Lebaply ene-atalar çagalar baglarynyň iýmit üpjünçiliginden şikaýat edýärler

Lebapdaky çagalar baglarynyň biriniň howlusynda oýnaýan çagalar we eneke (Arhiw suraty)

Lebaply ene-atalar Türkmenabat şäheriniň çagalar baglarynda iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Olaryň ençemesi çagalaryň iýmitden zäherlenmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny aýdýar. Terbiýeçileriň birnäçesi anonim şertde beren maglumatlarynda çagalar baglarynda azygyň hiliniň ýaramazdygyny tassyklady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji aprelde Lebapdan maglumat berdi.

“Çagalarymyz mekdebe çenli bilim edaralaryndaky iýmitiň hiliniň ýaramazdygyny, olarda ýakymsyz ysyň bardygyny yzygiderli aýdýarlar. Soňky hepdelerde çagalaryň, öýe gelen badyna, gaýtaryp başlamagy bilen bagly ýagdaýlar hem köp bolýar” diýip, lebaply bir ene anonim şertde aýtdy.

Azatlykda ene-atalaryň şäheriň anyk haýsy çagalar baglary barada gürrüň edýändigi hakda takyk maglumatlar bar. Ýöne redaksiýa ene-atalaryň we terbiýeçileriň haýyşy esasynda, howpsuzlyk aladalary sebäpli, olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Degişli maglumat Aşgabadyň çagalar baglarynda körpeleriň iýmiti “ogurlanýar”

Ene-atalaryň tassyklamagyna görä, şäheriň çagalar hassahanalaryna äkidilýän çagalara iýmitden zäherlenendigi barada diagnoz goýulýar. Ýöne lukmanlar ene-atalaryň çagalar bagynyň iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýy baradaky şikaýatlara üns bermeýärler.

“Lukmanlar hiç bir ýerde çagalar baglarynyň iýmit ýagdaýy barada bellik etmeýärler” diýip, türkmenabatly başga bir ene belleýär.

Ene-atalar çagalar birnäçe gün öýde bolanda, olaryň saglyk ýagdaýynyň gowulanýandygyny, ýöne çagalar bagyna gatnap başlanda ýene ýaramazlaşýandygyny hem belleýärler.

Şeýle-de, olar iýmitiň hili barada çagalar baglarynyň ýolbaşçylaryna, olara gözegçilik edýän ýerli bilim we saglyk edaralaryna edýän şikaýatlarynyň hiç hili oňyn netije bermeýändigini hem aýdýarlar.

“Gaýtam olar bize ‘halamasaňyz, çagalaryňyzy ugratmaň’ diýýärler. Işleýän ene-atalar çagalaryny çagalar baglaryna mejbury eltmeli bolýarlar. Olaryň başga alajy ýok” diýip, türkmenabatly ene belledi.

Azatlygyň habarçysy ene-atalaryň şikaýatlary bilen bagly ýagdaýlary öwrenmek üçin gürrüňi edilýän çagalar baglarynyň birnäçe terbiýeçisi bilen söhbetdeş boldy. Terbiýeçiler anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda çagalar baglaryna satyn alynýan azygyň hiliniň ýaramazdygyny tassykladylar.

“Çagalar bagyna mesge, çörek, et, tüwi we beýleki önümleri satyn almak üçin döwlet tarapyndan pul bölünip berilýär. Ýöne mesgä derek ýaramaz hilli pagta ýagy, tüwä derek ýarma ýaly önümler satyn alynýar. Häzir çäkli möçberde satyn alynýan etiň hili hem köplenç ýaramaz bolýar. Sebäbi arzan et satyn alýarlar. Käte bu etiň hili şeýle bir ýaramaz bolýar welin, çagalara bişirip bermäge gorkýarlar. Gök-önümleriň hili hem juda pes, dessine çüýräp galýar” diýip, lebaply terbiýeçi anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň çagalar baglarynda tagtabiti ýok etmek üçin ene-atalardan pul ýygnalýar

Onuň tassyklamagyna görä, ​häzirki wagtda mümkinçiligi bolan ene-atalaryň köpüsi çagalaryny günortanlyk naharyna çenli çagalar bagynda goýup, ondan soňra öýlerine alyp gaýdýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şeýle-de sebitiň Bilim we Saglygy goraýyş bölümlerinden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda ene-atalar çagalar baglarynda iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazdygy barada ýyllarboýy şikaýat edip gelýärler. Ýöne soňky ýyllarda bu şikaýatlar has-da ýygjamlaşýar we bular mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleri tarapyndan hem tassyklanýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda döwrebap çagalar baglarynyň gurulýandygyny we olarda körpeler üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar, ýöne ýokarda aýdylan ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralary bir ýaşdan alty ýaşa çenli körpelere degişli bolup, olar iki görnüşli bilim maksatnamasyny öz içine alýar. Olarda bäş ýaşa çenli çagalaryň irki ösüşine we okuwyna üns berilse, bäş ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar başlangyç mekdebe taýýarlanýarlar. Çagalary başlangyç mekdebe taýýarlyk Türkmenistanda hökmany talap bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.