Mary şäherinde 23-nji martda köpçülikleýin ýowar geçirildi. Býujet işgärleri edara-kärhanalaryň ýerleşýän çäklerinde arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirdiler.
Jemagat hojalygynyň müdirliginiň işgärleri bolsa, bu işleri köçelerde ýaýbaňlandyrdylar. Ýerli resmiler ýowaryň geçirilmeginiň sebäbi barada aç-açan düşündiriş bermeýän mahaly, býujet işgärleri muny “Aşgabatdan barlagçylaryň gelýändigi” bilen baglanyşdyrýarlar.
“Şenbe güni ähli býujet işgärleri üçin ýowar güni boldy. Ýowar irden sagat 8-den öýlän sagat 4-e çenli dowam etdi. Işgärler öz edaralarynyň öňündäki bardýurlary, köçeleri syryp, süpürdiler. Olar ýer böleklerini agdardylar, agaçlaryň aşaklaryny arassaladylar, edaralaryň haýatlaryny reňklediler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji martda sebitden maglumat berdi.
Degişli maglumat Lebap giň gerimli ýowar geçirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýarBýujet işgärleri ýowarda peýdalanyljak arassaçylyk we abatlaýyş işleri üçin käbir serişdeleri, şol sanda haýatlary reňklemek üçin boýaglary öz maddy serişdeleriniň hasabyn satyn almaly boldular.
“Her işgärden 30 manat pul ýygnaldy. Işgärleriň köpüsi indi ýowarlar üçin hem pul ýygnalyp başlady diýip, öz aralarynda nägileliklerini beýan etdi” diýip, maryly býujet işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, ýowara gatnaşmak islemeýän käbir işgärler arassaçylyk we abatlaýyş işlerine gatnaşman hem bilýärler. Ýöne olar munuň üçin edara başlygyna 20 manady para hökmünde bermeli bolýarlar.
Şenbe güni Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri hem şäherde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirdiler. Bu işler giçlik sagat 6-a çenli dowam etdi.
“Bu gün arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirýän işgärlere häkimligiň wekilleriniň hut özleri gözegçilik etdiler” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Ýerli resmiler ýowaryň geçirilmeginiň sebäbi barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.
Degişli maglumat Lebapda dynç güni ýowar geçirildiÝöne býujet işgärleriniň ençemesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, köpçülikleýin ýowaryň geçirilmegi “Aşgabatdaky ministrliklerden barlagçylaryň gelýändigi” bilen baglanyşykly.
Azatlygyň bu barada şäher häkimliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda býujet işgärleri köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bilen bir hatarda wagtal-wagtal ýowarlara, köpçülikleýin arassaçylyk we abatlaýyş işlerine çekilýärler.
Bu işler, käte Aşgabatdan barlagçylaryň iberilmegi bilen bagly geçirilýär, käte-de döwlet ýolbaşçylarynyň ýurduň sebitlerine amala aşyrýan iş saparlarynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde býujet işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin arassaçylyk we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi barada Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri azyndan 10 gezek maglumat berdiler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda geçirilýän köpçülikleýin ýowarlar we olaryň sebäpleri barada maglumat bermeýärler.
Degişli maglumat Maryda dowam edýän ýowar arassaçylyk işgärlerini surnukdyrýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.