Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, ‘Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar

Öňki prezident we häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow. 2021 ý.

Lebapda häkimiýetler ilatyň oraza tutmak ýaly dini däplerine hem goşulyşyp, bu çäräni döwlet propagandasy üçin ulanýarlar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary býujeti işgärlerini agyz beklemäge çagyryp, bu dini däp-dessurda “Arkadagyň”, ýagny öňki prezident we häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň waspyny ýaýbaňlandyrýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji martda sebitden maglumat berdi.

“Şu hepde Türkmenabat şäherindäki edara-kärhanalaryň ençemesinde ýolbaşçylar işgärler bilen ýygnaklary geçirdiler. Ýygnaklarda agyz beklemegiň wajypdygy bellenilip, bu dini parzy berjaý etmekde raýatlaryň ‘Arkadagdan görelde almalydygy’ nygtaldy” diýip, ýygnaklardan habarly ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Degişli maglumat Balkanda ýene mejbury çäre geçirilip, G.Berdimuhamedow wasp edildi

Azatlykda bu ýygnaklaryň haýsy edara-kärhanalarda geçirilendigi barada maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Ýurduň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýilýär.

Şeýle-de, onuň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, häkimiýetleriň ilatyň dini däp-dessurlaryna goşulyşmagy, hat-da raýatlary oraza tutmaga çagyrmagy we munuň çäginde “Arkadagyň” waspyny etmegi, býujet işgärleriniň ençemesinde nägilelik döredýär.

“Agyz beklemek adamyň öz şahsy dini ynanjynyň bir görkezijisidir. Bu günki gün döwletiň propaganda maksatda dine gatyşmagy we Arkadag waspynyň çäginde diniň dile getirilmegi iş ýüzünde raýatlaryň din-ykdykat erkinligini goramaga däl-de, ýurtda dowam edýän ‘ählumumy arhaizmçiligi, köneçiligi, aşa konserwatizmi’ güýçlendirmäge gönükdirilendir” diýip, türkmenabatly býujet işgäri aýtdy.

Býujet işgärleriniň ençemesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň şeýle çykyşlary we çagyryşlary mundan ozalky ýyllarda etmändigini aýdyp, munuň birinji gezek ýüze çykýandygyny hem belledi.

Degişli maglumat Balkanda prezidentiň ejesiniň we enesiniň propagandasy ýaýbaňlanýar

Pragada ýaşaýan we dini işler bilen gyzyklanýan türkmen ýazyjysy häkimiýetleriň nobatdaky propagandanyň çäginde ilata “Arkadagy görelde” görkezmegini, olaryň döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň kakasyny “beýige götermek, mukaddesleşdirip görkezmek” synanyşyklary häsiýetlendirýär.

“Meselem, aýdaly, Arkadag ýurduň pygamberi ýaly bir zat, onuň ogly Serdar bolsa, ýurdy dolandyrýan prezident, ýagny ol prezidentden hem ýokardaky bir ruhy güýç hökmünde propaganda ediljek bolýar. Ýöne ony din bilen baglanyşdyrmak gaty nädogry. Sebäbi din, aýratyn hem oraza günleri agyz beklemek, namaz okamak – şu zatlaryň ählisi diňe Allanyň razylygy üçin edilýär” diýip, türkmen ýazyjysy aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň häkimiýetlerinden, şol sanda din işlerine seredýän edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Resmi media 11-nji martda Aşgabatda G.Berdimuhamedowyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin paýtagta gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasynyň berlendigini habar berdi. Ýöne onda G.Berdimuhamedowyň hem agyz bekläp, oraza tutandygy ýa-da tutmandygy barada anyk bir zat aýdylmady.

Soňky 17 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda G.Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty üznüksiz berkidilýär, türkmen häkimiýetleri we mediasy onuň propagandasyny yzygiderli ýaýbaňlandyrýarlar.

Häkimiýetleriň şeýle çäreleriniň biri soňky gezek geçen ýylyň awgust aýynda Balkan welaýatynda bolupdy. Şonda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragyny wasp edip döredendigi aýdylýan goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan çärede öňki döwlet baştutanynyň propagandasy ýaýbaňlandyrylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.