Lebap welaýatynda aprel aýynyň ortalarynda ýagan güýçli ýagyş ekerançylyk, şol sanda ekişi ýaňy tamamlanan gowaça meýdanlaryna ýiti zyýan ýetirdi.
Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda kärendeçi daýhanlar ekin meýdanlaryny ýagyş suwlaryndan arassalamaga kömek etmegi sorap, ýerli häkimiýetlere edýän haýyşlarynyň netijesiz galýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri 23-nji aprelde sebitden maglumat berdiler.
“Pagtany halas etmäne ýardam ediň, bize tehnika gerek. Biz hemme ýere ýetişip bilemizok, howlymyzdaky atyzlarymyzy hem suw basdy. Adam sany ýeterli däl diýip, geçen hepdäniň başyndan bäri arçynlyga ýüzlenýäris. Emma hökümet tarapyndan hiç hili kömek ýok” diýip, kerkili bir kärendeçi daýhan anonim şertde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýaladySaýat etrabynda bolsa, mümkinçiligi bolan kärendeçiler öz şahsy hojalyklaryndaky nasoslary ulanyp, gowaça ekilen meýdanlaryny ýagyş suwlaryndan arassalamaga synanyşýarlar.
“Öň suw ýetmezçiliginden zeýrenýärdik, indi artykmaç suw bilen iş salyşmaly bolýarys. Häkimiýetler ne suw ýetmezçiligi baradaky arzalarymyzy eşidýärdi, ne-de suw basan meýdanlary arassalamaga kömek etmek baradaky arzalarymyzy eşidýär” diýip, saýatly kärendeçi anonim şertde aýtdy.
Kärendeçiler ekin meýdanlary ýagyş suwlaryndan arassalansa-da, bir-iki günden soňra toprakda gabygyň emele gelip, ekiniň hasyllygyna uly zyýan ýetirjekdigini hem belleýärler.
“Bu ýyl hem hasylyň pes boljagy ikuçsyz. 2020-nji ýyldaky harasatda häkimiýetleriň özüni nähili alyp barandygyny bilýäris. Bu gezek hem kömegiň boljakdygyna umydymyz ýok, emma pagta ýygym möwsüminde talaplaryň güýçlenjekdigini bilýäris” diýip, halaçly kärendeçi belledi.
Halaçda güýçli ýagyş samanly palçyk jaýlara hem zyýan ýetirdi. Çeşmelerimiz bu köne jaýlaryň käbiriniň diwarlaryna ýiti zeper ýetendigini, jaýlary ýagyş suwlarynyň basandygyny hem aýdýarlar.
“Bu jaýlarda ýaşaýan maşgalalara hem kömek edilmeýär. Sebäbi Türkmenistanda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken maşgalalar häkimiýetler tarapyndan kompensasiýa berilmeýär. Adamlar öz başyny özleri çaramaly bolýarlar” diýip, halaçly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.
Degişli maglumat Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýarAzatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda oba hojalygy resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde aprel aýynyň 12-15-i aralygynda güýçli ýagyş ýagdy. Üç günläp dyngysyz ýagan ýagyş ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetirip, ilatyň elektrik üpjünçiliginiň yzygiderli we köpçülikleýin kesilmegine getirdi.
15-nji aprelde balkanly kärendeçileriň ençemesi şu ýyl pagta ekişini tapgyr üçünji gezek gaýtadan amal etmeli boljakdyklaryny belläp, ýylyň ahyryna bergili çykjakdyklaryna ynanýandyklaryny gürrüň berdi.
Döwlet mediasy bu ýagyş we onuň getiren oňaýsyz netijeleri barada habar bermedi. Amatsyz howa hadysasy barada Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem hiç zat aýdylmady.
Ýöne howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli ýagyşlara garaşylýandygy barada 10-njy aprelde habar berdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda bolýan adatdan daşary ýa-da amatsyz howa hadysalary, olaryň ýetirýän täsirleri barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan maglumat berýärler.
Degişli maglumat Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.