ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesine hödürlenýän Marko Rubionyň diňlenişiginde ýakynda Türkmenistana we Täjigistana sapar eden senator Stiw Daines (Steve Daines) Merkezi Aziýanyň ähmiýeti barada ýatlatdy.
15-nji ýanwarda geçirilen diňlenişikde senator Daines hususan-da, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistanyň Eýran, Owganystan, Russiýa ýaly döwletler bilen serhetleşýändigi we Hytaýyň golaýynda ýerleşýändigi sebäpli strategik taýdan möhüm ýurtdugyna ünsi çekip, şeýle diýýär:
“Döwlet sekretarymyz hökmünde tassyklananyňyzda ileri tutulýan ugurlaryňyzyň köpdügine düşünýärin, ýöne Jekson-Wanikiň üýtgetmesiniň (Jackson-Vannick amendment) ýatyrylmagy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ösmegi üçin zerur bolan gowy alamat bolup biler. Meniň soragym, bu belligi aýyrmak üçin toparyňyzyň biziň bilen işleşmegi üçin meniň we senator Peters bilen işleşip bilersiňizmi?”.
1974-nji ýyldaky Söwda kanunyna girizilen Jekson-Wanik üýtgetmesi – 1974-nji ýylda ABŞ-nyň federal kanunçylygynda ABŞ-nyň ýewreý emigrasiýasynyň erkinligini we beýleki adam hukuklaryny çäklendirýän bazar däl ykdysadyýetli ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryna täsir edýär. Üýtgetme Merkezi Aziýa ýurtlarynda henizem öz güýjünde galýar.
Rubio senator Dainesiň soragyny tassyklap, muny hemişelik aýyrmagyň kanun çykaryjy çäreleri talap etjekdigine ynanýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Tramp geçen ýylyň noýabrynda senator Marko Rubiony ýurduň baş diplomaty, döwlet sekretary wezipesine bellemek kararyna geldi.
Montana ştaty boýunça senator Stiw Daines Aşgabada eden saparynyň dowamynda geçen ýylyň 25-nji noýabrynda prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.