Türkmenistanda nobatdaky pagta ýygymy möwsüminiň resmi taýdan yglan edilmeginiň yzysüre, Lebap welaýatynda “ak kerwen” dabarasy üçin köpçülikleýin çäre geçirildi. Döwlet telewideniýesine wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirilen bu çärä edara-kärhanalaryň, şol sanda oba hojalyk işgärleriniň we ýaşulularyň onlarçasy gatnaşdyryldy. Çäre sebitdäki ulaglaryň hereketine hem ýaramaz täsir etdi. Bu aralykda, sebitiň býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin pul ýygnalyp başlandy.
Ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlanar. Bu barada prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 31-nji awgustda geçirilen mejlisinde yglan etdi.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, munuň yz ýanynda sebit häkimiýetleri “ak kerwen” dabarasyna taýýarlanyp başladylar we munuň bilen bagly çäreleriň birini 5-nji awgustda geçirdiler.
Degişli maglumat Döwlet TW-si üçin köpçülikleýin çäreleriň nobatdakysy surata düşürildi“Bu çäre Türkmenabat-Sakar awtomagistralynyň ugrunda, Çärjew etrabynyň Watan daýhan birleşigindäki gowaça meýdanlarynda boldy. Bu ýerlerde döwlet telewideniýesi üçin öňünden wideoýazgy düşürildi. Bu reportažlar ‘ak kerwen’ güni döwlet telewideniýesinde görkeziler” diýip, ýagdaýlardan habarly oba hojalyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.
Resmi medianyň “ak altyn” kerweni atlandyrýan dabaralarynda üsti pagtaly ýük daşaýjy oba hojalyk tehnikalary kerwen gurap, pagta kabul ediş nokatlaryna pagta daşaýarlar. Döwlet metbugatynda bu çäreler pagta ýygymyna resmi taýdan girişilen güni bolan ýaly edilip görkezilýär. Ýöne hakykatda, döwlet telewideniýesiniň işgärleri dabaralar üçin ýurduň dürli sebitlerindäki gowaça meýdanlarynda öňünden wideoýazgy edýärler.
“Watan daýhan birleşiginde ak pagta açylyp duran gowaça meýdanlaryny taýynlap goýdular. 9-njy sentýabrda bu meýdana kombaýnlar girip, pagta ýygyp başlar. Döwlet telewideniýesi munuň yz ýanyndan şu günki geçirilen çäräni görkezer” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.
Çäre zerarly Türkmenabat-Kerki gara ýoly hem petiklendi. Ýeňil we agyr ýük ulaglarynyň hereketi doly çäklendirildi. Bu ýagdaý sebit ilatynyň hereketine ýaramaz täsir edip, raýatlaryň barjak ýerlerine meýilleşdiren wagtynda baryp bilmezligine getirdi.
“Halaja we Kerki, Saýat etraplaryna ýekeje awtoulag hem geçip bilmedi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ähli ulaglary yzyna, Türkmenabada iberdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.
Bu aralykda, ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen sebitiň býujet işgärlerinden özlerine derek hakyna adam tutup, gowaça meýdanlaryna pagta ýygymyna ibermek talap edilýär. Munuň üçin olardan 40-50 manat möçberinde pul ýygnalýar.
Degişli maglumat Balkanda “ak kerwen” dabarasy başagaýlyk döretdi, esgerler pagta ýygýar“Lebabyň edara-kärhanalarynyň köpüsinde işgärlerden ýygym üçin pul ýygnamak işleri baryp 15-nji awgustda başlandy. Býujet işgärlerinden özlerine derek işgär ibermek hem-de iş ýerlerinde bolup, wezipelerini berjaý etmek talap edilýär” diýip, býujet işgäri aýtdy.
Şol bir wagtda ýagdaýlardan habarly çeşmämiz häzir gowaça meýdanlaryna ýygyma gidýän işçileriň ýokdugyny, edara ýolbaşçylarynyň toplanan pul serişdesini arçynlyklara tabşyrýandygyny aýdýar.
“Arçynlyk edara ýolbaşçylaryna her gün plança kilogram pagtanyň ýygylandygy barada galp kepilnama berýär. Olar bu kepilnamany Türkmenabat şäher häkimliginiň statistika bölümine tabşyrýarlar. Pagta ýygyldymy ýa ýygylmady – muny baryp görýän adam ýok. Diňe býujetçilerden pul ýygnalýar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýat we şäher häkimliklerinden, oba hojalygy bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.
Döwlet mediasy pagta ýygymyna resmi taýdan badalga berlende, ýurtda bol hasyldan ýaňa, dökülip oturan gowaça meýdanlaryny görkezýär, ýöne pagta önümçiligindäki mejbury zähmet, bu möwsümde raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan mejbury talapplary barada mesele gozgamaýar.
Halkara hukuk goraýjy toparlar, şol sanda Pagta kampaniýasy türkmen hökümetini pagta önümçiliginde mejbury zähmetden, şol sanda çaga zähmetinden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edýärler.
Degişli maglumat Mekdep okuwçylary sapaklardan soň pagta ýygmaly bolýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.