Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginde köp sanly hojalyklaryň howly jaýlaryny sary garynja basýar. Ýerli ýaşaýjylar garynja howpuna garşy özleriniň çäresiz, häkimiýetlerden edýän ýardam haýyşlarynyň bolsa, jogapsyz galýandygyny aýdýarlar.
“Öten agşam çagalar bilen howly jaýymyzdaky otaglaryň birinde agşamlyk edinip otyrkak, birdenkä agaç polumyz döwlüp, aşak çökdi. Meniň polluk agajym galyň, döwülmeli agaç däl. Nädip beýle bolandygyna düşünmek üçin, ýerzemine düşüp, barlap görsem, polumyň aşak ýüzi palçyk bilen suwalypdyr. Men şonda sary garynjalaryň öýüme girip, agaçlarymy iýýändiklerine düşünip galdym” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýdýar.
Momataý geňeşliginiň ýaşaýjylary sary garynjalaryň obanyň çäginde üç-dört ýyl mundan ozal peýda bolup başlandygyny aýdýarlar.
“Sary garynjalar jaýyňa girse iki ýylyň içinde jaýyňy ýumurýar” diýip, öten agşam poly çöken oba ýaşaýjysy sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol wakanyň yz ýany çagalary bilen daş çykyp, traktor ýangyjyny getirýär we ýaşaýyş jaýynyň agaç pollaryny dizel ýangyjy bilen ýuwup başlaýar. Ýerli ýaşaýjylar dizel ýangyjynyň sary garynjadan goraýandygyna ynanýandyklaryny aýdýarlar.
“Häzir jaýda ýatyp-turar ýaly däl, güýçli ýangyç ysy bar. Çala kükürt çaksaň, öýüme ot düşýär” diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.
Degişli maglumat Jaýlaryny 'sarygarynja alan' raýatlar döwletden gyssagly kömek isleýärAzatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar sary reňkli garynjalary ‘termit’ atlandyrýarlar we olaryň jaýlardaky agaç gapylary we penjireleri iýýändiklerini aýdýarlar.
Mör-möjekler maşgalasyna degişli termitleriň ýüzlerçe görnüşi bolup, ylmy barlaglara görä, Merkezi Aziýada, Hazar deňziniň gündogar tarapyndaky sebitlerde termitiň “turkestanicus” görnüşiniň giň ýaýrandygy anyklandy.
Hünärmenler, hususan-da, Aral deňziniň guramagy bilen, çöl tokaýlarynyň çolaryp, gyrymsy agaçlaryň azalandygyny, munuň bolsa, sebitde termitleriň dört görnüşiniň üçüsiniň, hususan-da, Türkistan termitiniň örňemegine getirendigini aýdýarlar. Termitleriň bu görnüşi gurakçylykda giňden ýaýraýar. Guran agaçlar temitler üçin aýrylmaz azyk hasaplanýar. Howanyň maýlamagy bilen bagly global aladalaryň arasynda soňky birnäçe ýyl bäri Merkezi Aziýa sebitine, şol sanda Türkmenistana gurakçylyk aralaşýar.
Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşliginiň beýleki bir ýaşaýjysy bäş otagly howly jaýynyň şiferleriniň, ýagny ýapyrgyçlarynyň ýykylandygyny, şiferleri saklaýan tagta diregleriň sary garynjalar tarapyndan iýlip, zaýalanandygyny gürrüň berýär.
Şeýle-de, käbir ýaşaýjylar sarygarynjalaryň çig kerpiçden salnan jaýlaryň diwarlarynda mesgen tutýandyklaryny aýdýarlar.
“Biz hiç hili çykalga tapyp bilemizok. Ýüz tutmadyk ýerimiz, maslahat soramadyk adamymyz galmady. Hiç kim sarygarynjalardan nädip gutulyp bolýandygyny aýdyp bilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ençeme raýatlar häli-şindi zyýanly mör-möjekleriň, şol sanda çekirtgeleriň ýaýramagy, galyberse-de, gemrijileriň, syçanlaryň we alakalaryň köpelmegi we bu janly jandarlaryň hususan-da oba ýerlerinde ekerançylyga zyýan ýetirmegi bilen bagly aladalaryny beýan edip gelýärler. Ýerli ýaşaýjylar mör-möjeklere we gemrijilere garşy Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zerur ýardamlar bilen üpjün etmeýändigini aýdyp, şikaýat edýärler.
Degişli maglumat Türkmenistanyň günbataryna çekirtge çozdy, häkimiýetler zyýankeşlere garşy göreşýärAzatlyk Radiosynyň habarçylary ozalky ýyllarda hem sarygarynjalaryň ýurduň gündogar we günorta-gündogar sebitlerinde hojalyk jaýlaryna we mekdeplere zyýan ýetirmegi barada habar berdiler.
2020-nji ýylyň oktýabarynda Lebap welaýatynyň Darganata, Halkabat we Gazojak sebitleriniň azyndan dört şäherçesinde termitler peýda boldy. Sebit ýaşaýjylary uly zyýan çekdi.
Has ozal, 2011-nji ýylyň fewralynda Halaç etrabynda umumybilim berýän bir orta mekdebiň gapylarynyň we penjireleriniň sarygarynjalar tarapyndan gemrilip, zaýalanandygy mälim boldy.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri sebitdäki sarygarynja çozuşlary barada habar bermeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan sebit ýaşaýjylarynyň ençemesi welaýatyň diňe bir Ýolöten etrabynda däl, eýsem, başga-da köp sanly etraplarynda ilatyň termit çozuşlaryndan ejir çekýändiklerini aýdýarlar.
“Sanitariýa gullugy hiç hili peýdaly maslahat bermeýär. Termitleri nädip ýok etmelidigi belli däl” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk Radiosy Mary sebitinde sarygarynjalaryň ýaýramagy baradaky habarlar boýunça welaýat häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.