Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýeke-täk kümüş medalyny gazanan Tejen Tejenow doping synagynda görkezen oňyn netijeleri üçin wagtlaýyn ýaryşdan çetleşdirildi diýip, Haňžou şäherindäki esasy metbugat merkeziniň habarçysy 6-njy oktýabrda habar berdi. Onuň ýazmagyna görä, Aziýa oýunlarynda kümüş medal alan türkmen pälwanynyň neşe barlaglary oňyn netije berdi.
Türkmen metbugaty geçen aýyň aýagynda Tejen Tejenow bilen Aýnur Amanowanyň ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň çäginde başlanan kuraş ýaryşlarynda üstünlik gazanandygyny habar berdi.
30 ýaşyndaky Tejen Tejenow 90 kilogramdan ýokary agram derejesindäki ýaryşda gazagystanly Nurdaulet Žarylgapowy, gyrgyzystanly Bekbolot Toktogomowy, koreýaly Junýon Çony ýeňip, özbegistanly Muhsin Hisomiddinowdan ýeňildi we kümüş medala eýe boldy.
Halkara barlag gullugy (ITA) Tejenowyň şol gün, bäsleşikdäki synagdan soň, neşe barlaglary boýunça oňyn netije görkezendigini aýan etdi.
ITA Tejenowyň degidroklorometil-testosteron metaboliti we metasteron metaboliti maddalary boýunça oňaýsyz netije görkezendigini aýtdy.
Bu iki steroidiň ikisi hem Bütindünýä antidoping gullugynyň (WADA) gadagan edilen maddalarynyň sanawyna girýär diýip, habarda aýdylýar.
Netijede ITA Tejenowyň ýaryşlara gatnaşmagyny wagtlaýyn togtatdy, türgenlere B nusgasynda barlag geçirilmegini talap etmek mümkinçiligi berildi.
Haňžoudaky Aziýa oýunlarynda geçirilen barlaglar jemi bäş türgeniň gadagan edilen maddalary ulanandygyny ýüze çykardy.