Mary welaýatynda ozallar sebit merkeziniň otly menziliniň golaýynda durup, ýolagçy alýan hususy taksiler şäher merkezinden daşda ýerleşýän täze awtomenzile kowulýar. Taksi sürüjileri bu ýagdaý sebäpli özleriniň müşderi tapyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
“Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri Mary – Aşgabat aralygynda kireý edýän hususy awtoulaglary öňki duralgalardan kowup çykarýarlar” diýip, ýerli sürüjileriň birnäçesi aýdýar.
Degişli maglumat Sürüji ýetmezçiligi sebäpli, döwlet taksileriniň ençemesi işlemeýärHususy taksiler öňler Mary şäheriniň otly menziliniň golaýynda ýerleşän meýdançada garaşyp, Aşgabat, Tejen, Sarahs, Lebap, Serhetabat, Tagtabazar, Ýolöten we Türkmengala ýaly ugurlar boýunça ýolagçy alýan ekeni. Ýöne häzir häkimiýetler taksileriň sebitde iki ýyl ozal açylyp ulanylmaga berlen täze awtomenzilde garaşmaklaryny talap edýärler.
“Biz öňler bu otly menziliniň golaýynda garaşyp, çar künjege müşderi alardyk, häzir bu ýerde adam almaga rugsat berilmeýär. Biz ilki-ilkiler polisiýanyň ýazýan jerimelerine üns bermän, adam almagy dowam etdirdik, ýöne soňky wagtlarda bu işlere Döwlet salgyt gullugynyň işgärleri goşulyp başlady” diýip, hususy awtoulagynda ýolagçy daşaýan bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Sürüjiler täze awtomenziliň ilat arasynda meşhur däldigini, hususy taksileriň hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän müşderileriň paýtagtyň merkezinden daşda ýerleşýän täze awtomenzile barmaýandyklaryny aýdýarlar.
2022-nji ýylyň sentýabrynda ýurduň Mary, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda täze awtomenziller ulanylmaga berildi. Bu awtomenziller Aşgabat şäheriniň demirgazyk künjeginde 2014-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen iri awtomenziliň üstüni ýetirdi.
Metbugat serişdeleri üç gektar meýdanda ýerleşýän her bir awtomenziliň bir gije-gündizde 700 ýolagçy geçirmäge niýetlenendigini, şeýle-de bu desgalaryň sebitleriň arasyndaky üznüksiz awtobus we döwlet taksileriniň gatnawlaryny üpjün etjekdiklerini habar berdiler.
Ýöne aradan iki ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, häkimiýetler heniz hem ilaty, şol sanda hususy taksileri täze awtomenzillere öwrenişdirmäge çalyşýarlar.
“Ýolagçylar ýa-da başga etraplara, welaýatlara poçta ugratmak isleýän adamlar täze awtomenzile barmaýarlar. Biz bir gezek şol awtomenzilde iki gün garaşyp, ýolagçy alyp bilmedik” diýip, sürüjiler aýdýarlar we özleriniň öňki duralgalarynyň girdejili bolandygyny sözüniň üstüne goşýarlar.
Käbir sürüjiler özleriň häkimiýetleriň hemaýaty astynda bolan kärdeşleriniň, ýa-da polisiýa işgärlerine para beren sürüjileriň täze talaplara garamazdan, öňki duralgalarda garaşyp, müşderi almagyna rugsat berilýändigini aýdýarlar.
Gaýry sürüjiler köne duralgalaryň golaýynda, bukulyp diýen ýaly ýolagçy almaga mejbur bolýarlar.
“Biz hem maşgala eklemeli, gazanç etmeli, ogurlyk edemizok, iş hem ýok. Biz hem dogry we dürs ýollardan peýdalanyp, maşgalalarymyzyň garamatyny çekmek isleýäris” diýip, sürüjiler aýdýarlar.
Hususy taksi sürüjileri Türkmenistanda ýyllarboýy häkimiýetleriň nyşanalaryna öwrülip gelýär. Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Garaşsyzlyk baýramynyň fonunda sentýabryň soňky hepdesinde Mary welaýatynda ygtyýarnamasy bolmadyk täjirçilik ulaglarynyň sürüjilerine uly möçberlerde jerimeleriň ýazylýandygyny habar berdiler.
Ýol polisiýasy sürüjilerden ygtyýarnamalarynyň bolmagyny we olaryň häkimiýetler tarapyndan bellenen ýerlerde ýolagçylara garaşmaklaryny talap edýärler.
Degişli maglumat Lebapda welaýatara taksileriň kireý nyrhlary dört aýda 70% gymmatladyBu talaplar Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň käbir işgärleri tarapyndan gazanç çeşmesine-de öwrülip bilinýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli sürüjileriň birnäçesi polisiýa işgärleriniň öz ulaglarynyň döwlet belgilerini goparyp alyp gidýän halatlarynyň köp bolýandygyny we bu belgileri yzyna gaýtaryp almak üçin özlerinden ýüzlerçe manat möçberinde para soralýandygyny aýdýarlar.
“Kimde-kim bilmän awtoulaglaryny otly menziliniň golaýynda goýup, adam almaga synanyşsa, polisiýa işgärleri olaryň döwlet belgilerini alyp gidýärler. Bu belgileri almak üçin polisiýa bölümine baranyňda, ertir gel ýa-da birigün gel diýip, yza çekýärler. 200 manat para berseň, dessine gaýtaryp berýärler” diýip, maryly sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýöne sürüjilere görä, polisiýanyň otly menziliniň golaýynda park edilýän awtoulaglara garşy alyp barýan göreşi diňe bir hususy taksileriň işine däl, taksiçilik bilen meşgullanmaýan ýöne otly menzilinde dogan-garyndaşlaryny garşylamaga barýan, ýa-da otly menziline bilet almaga barýan hususy awtoulagly adamlaryň hem durmuşyny kynlaşdyrýar.
“Taksiçilik bilen meşgullanmaýan awtoulaglaryň eýeleri hem otly menziliniň golaýynda ulaglaryny park edenlerinden soňra, polisiýa işgärlerine döwlet belgilerini aldyrdyp, soňra bu belgileri yzyna gaýtaryp almak üçin alada galýarlar” diýip, sürüjiler aýdýar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Mary welaýat şahamçasyndan teswir alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.