Lebapda Amyderýanyň suwunyň derejesiniň birnäçe esse kemelmegi, sebitde gyzyşan oba-hojalyk işleriniň bökdemegine sebäp bolýar. Ýurduň gündogar welaýatyndaky habarçymyz Amyderýanyň suwunyň, geçen ýyllaryň şu döwri bilen deňeşdirilende tas üç esse kemelendigini aýtdy. Ýerli oba-hojalyk hünärmenleri bu ýagdaýlara gyssagly çäre görülmese, onda hususan-da pagta hasylynyň pes boljakdygyny duýdurýarlar.
Çärjew etrabynyň “Ýassydepe”, “Guşçular” we “Lebap” daýhan birleşikleriniň pagta meýdanlarynda häzire çenli ösüş suwlary asla tutulmady. Ýerli kärendeçiler bu ýagdaýlary Amyderýadan gözbaş alyp, etrabyň çägine çenli uzap gaýdýan dört suw akabasyna suwuň kadaly çykmazlygy bilen düşündirýärler.
Bu suw akabalary Amyderýanyň Lebap welaýatynyň Üçbaş obasyndan geçýän böleginden gözbaş alýar we Türkmenabadyň üsti bilen Çärjew etrabyna tarap akýar.
“Ozalky ýyllar tomus pasly döwri Lebapda Amyderýanyň suwunyň derejesi tas iki esse artýardy. Emma häzir ol dowamly peselýär. Munuň üstesine-de, umumy gurakçylygyň arasynda ygalyň hem az düşmegi netijesinde, ekin meýdanlarynyň topraklary gerekli yzgary saklap bilmän, adatdakysyndan has köp suw talap edýär. Netijede akabalardaky suw ekin meýdanlaryna çykyp bilmeýär. Amyderýada suw az bolansoň, kanallar suw bilen doldurylmaýar” diýip, ýerli hünärmenleriň biri 2-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ýiti suw ýetmezçiligi: Daýhanlar ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak üçin agyz suwundan we guýulardan peýdalanýarOl ýiti suw ýetmezçiligine gyssagly çäre görülmese, onda bu ýagdaýlaryň şu ýyl ýygnamagy planlaşdyrylýan pagta we bugdaý hasyllaryna juda ýaramaz täsir ýetirjekdigini duýdurdy.
Şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Gowaça ekişi hem 580 müň gektar meýdanda geçirilip, ondan 1 million 250 müň tonna çig mal ýygnap almak meýilleşdirilýär.
“Akabalaryň boýunda suw nasoslarynyň oturdylmagy suw ýetmezçiligine mümkin çözgüt bolup bilerdi. Emma bu häzirki güne çenli amal edilmeýär. Daýhanlaryň ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi baradaky şikaýatlary ýyllarboýy duşdan geçirilýär” diýip, lebaply hünärmen habarçymyza aýtdy.
Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinleri ýetişdirilende döwlet daýhanlaryň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçilik meselelerini öz üstüne alýar. Öz gezeginde daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bellenilen möçberde hasyl almaga we alan hasylyny döwletiň kesgitlän nyrhyndan döwlete satmaga borçlanýarlar.
Muňa garamazdan, kärendeçiler özleriniň tehnika, suw, tohum we dökün üpjünçilikleriniň ýaramazdygyny, munuň köplenç ekiş işleriniň gijä galmagyna we hasylyň pes bolmagyna getirýändigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.
Degişli maglumat TH: Prezidentiň edarasyna ýüzlenmek üçin paýtagta baran kärendeçiler polisiýa bölümine alnyp gidildiLebap welaýatynyň häkimliklerinden sebitdäki suw ýetmezçiligi we bu ýagdaýlaryň gyzgalaňly alnyp barylýan oba-hojalyk işlerine ýetirýän oňaýsyz täsirleri barada kommentariýa alyp bolmady.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda suw serişdelerini tygşytly ulanmak we suw çeşmelerinden rejeli peýdalanmak babatda möhüm işleriň ýerine ýetirilýändigini aýdýar.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy 2021-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.
Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýanyň suwy üpjün edýär. Derýanyň takmynan 1000 kilometre barabar bölegi Türkmenistanyň çäginden geçýär.
Bu aralykda, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti 2022-nji ýylyň martynda Amyderýanyň akabasynyň ugrunda ägirt uly Koştepe kanalynyň gurluşygyna girişdi. Hünärmenler bu kanalyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar. Kanalyň gurluşygynyň bäş ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň hökümeti, goňşy Özbegistandan tapawutlylykda, bu alnyp barylýan işlere resmi ýagdaýda hiç hili reaksiýa bildirmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.