Maryda döwlet taksilerine gelnalyjy kerwenine gatnaşmak gadagan edildi

Resmiler döwlet belgili taksileriň sürüjilerine gelnalyjy kerwenlerine gatnaşanlaryň işinden boşadyljakdygyny duýdurdylar. (Arhiw suraty)

Mary welaýatynda döwlet belgili taksilere gelnalyjy kerwenine gatnaşmak gadagan edildi. Dilden yglan edilen bu gadagançylyk 20-nji noýabrda Mary şäherinde geçirilen ýygnakda mälim edildi. Bu waka, Daşoguz welaýatynda bolan ýol heläkçiliginde gelnalyjy kerweniniň gana bulaşyp, ýedi sany ýaş ýigidiň wepat bolmagyndan iki hepde çemesi soňa gabat geldi.

“Başlygymyz sürüjiler bilen Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesiniň ugrunda ýerleşýän Awtokombinatdaky döwlet taksileriniň awtoduralgasynda ýygnak geçirdi. Ýygnakda ol bize diňe öz işimiz bilen bolmalydygymyzy aýdyp, toý kerwenlerine gatnaşmagymyzy berk gadagan etdi” diýip, maryly taksi sürüjisi anonim şertde 21-nji noýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Daşoguzda bolan ýol heläkçiliginde gelnalyjy kerweni gana bulaşdy

Sürüjileriň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, ýygnakda taksi sürüjileriniň iki sanysy işinden boşadyldy.

Döwlet taksi kärhanasynyň başlygy olaryň biriniň gelnalyjy kerwenine gatnaşyp, ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygyny aýtdy.

“Bu sürüji ýol polisiýasy tarapyndan saklanyp, onuň ulagy welaýat polisiýasynyň jerime duralgasyna eltildi. Ulag 15 gije-gündiz bu ýerde saklanar. Sürüjä jerime salyndy” diýip, maryly başga bir sürüji öz başlygynyň ýygnakda aýdan sözlerini sitirledi.

Ýygnagyň dowamynda ikinji sürüjiniň işden çykarylmagynyň sebäbiniň, onuň harby gulluga ugradylýan oglanlary we olaryň dostlaryny alyp barýan mahaly, ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy bilen baglanyşyklydygy aýdyldy.

“Ýaşlar taksiniň aýnalaryny açyp, göwreleriniň ýarysyny daşyna çykarypdyrlar. Şonda ýol polisiýasy sürüjini saklap, taksini jerime durlagasyna getiripdir. Bu sürüjä hem jerime salnypdyr we taksiniň duralgada saklanjakdygy aýdylypdyr” diýip, maryly sürüji aýtdy.

Döwlet kärhanasynyň başlygy sürüjilere bu wakalaryň özlerine hem “sapak bolmalydygyny” aýdyp, sürüjileriň sözlerine görä, mundan beýläk şeýle çärelere gatnaşanlaryň işden boşadyljakdygyny berk duýdurdy.

“Başlyk bu zatlary aýdansoň, iki taksi sürüjisinden taksi ulaglaryny goýup gitmegi talap etdi” diýip, maryly sürüji sözüne goşdy.

Degişli maglumat Daşoguzda üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgärine 18 ýyl kesildi

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan kärhanadan, welaýatyň Polisiýa müdirliginden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 21-nji noýabrda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Bu waka, Daşoguzda bolan ýol heläkçiliginde gelnalyjy kerweniniň gana bulaşyp, ýedi sany ýaş ýigidiň wepat bolmagyndan iki hepde çemesi soňa gabat geldi.

7-nji noýabrda Daşoguz-Köneürgenç garaýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasyna toý kerwenine gatnaşýan ulaglardan iki ulagyň sürüjisi, öýlenýän ýigidiň 24 ýaşly klasdaşlary dar ýoluň ugrunda ulaglaryny ýaryşdyrmakçy bolanlarynda ýüze çykdy.

Türkmen däp-dessurlarynda gelni ejesiniň we kakasynyň öýünden dabaraly ýagdaýda alyp gaýtmak çäresine gelnalyjy diýilýär. Häzirki zaman türkmen kejebelerine köplenç köp sanly ýeňil awtoulaglar gatnaşdyrylýar we gelnalyjy kerwenlerine gatnaşýan ulaglaryň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeýän halatlary ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdiler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda hasaba alynýan köçe-ýol hadysalary, ýol heläkçilikleri we bulara nämäniň sebäp bolýandygy barada hasabat bermeýär.

Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçen ýol heläkçilikleriniň onlarçasy barada habar berdiler. Bu hadysalarda 40 çemesi adamyň heläk bolandygy aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.