Mary welaýatynda ençeme hojalyklaryň elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we suwuň aýlyk töleglerini geçirmäge gurby çatmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji sentýabrda sebitden habar berdi.
Şu günler Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde ýerli gaz we elektrik üpjünçilik edaralarynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp, hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini talap edýärler. Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýerli üpjünçilik kärhanalarynyň töleg talaplaryny berjaý edip bilmeýär.
“Haýsy hojalygyň gapysyny kaksaň, ‘indiki aý, ýa-da soňky aý gel’ diýip, aýdýarlar” diýip, bir ýerli üpjünçilik kärhanalarynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Töleg toplaýjy işgärler şäher ýerlerinde kä halatlarda tutuş bir köp gatly ýaşaýyş jaýynda hiç bir hojalygyň töleg töläp bilmeýän halatlaryna duş gelinýändigini aýdýarlar.
“Olaryň aglabasy ‘häzir hojalykdan hatda 20-30 manat hem çykanok. Ýogsam bolmasa, iň bolmanda boş goýbermezlik üçin 20-30 manat berip goýbererdim’ diýýärler. Adamlaryň oňşuk ýagdaýy pes” diýip, maryly töleg toplaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.
Degişli maglumat Ilatyň gaz ölçeýjileri barlanýar. Ýyladyş üçin töleg geçirmediklere resminama berilmeýärTürkmenistanda soňky ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň üstesine, 2018-nji ýylda ilatyň ýeňillikli tok, gaz we suw üpjünçiligi ýatyryldy. 2019-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, bu hyzmatlar tölegli edildi.
Ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu kararyny, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň has gowy ýaşap başlandygy we döwletiň goldawyna mätäç däldigi bilen düşündiripdi.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ozal ilata mugt hödürlenen hojalyk hyzmatlarynyň tölegli görnüşe geçirilmegi, hususan-da, eli ýuka maşgalalalar üçin goşmaça urgy boldy.
Mary sebitindäki töleg toplaýjylar käbir ýerli ýaşaýjylaryň maddy kynçylyklardan şikaýat edýändiklerini, käbirleriniň bolsa öz çagalarynyň hatda okuw esbaplaryny we egin-eşiklerini hem bergileriň hasabyna satyn alandyklaryny aýdýandyklaryny belleýärler.
“Hatda geçen 2022-nji ýylda hem adamlaryň hal-ýagdaýy bu derejede pes däldi. Iň bolmanda, gaz üpjünçiliginiň kesiljekdigi, ýa-da elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň kesiljekdigi aýdylanda ujypsyz hem bolsa töleg geçirýärdiler. Bu ýyl bolsa, adamlaryň hut özleri ‘üpjünçiligi kesjek bolsaňyz, kesäýiň, indiki aýda hem puluň artyp-artmajakdygy gümana diýýärler” diýip, maryly bir elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda ýeňillikli hojalyk hyzmatlarynyň, şol sanda tölegsiz tok, gaz we suw üpjünçiliginiň ýatyrylmagynyň yz ýany, ýerli häkimiýetler hyzmatlar üçin tölegleri ýygnamak we döwletiň hasabyna geçirmek bilen bagly düzgünleri durmuşa geçirip başlady.
Degişli maglumat Azyk paýlaryny almak üçin ilatdan gaz we tok tölegleriniň geçirilendigi barada kepilnama soralýarŞäherlerde we obalarda hojalyklara elektrik energiýasyny we tebigy gazy hasaplaýjy enjamlar oturdyldy. Galyberse-de, ýerli edaralardan käbir resminamalary almak üçin, raýatlardan hojalyk hyzmatlarynyň tölegleriniň doly geçirilendigi barada kepilnamalar we güwähatlar şert goşulyp başlandy.
Iýulyň başlarynda paýtagt Aşgabatda Öý dolandyryş müdirlikleri hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini geçirmedik raýatlara zerur bolan resminamalary, şol sanda “ýaşaýan ýeriňde hasaba durandygyň” baradaky kepilnamany bermekden ýüz öwürýändiklerini yglan etdiler.
Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt boýunça hojalyk hyzmatlarynyň, şol sanda elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň we suwuň töleglerini geçirip bilmeýän maşgalalaryň köpdügini, töleg geçirip bilmeýän hojalyklarda bolsa, üpjünçiligiň kesilýändigini yzygiderli habar berýärler.
Töleg meseleleri döwlet derejesinde hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 23-nji noýabrynda ýurtda ilatyň suw, tok we gaz töleglerine gözegçilik wezipesiniň pes ýerine ýetirilmegine nägilelik bildirdi.
Türkmen häkimiýetleri ilatyň töleg kynçylyklary we hojalyk hyzmatlarynyň üpjünçiligi bilen bagly habarlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.