Lukaşenka belarus armiýasynyň 1/3 böleginiň Ukraina bilen serhede geçirilendigini aýtdy

Aleksandr Lukaşenka 18-nji awgustda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rossiýa-1” telekanalyna interwýu berdi.

Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka ýurduň harby güýçleriniň tas üçden-bir böleginiň Ukraina bilen serhede geçirilendigini aýtdy. Ol bu barada 18-nji awgustda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Rossiýa-1” telekanalyna beren interwýusynda belledi.

Ol munuň, hamala, Ukrainanyň Belarus bilen serhedinde 120 müň esgeri ýerleşdirmegine we bu ýerdäki güýçlerini artdyrmagyna jogap hökmünde amal edilendigini aýtdy.

Mundan başga-da Lukaşenka, Kiýewiň Russiýanyň Kursk regionyna garaşylmadyk hüjüm edip, ýagdaýlary has ula ýazdyrandygyny öňe sürdi.