Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenko ekstremizm aýyplamalarynda aýyplanan 37 tussagyň, şol sanda alty aýalyň günäsini geçdi diýip, onuň metbugat gullugy 16-njy sentýabrda habar berdi.
Beýanatda günäsi geçilenleriň "toba edendikleri we kanuna tabynlykda ýaşamak wadasyny berendikleri" aýdylýar. Bu günä geçiş 17-nji sentýabrda bellenilýän Milli agzybirlik gününe gabat yglan edildi.
Bu Lukaşenkonyň şu ýylda gol çeken dördünji amnistiýa karary bolup, olarda 2020-nji ýylda ýurduň uzak wagtlyk dolandyryjysyny ýeňiji diýip yglan eden prezident saýlawynyň resmi netijesine garşy guralan protestlere gatnaşandygy üçin jezalandyrylan adamlar bagyşlandy.
Umuman, iýul aýyndan bäri 1300-den gowrak syýasy tussagyň 115-siniň günäsi geçildi.