Marsyň dag bölekleriniň aşagynda ýerasty suwlary bolup, onuň mukdary global bir ummany emele getirmäge hem ýeterlik bolup biler diýip, täze barlagda bellenilýär.
12-nji awgustda mälim edilen täze açyş NASA-nyň Mars Insight enjamynyň geçiren seýsmiki barlaglaryna esaslanýar. Ol mundan iki ýyl ozal öçüp galmazyndan ozal, 1 müň 300-e golaý mars-sarsgynlaryny hasaba alypdy.
Suwuň marsyň ýüzünden 11.5-20 km çuňlukda ýerleşýändigine we onuň milliardlarça ýyl ozal, haçanda Marsyň ýüzüni derýalar, köller we mümkin ummanlar gurşap alanda, ýeriň aşagyna siňendigine ynanylýar. Bu pikiri Kaliforniýa uniwersitetiniň öňdebaryjy alymy Waşan Wright öňe sürýär.