Mary welaýatynyň bazarlarynda sygyr eti 30% gymmatlady

Aşgabatdaky bir söwda merkezi. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Mary welaýatynda awgust aýynyň başyndan bäri sygyr eti gymmatlaýar. Ýerli ýaşaýjylar täze nyrhlary bazarlarda mallaryň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Şu gün sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 65 manada bardy. Eger-de aýlyga ýazdyryp, et satyn alsaň bir kilogramy 70 manat bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji awgustda beren maglumatynda aýtdy.

Iýulyň ikinji ýarymynda bu sebitde sygyr etiniň bir kilogramy 50 manatdan bahalanýardy.

Günorta-gündogar sebitde bahalaryň gymmatlamagy esasan iki ýagdaý bilen baglanyşdyrylýar: ýerli ýaşaýjylar mal iýmleriniň gymmatçylygyny mallaryň, şol bir wagtda etiň bahasynyň ýokarlanmagyna esasy sebäp hökmünde görkezseler, et gymmatçylygy iri şahly mallaryň daşary ýurtlara has köp eksport edilip başlanmagy bilen hem ilteşdirilýär.

“Bir ýaşyna ýetmedik göleler 3-4 müň manat aralygynda satylýar. Häzirki wagtda baka goýulýan mallaryň sany gaty azalyp barýar, iým gymmat. Bir kilogram kepek dört manatdan, sary un ýedi manatdan, şulhanyň bir kilogramy 6 manatdan satylýar” diýip, maryly maldarlar aýdýar.

Degişli maglumat Aşgabatda, Maryda we Lebapda etiň we ýumurtganyň bahasy durnukly, ýöne gök-bakja önümleriniň nyrhy üýtgäp durýar

Bu aralykda, mal bazaryndaky ýagdaýlardan habarly birnäçe ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sygyr etiniň, şeýle-de iri şahly mallaryň bahalarynyň ýokarlanmagyny sebitdäki iň iri et önümleri kärhanasynyň daşary ýurtlara eksportlary artdyrmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Täze Aý et we et önümleri kärhanasy bilen Birleşen Arap Emirlikleri kärhanalarynyň arasynda gol çekilen täze şertnamalardan soňra, iri şahly mallar has köp satyn alynyp başlandy. Bu ýagdaý hem içerki bazarlarda etiň gymmatlamagyna eltdi. Etiň bahasynyň näçe manada baryp durjagy belli däl” diýip, mal söwdasy bilen meşgullanýan birnäçe maryly ýaşaýjy aýtdy.

Düýbi Mary welaýatynda ýerleşýän “Täze aý” hususy kärhanasy 2005-nji ýyldan bäri et önümçiligi pudagynda iş alyp barýar.

“Biznes Türkmenistan” neşirine görä, bu kompaniýa şu ýylyň mart aýynda et önümleriniň täze kärhanasyny işe girizdi, aprel aýynda şöhlat we süýt önümleriniň täze görnüşlerini öndürip başlaýandygyny yglan etdi.

“Euro Meat News” neşirine görä, “Täze aý” öňki ýyllarda halal et önümçiligini giňeltmekde Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň 4,5 million dollar möçberindäki karz serişdelerine mynasyp bolupdy.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde iýul aýynda beýleki käbir azyk önümleri bilen bir hatarda sygyr etiniň bahasy ýokarlanyp başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy iýul aýynyň ortalarynda Türkmenbaşy şäherinde sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasynyň 55-60 manatdan 70 manada ýokarlanandygyny habar berdi.

Iýulyň ikinji ýarymynda paýtagt Aşgabadyň bazarlarynda süňkli sygyr etiniň bir kilogramy 50 manatdan, çylka et 65 manatdan satylýardy. Şol gabatlar, sygyr eti Mary welaýatynyň bazarlarynda 50 manatdan, Lebabyň bazarlarynda 55-60 manatdan satylýardy.

Türkmenabatdaky habarçymyz 24-nji iýulda sebit merkeziniň bazarlarynda etiň bahasynyň bir günde 50 manatdan 60 manada çenli ýokarlanandygyny habar berdi. Şonda bahalaryň birden ýokarlanmagy ýerli ýaşaýjylaryň arasynda howsala döretdi.

Azyk harytlarynyň gymmatlamagy ilatyň güzeran şertlerine agram salýar. Hususan-da, üpjünçiligi pes hojalyklar bu ýagdaýdan has ýiti täsirlenýärler.

Degişli maglumat Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady

Esasy azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy ilatyň satyn alyjylyk ukybyny pese gaçyrýar. Her ýylyň başynda 10 göterim ýokarlandyrylýan zähmet haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalar harytlaryň gymmat bahasy bilen bäsleşip bilmeýär. Bazarlardaky bahalar köplenç ilatyň gapjygyna agram salýar.

Bu aralykda, habarçymyz Mary welaýatynda beýleki käbir azyk önümleriniň bahalarynyň hem ýokarlanandygyny habar berýär.

“Etden daşary, şu günler pomidoryň bahasy hem ýokarlandy. Hili gowy pomidorlaryň bir kilogramy alty manadan, aralyk pomidorlar 5 manatdan ownuk pomidorlar 3 manatdan satylýar. Tomus möwsüminde maşgalalar pomidoryň bahasynyň has-da arzanlamagyna garaşdylar. Emma pomidoryň bahasy peselmän, gaýtam, ýokarlandy we köp sanly hojalyklar gyşa niýetläp, pomidor konserwalaryny taýýarlap bilmeýärler. Käbir adamlar pomidoryň bahasynyň güýz paslynyň başlarynda, sentýabr aýynda arzanlamagyna garaşýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, Türkmenistanda iýun aýynyň başlarynda, Gurban baýramynyň öňüsyrasynda mallaryň bahasy tas iki esse çemesi gymmatlady. Has ozal, ýurduň bazarlarynda azyk harytlarynyň bahalary mart aýynda, Remezan aýynyň başlanmagy bilen, birden ep-esli ýokarlanypdy.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda azyk önümleriniň bahalarynyň gaýtadan gymmatlamagy boýunça söwda resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri dowam edýän gymmatçylyk barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.