagyň bahasy birden 20-40% aralygynda gymmatlady.
Soňra oktýabryň başynda Aşgabadyň hususy söwda nokatlarynda 17 manatdan bahalanan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy birden tas iki esse ýokarlanyp, 30 manada ýetdi.
Bu aralykda ýurtda pagta ýagy gytalýar we gymmatlaýar.
"Gara pagta ýagy bar onuň bahasy 1 litri 30 manada durýar, öňki nyrhy 1 litri 20 manatdy" diýip, Marydaky çeşme aýdýar.
Çeşmeleriň sözlerine görä, pagta ýagynyň 1 litri 28,5 manatlyk nyrhy diňe döwlet dükanlarynda "paýok" görnüşinde çäkli mukdarda satylýan ýaga degişli, ýöne ony tapmak kyn bolýar.
Türkmenabatdaky habarçylaryň maglumatlaryna görä, günebakar ýagynyň gytçylygy ýüze çykanda, subsidirlenen günebakar we rafinirlenen pagta ýagynyň ýerli döwlet dükanlarynda satylmagy bes edilipdir.
Hususy söwda nokatlarynda arassalanmadyk pagta ýagynyň 1,5 litrlik gaby 60 manada durýar.
Garaşsyzlyk baýramyndan ozal paýtagtyň dükanlarynda pagta ýagy bäş litri 80 manatdan satylýardy.
Günebakar ýagynyň satuwdan aýrylmagy we pagta ýagynyň gymmatlamagy ýaşaýjylaryň azyk üpjünçiligine erbet täsir ýetirdi.
"Eli ýuka maşgalalar pes hilli pagta ýagyny tygşytly ulanýarlar. Käbir ýaşaýjylar, dükanlarda we bazarda 5 manatdan satylýan margarin ýagyny ulanýarlar" diýip, türkmenabatly çeşme aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenabat: döwlet dükanlarynda azygyň çäkli satylmagy adamlary aladalandyrýarMarydaky habarçymyz hem ýerli ýaşaýjylaryň ýurt içinde öndürilýän margarini satyn alyp, şonda nahar bişirýändigini, gurply maşgalalaryň künji ýagyny satyn alýandygyny gürrüň berdi.
Gün günler Türkmenbaşyda ýag gytçylygynyň fonunda döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar döreýär, ýerli ilat ýagyň satylyp başlanmagyny umyt edip, ätiýaçdan dükanlaryň öňüne baryp durýar.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan käbir söwdagärler azyk harytlarynyň gymmatlamagyna garaşylýandygyny aýdýar.
Türkmen hökümeti häzirki azyk gytçylygynyň sebäpleri barada düşündiriş bermeýär. Resmi maglumat boşlugy ilat arasynda aladalary artdyrýar.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda günebakar ýagynyň üpjünçiligi birden peseldi, bahalar gymmatladyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.