Lewada: Ruslaryň 34 göterimi Ukraina garşy ýadro hüjümini makullaýar

Wladimir Putin

Orsýetiň pikir öwreniş Lewada merkeziniň iýun aýynda geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, ruslaryň üçden bir böleginden gowragy Ukraina garşy ýadro zarbasyny urmagy oňlaýar.

Bu pikir soralyşyga görä, soraga gatnaşanlaryň 10 göterimi uruşda ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyny “hökman” goldaýar, beýleki 24 göterimi bolsa “maksada laýyk” hasaplaýar.

Bu görnüşli harby çözgüdi goldaýanlaryň paýynyň soňky bir ýylda 5 göterim ýokarlanandygy we Russiýanyň Ukraina giň gerimli hüjümi başlanaly bäri rekord derejesine ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde, köplük henizem ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyna garşydy. Muny soraga gatnaşanlaryň 52 göterimi mälim etdi.

Mundan ozal Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň ýadro doktrinasynda bolup biljek üýtgeşmeler barada pikir edýändigini, onuň duşmanyň şeýle hereketlerine jogap hökmünde ýa-da "döwletiň bolmagyna" howp abanýan halatynda ýadro ýaragyny ulanmagy öz içine alýandygyny aýtdy.

2016-njy ýylda sosiologiki we marketing gözleglerini yzygiderli alyp barýan hökümete degişli bolmadyk "Lewada" merkezi rus häkimiýetleri tarapyndan "daşary ýurt agenti" hökmünde kesgitlendi.

Gurama munuň bilen ylalaşmaýar. Lewada Merkeziniň gözlegleriniň netijeleriniň döwlet sosiologiki hyzmatlary tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijelerinden düýpgöter tapawutlanýandygy birnäçe gezek bellendi.