Litwa ukrain bosgunlary üçin wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadynyň möhletini uzaltdy

Wilniýus, 11-nji mart, 2022.

Litwa hökümeti ukrain uruş bosgunlaryna berlen wagtlaýyn ýaşaýyş ygtyýarnamalarynyň möhletini ýene bir ýyl uzaltdy.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurtda häzir möhleti geljek ýylyň mart aýynda gutarýan ýaşaýyş rugsatnamalarynyň güýji 2026-njy ýylyň 4-nji martyna çenli uzaldyldy.

Litwanyň Migrasiýa gullugynyň habaryna görä, wagtlaýyn ýaşaýyş rugsadyny almak üçin her gün 30-40 sany täze arza ýazylýar.

Häzirki wagtda Litwada wagtlaýyn ýaşamak ygtyýarnamasyny alan ukrainalylaryň sany 44,300-den gowrak adam diýip bilinýär.