Mary prezidentiň saparyna taýýarlanýar, 'ýaş we owadan' zenanlar çärelere çekilýär

Edara binasynyň daşyny arassalaýan zenan. Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň merkezi şäherinde güýçli depginde ýowar geçirilýär. Şeýle-de, sebitiň edara-kärhanalarynda işleýän “ýaş we owadan” zenan işgärler köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine gatnaşdyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy iýunda sebitden beren maglumatynda ýowaryň we taýýarlyklaryň prezident Serdar Berdimuhamedowyň sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Şäheriň ähli ýerlerinde arassaçylyk we abadançylyk işleri geçirilýär. Köçeler ýuwulýar, haşal otlar arassalanýar” diýip, maryly ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Mary howa menzilinden şäheriň merkezi köçelerine çenli aralykdaky ýollaryň ugrunda arassaçylyk çäreleri has güýçli depginde alnyp barylýar. Ýol ugrundaky yşyklandyryş çyralary çalşylýar.

Degişli maglumat Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar

“Şäherdäki edara-kärhanalarda-da, býujet işgärleriniň gatnaşmagynda, günde diýen ýaly ýowar geçirilýär” diýip, maryly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, býujet işgärleriniň arasyndan esasan 30 ýaşyna ýetmedik, “ýaş we owadan” gelin-gyzlar saýlanyp alynýar. Olar ýurduň döwlet telewideniýesi üçin taýýarlanyljak reportažlar üçin gurnalýan köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýar.

Bu çäreleriň sebäpleri barada resmi düşündiriş berilmeýär. Ýöne geçen hepdäniň ahyrynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary býujet işgärlerine çäreleriň döwlet baştutanynyň sebite etmegine garaşylýan sapary ilteşiklidigini aýtdylar.

“Prezidentiň haçan geljekdigi anyk belli däl, ýöne onuň 20-21-nji iýunda Mara sapar etmeginiň mümkindigi aýdylýar. Prezident gelip gidýänçä, Jemagat hojalygy müdirligine degişli edaralaryň işgärlerine daňdan sagat 5-den agşam sagat 8-e çenli köçeleri arassalamaly edildi” diýip, Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Ýöne Türkmenistanda, adatça, döwlet baştutanlarynyň sebitlere amala aşyrýan saparlarynyň öňüsyrasynda we dowamynda şeýle işler ýaýbaňlandyrylýar.

Şu günler prezident ýurduň sebitlerine aýlanyp, galla oragynyň depgini bilen tanyşýar. 13-nji iýunda döwlet baştutany Balkan welaýatyna sapar edip, Gyzylarbat etrabynyň, görnüşinden, ýörite saýlanyp alnan bol hasylly bugdaý meýdanlaryna aýlandy.

Degişli maglumat Türkmenabatda arassaçylyk işleri ýaýbaňlandyrylýar, býujet işgärleri medeni çärelere çekilýär

16-njy iýunda Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaky habarçylarymyz sebit häkimiýetleriniň-de prezidentiň saparyna taýýarlanýandygyny aýtdylar.

Bu aralykda, Marydaky habarçymyz sebit häkimiýetleriniň prezidentiň aýlanjak bugdaý meýdanlaryna barýan ýollarda abatlaýyş işlerini geçirendigini habar berýär.

Munuň bilen bir wagtda, resmiler bu meýdanlaryň golaýynda ekilen gök-bakja ekinlerini ýok edýärler.

“Kädi, mallar üçin ekilen mekgejöwen, ýorunja, noýba ýaly ekin meýdanlaryň üstünden traktor bilen geçip agdarýarlar we ekinleri düýbünden ýok edýärler. Bar eden azabymyzy isribe çykarýarlar. Prezident gelýär diýip, kärende ýerlerimizde yssydan goranmak üçin gurnalan çatmalarymyza çenli ýykdylar” diýip, maryly daýhan habarçymyza gürrüň berdi.

Kärendeçiler bu ýagdaýyň birinji gezek ýüze çykmaýandygyny, her ýyl prezident Mara sapar edende, daýhanlaryň käbir gök-bakja ekinleriniň ýok edilýändigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Awazadaky festiwal şäherde hereketi, kenarda aýal-gyzlaryň suwa düşmek mümkinçiligini çäklendirdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.