Hazar düwleniniň köpçülikleýin ölýändigine geçen aýyň ahyryndan bäri syn edilýär. 24-nji oktýabrda Mangystau oblastynyň howdan kenaryndan 51 sany läşiň tapylandygyny ýerli häkimlik habar berdi. Ertesi güni ýene-de ýüz töweregi öli düwlen tapyldy.
Gidrobiologiýa we ekologiýa institutynyň maglumatlaryna görä, oktýabr aýynyň 24-den 29-na çenli kenar ýakasyndan, 289 sany läş tapdylar. Soňra barlag institutynyň işgäri Žazira Sadykowa ölen haýwanlaryň umumy sanynyň 300-den geçendigini aýtdy.
4-nji we 5-nji noýabr aralygynda 121 läş tapylandygy habar berildi.
Žaýyk-Hazar sebitara basseýniniň balyk hojalygy müdirliginiň başlygy Nurlybek Gaýsin Azatlyk Radiosyna 6-njy noýabrda inspektoryň 195 sany läşi ýygnandygyny aýtdy. Ýerli häkimlik bolsa 130 diýdi.
— Oktýabr aýynyň 24-den 6-njy noýabr agşama çenli biz ýerli işgärler bilen bilelikde 454 sany düwlen läşini ýygnadyk. Diňe 7-nji noýabrda balykçylyk barlagy 79 sany läş tapdy. Biz heniz beýleki kenarlara barmadyk. Täze läşleriň kenara çykan bolmagy mümkin. Biziň serişdelerimiz ýeterlikli däl. Ýerli guramalar läşleri ýygnamaly. Biziň borjumyz gözegçilik edip, hasaba almak —diýip, Gaýsin aýtdy.
Şeýle-de, ol Gyzyl kitaba girizilen jandarlaryň köpçülikleýin ölüm fakty baradaky materiallaryň polisiýa geçirilip başlanandygyny, ýöne jenaýat işiniň gozgalmandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlygyň Gazak gullugy oblast polisiýa bölümine näme sebäpden hiç hili işiň gozgalmandygyny sorap, hat ýollady. Makala çap edilýänçä redaksiýanyň sowalyna jogap bolmady.
Haýwanlaryň ölüminiň sebäpleri näbelli bolmagynda galýar. Laboratoriýa derňemek üçin iberilen nusgalaryň netijeleri heniz elýeterli däl. Gidrobiologiýa we ekologiýa institutynyň işgäri Žarira Sadykowanyň aýtmagyna görä, ölen düwlenleriň ýaşyny anyklamak üçin, 112 sany läşiň nusgalary iberilipdir, ölümiň sebäplerini anyklamaga ýene-de bäş läşiň nusgalary gistologiki derňewe ugradylypdyr. Gistologiki derňew üçin iberiljek bölekleri saýlamak aňsat düşmändir, sebäbi läşleriň köpüsi zaýalanypdyr diýip, Sadykowa aýdýar.
Gidrobiologiýa we ekologiýa institutynyň maglumatlaryna görä, barlanan 112 läşiň 55-si urkaçy, 35-si hem bogaz eken.
Hazar düwlenleriniň barlagçysy Asel Baýmukanowa Instagram sahypasynda haýwanlaryň ölüminiň sebäpleri barada, deslapky netijeleri çap etdi. Ol tapylan läşleriň 3 göteriminiň mehaniki taýdan zyýan ýetirilendigini, munuň bolsa bikanun balyk tutmagyň netijesidigini ýazýar. Ýöne öli düwlenleriň köpüsinde şeýle yz ýok diýip, alym belleýär.
«Gynansak-da, ölen düwlenleriň ýarysyndan gowragynyň bogaz bolmagy alada döredýär. Düwlenleriň ählisi semiz eken. Bu bolsa, ölmezinden öň olaryň ýaş bolandygyny, ýaşamaga ukyplydygyny görkezýär. Görnüşinden, ölüm tebigy däl we duýdansyz bolan bolmaly» diýip, Baýmukanowa hasap edýär.
Ol haýwanlaryň köpçülikleýin heläkçiliginiň köpelmek üçin demirgazyk Hazara göç edýän pursadynda bolandygyny nygtaýar. Baýmukanowanyň aýtmagyna görä, ölümiň sebäpleri tebigy (ýer titremeler, tebigy gazyň çykmagy) hem-de adam tarapyndan ýetirilen zyýan (deňiz zolaklarynyň hapalanmagy) sebäpli bolup biler.
«Ýagdaýy töwerekleýin öwrenmek üçin, dürli ugurlar boýunça hünärmen geologlaryň, nebit we gaz çykarmak boýunça hünärmenleriň, ekologlaryň, himiýaçylaryň, toksikologlaryň, wirusologlaryň we beýlekileryň barlaglar geçirilmegi zerur bolup durýar» diýip, ol barlagçy ýazýar.
HAZAR DEŇZINDE GUŞLARYŇ WE BALYKLARYŇ ÖLÜMI
Tüpkaragan etrabynyň Fort-Şewçenko we Bautin obalarynyň ýaşaýjylary Hazaryň kenarynda öli guşlaryň we balyklaryň bardygyny aýdýarlar.
— Näme üçin olar diňe düwlenleriň köpçülikleýin ölümi barada aýdyp, ölýän guşlar we bekre balyklary barada dymýarlar? — diýip, Bautin obasyndan balykçylyk birleşmesiniň başlygy hem aktiwist Daniýar Äkimžanow sorag berýär.
Welaýat balykçylyk müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Andriý Rutskiniň tassyklamagyna görä, kenardan bary-ýogy bäş sany bekre balygyň läşi tapylypdyr. Mangystau oblastynyň tokaý we jandarlar dünýäsi territorial müdirliginiň başlygy Gabbas Dosatow 24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabra çenli 17 sany öli jübtüniň we üç çarlak guşuň tapylandygyny habar berdi. Rutskiniň we Dosatowyň aýtmaklaryna görä, suw guşlarynyň we balyklaryň köpçülikleýin ölümi barada gürrüň ýok.
— Biziň pikirimize görä, munda daşky gurşawyň faktorlaryň täsiri ýok. Akt doldurylmady — diýip, Rutskiý aýdýar.
— Şeýle ýagdaý bolýar. Guşlar tebigy sebäplerden ölýär. Ýyrtyjy guşlara şam bolýarlar. Käbiri göçüp-gonanda ejizleýär – diýip, Dosatow muny tebigy hadysa hasaplaýar.
Hazar deňzinde haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagy ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär. Käbirleri bu gyrgynçylygyň ýokanç kesel zerarly ýüze çykmagyndan alada edýärler, käbirleri bolsa muny suw giňişliginiň hapalanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Mangystau oblastynyň Ekologiýa bölüminiň başlygy Armat Žusipkaliýew 24-nji oktýabrda düwlenleriň köpçülikleýin ölmeginiň faktynyň hasaba alnandan bäri hünärmenleriň birnäçe suw nusgalaryny alandygyny belledi. Derňewler rugsat edilen konsentrasiýalaryň iň ýokary artyklygynyň ýüze çykarylmaýandygyny görkezipdir.
Tüpkaragan etrap weterinariýa stansiýasynyň başlygy Nurlan Mastekow 7-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna düwlenleriň ölüminiň sebäplerini anyklamak üçin, weterinariýa lukmançylygy boýunça milli weterinariýa-sanitar merkeziniň laboratoriýasyna nusgalaryň iberiljekdigini aýtdy.
— [Noýabr aýynyň 7-de] biz iki sany läşi açdyk, onuň böleklerini sowadyja ýerleşdirip, laboratoriýa iberdik. Olar hem ölümiň sebäplerini barlap görmegi we nusgalary weterinariýa lukmançylygy boýunça milli weterinariýa-sanitar merkeziniň laboratoriýasyna ibermegi haýyş edýärler — diýip, Mastekow aýdýar.
Geçen hepde Gazagystanyň Ekologiýa ministrligi düwlenleriň ölüminde adam faktorynyň täsiriniň aradan aýrylmaýandygyny mälim etdi. Hususan-da, Ekologiýa we tebigy serişdeler ministriniň orunbasary Žomart Aliýew Astana şäherinde geçirilen brifingde, käbir süýtemdirijileriň balykçylyk torlary sebäpli gyrlyp biljekdigini mälim etdi.
— Käbir düwlenleriň balyk torlary sebäpli ölendigine çaklama bar, ýagny adamlaryň täsiri bilen. Ýöne maslyklaryň köpüsi gaty zaýalanypdyr. Şoňa görä-de, ähli degişli hünärmenler komissiýada giňişleýin gatnaşýarlar, olaryň her biri öz ugurlary boýunça laboratoriýa barlaglaryny geçirmeli. Häzir biz netijelere garaşýarys — diýdi.
Öli düwlenler Hazar deňziniň kenarynda bahar paslynda, şu ýylyň aprel aýynda hem tapyldy. Soňra Gazagystanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Balyk hojalygy komiteti düwlen läşleriniň zaýalanan ýagdaýdadygyny habar berdi. Komitetiň maglumatyna görä, bu ýagdaý haýwanlaryň ölüminiň sebäplerini anyklamaga päsgel beripdir, düwlenleriň gyşda ölendigi, tä tolkunlar güýçlenip, olaryň läşi kenara çykýança, suwda ýatandygy öňe sürüldi.
Hazaryň düwlenleri Gazagystanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Tebigaty goraýjylaryň pikirine görä, Hazar deňzindäki endemik, ýagny belli ýerde ýaşaýan bu jandarlary goramak boýunça meýilnamalar amala aşyrylmaýar, beýle şertde ýagdaý ýaramazlaşýar. Hazar deňzindäki bikanun talaňçylyk, suwuň hapalanmagy we ýalpaklaşmagy, janly şertleriň zaýalanmagy sebäpli ol jandarlaryň köpelmegi azalýar. Düwlenleriň köplüginiň çaklamalary dürli-dürli; alymlar 70 müňden 300 müňe çenli sany getirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.