Lukaşenka Belarusda “protest jenaýaty” üçin höküm edilen 30 adamyň günäsini geçdi

Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň diýdimzor dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka “protest jenaýaty” üçin diýlip türmä höküm edilen 30 adamyň, şol sanda ýedi aýalyň günäsini geçdi. Bu barada onuň metbugat edarasy 4-nji sentýabrda mälim etdi.

Beýanatda günäsi geçilenleriň “toba edendigi we Lukaşenkadan aklanmagyny” sorandygy hem öňe sürülýär.

Geçen aý Lukaşenka başga-da 30 adamyň günäsini geçipdi. Olar 2020-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda uzak wagtlyk dolandyryjy Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi boýunça resmi görkezijilere garşy proteste çykany üçin, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Iýulda Lukaşenkanyň Belarusyň nasistik Germaniýadan azat edilmeginiň 80-njy ýyl dönümi mynasybetli yglan eden köpçülikleýin amnistiýasynyň çäginde, 18 syýasy tussag hem azat edilipdi.