Döwlet dükanlarynda çörek-unuň üstündäki basa-baslykdan tapawutlylykda bazarlarda adam tas göze ilmeýär. Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynyň bazarlarynda şu günler alyjylaryň göz-görtele azalandygyny habar berýärler.
Gündogar welaýatynda bazarlarda, söwda nokatlarynda we hususy dükanlarda şu günler söwda ýöremeýär, satyn alýan adam tas ýok diýen ýaly. Bu azyk önümleriniň söwdasyna hem degişli.
"Telekeçiler söwdä satyk ýatdy, ugry yok diýýärler. Eşik, hojalyk harytlaryny, mebel we beýleki öý goşlaryny we hojalykda ulanyp bolýan enjamlary satýan telekeçiler tomsuň başyndan bäri söwda pes diýýän bolsalar, indi azyk önümlerini satýan söwdagärler hem zeýrenýärler" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar.
Degişli maglumat Aşgabadyň bazarlarynda gözegçilik güýçlendirildiHabarçylarymyz bilen gürleşen telekeçiler söwdanyň haýallamagynyň iki aý bäri dowam edýändigini, emma indi ýagdaýyň hasam erbetleşýändigini aýdýarlar.
"Lebabyň bazarlarynda işleýän telekeçileriň munuň ýaly zeýrenişini pandemiýa döwründen bäri eşitmedim. Emma pondemiýa wagtynda bazarlar we dükanlar ýapylýardy, ýollar uzak wagtlap ýapyk durýardy, şonda-da söwdagärler gizlin sowdä edip, telekçiler şeýdip gün görmegi başarýardy" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.
Lebabyň hususy söwda nokatlarynda alyjylyk aktiwliginiň peselmeginiň sebäplerini ýerli resmilerden anyklap bolmady, telekeçiler bolsa munuň sebäbini ilat köpçüliginiň maddy ýagdaýynyň ýazamazlaşmagynda görýärler.
"Munuň ýaly ýagdaý soňky ýylarda bolmandy. Adamlar başga hiç zat satyn almasa-da, azyk önümini almaga synanyşýardy. Indi adamlar azyga-da pul sarp etmekden saklanýar, köpçülik has tygşytly ýaşamaly bolýar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýerli söwdagär aýtdy.
Bu aralykda söwda dermanhanalarda hem peselipdir.
Degişli maglumat Bazar nyrhyndan gymmat satylýan ýagy almadyk türkmengalalylara ýanwaryň un paýy berilmeýärAzatlygyň habarçylary Lebapda jaý gurýan, öý goşlaryny satyn alýan hojalyklaryň hem azdygyny aýdýar. Ýerli maşgalalaryň ençemesiniň girdeji çeşmeleri azalypdyr.
Habarçymyz munuň sebäpleriniň biri soňky döwürde ýurduň daşynda zähmet çekýän ýerli ýaşaýjylardan öz maşgalalaryna ugradylýan puluň azalmagy bilen bagly diýýär. Türkiýedäki inflýasiýa, ýaşamak we işlemek üçin rugsatnamalary almakdaky kynçylyklar türkmen raýatlarynyň gazanç etmek we Türkmenistandaky maşgalalaryny goldamak mümkinçiliklerini çäklendirdi.
Bu aralykda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda nobatlaryň yzy üzülmeýär. Aşgabatda ýaşaýjylar gündeki iýjek çöregini satyn almaga synanyşýarlar, welaýatlarda gidijdirilip, satylýan aýlyk un paýyny almaga tagalla edýärler. Bazardaky bahadan biraz arzan staylýan köplenç pes hilli bu harytlar tiz satylyp gutarýar we köpçülige ýetmeýär. Şeýle-de bolsa, maddy ýagdaýy barha ýaramazlaşýan ilat köpçüligi uly nobatlarda durmaga mejbur bolýar. Köp maşgalalar subsidirlenen bahadan una we çörege garaşly bolýar.
Soňky günlerde käbir dükanlarda unuň we çöregiň gapdalyndan bazar nyrhyndan geçmeýän harytlar hem goşulyp satylýar. Geçen hepde Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda raýatlara ýanwar aýy üçin un paýy satylyp başlanda unuň ýanyndan hatda bazar nyrhyndan hem gymmat günebakar ýagyny almak talap edildi.
14-nji iýulda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan uny almagyň üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy.
Hökümet ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli peselýändigini resmi taýdna boýun almaýar we azyk üpjünçiligindäki problemalary çözmegiň ýerine nobatlary gizlemek we nägilelik bildirýänlere gysyş görkezmek ýaly hereketleri edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.