Krym 19-njy asyrda. Ýarymada 1853-1856-njy ýyllardaky urşuň öň ýanynda nähili görünýärdi

Krymyñ günbatarynda Ýewpatoriýadaky kenar. Bu şweýsar-italýan suratkeşi Karlo Bossoliniň (1815–1884) Krym baradaky 52 kartinasyndan biridir.
 

Krymdaky mälim bolmadyk ybadathananyň harabaçylygy

Bossoli ýaşlyk ýyllarynyň köpüsini Odessada geçiripdir. Şol döwürde şäher rus imperiýasyna degişlidi. Ol 1840-1842-nji ýyllarda Kryma syýahat edýär. Ol kameralara elýeterli bolmadyk döwürde, bu topragyň medeniýetini hem tebigy keşbini çekipdir.

Krym tatarlary Krymyň günortasyndaky Massandrada tans edýärler.

1853-nji ýylda Krym ýarymadasynda Russiýanyň hem-de Osman imperiýasynyň we onuň ýaranlary Beýik Britaniýa, Fransiýa we Sardina bileleşiginiň arasynda uruş başlandy. Bu söweş beýle bir tanalmaýan sebit barada, halkyň gyzyklanmasynyň artmagyna sebäp bolýar.

Krymyñ günortasyndaky Ýalta şäheri

Uruş gidip duran wagtynda, London neşirýaty Bossolinä Krym eskizlerini çap etmek we olaryň ýanyndan düşündirişli ýazgylary bermek teklibi bilen ýüz tutdy.

Krym düzlüginden barýan tatarlaryň kerweni

"Ajaýyp tebigat şekilleri we Krymyň özüne çekiji esasy ýerleri" atly kitap 1856-njy ýylda çap edilipdir. Şol ýylda hem Bossoliniň Krym suratlary Londonda geçirilen sergide görkezilipdir.

Krym tatar mekdebi

Kitapdan 500-e golaý nusga Tehsasyň DeGolyer of the Southern Methodist uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanyp galypdyr. Kitabyň içindäki suratlar hakykat ýüzünde geçmişiň ýiten dünýäsiniň şekilleri. Bossoli şu günlere çenli geosyýasy ähmiýetini ýitirmeýän ýerleriň şekilini döredipdir.

Ýylanly adasy tupanly günde

Bu ada 2022-nji ýylda rus çozuşlarynyň başynda, ukrain harbylarynyň rus harby gämisine zarba urmagy bilen meşhur boldy. Aslynda onuň galagoply taryhy irki grek siwilizasiýasyndan bäri gelýär.

Bir wagtlar bu adada Ahillanyň ybadathanasy bolupdyr. Bu ada ugrunda soň osman we rus imperiýalary göreşipdiler. Şondan soň ada Rumyniýanyň gol astyna geçdi. Ikinji Jahan urşy döwründe Sowet Soýuzynyň floty adany basyp aldy. Sowet Soýuzy dargandan soň, ol ýer Ukrainanyň bir bölegine öwrüldi.

Sewastopolyň merkeziniň Garawul diňi tarapyndan görnüşi

Krym 2014-nji ýylda anneksiýa edilenden soň, Russiýanyň gözegçiligine geçdi. 2022-nji ýylda Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri başlanaly bäri, port şäheri gaýta-gaýta raketa hüjümlerine sezewar bolýar.

Bakjasaraý 1783-nji ýylda Russiýa Krymy basyp almazdan öň Krym hanlygynyň paýtagty bolupdy.

Sowet diktatory Iosif Staliniň ýolbaşçylygynda, Krym tatarlary Krymdan sürgün edildi. Olary Ikinji Jahan urşunda faşistleri goldamakda aýypladylar. Şu bahana esasynda tutuş bir halky öz ýurdundan zor bilen kowmak kararyna geldiler. Sürgün edilmegi taýýarlamak barada Staline berlen hasabatda ýazylyşyna görä, "Krymyň ilatynyň aglaba bölegi nemes faşistik basybalyjylary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, sowet hökümetine garşy göreşdiler" diýip tassyklanýar.

Alupka obasyndaky Krym tatarynyň jaýy

Bossoliniň sözüne görä, şeýle jaýlar köplenç diwarlaryň biri bolup hyzmat edip biljek gaýa daşlarynyň ýanyndan gurlupdyr.

"Şeýle jaýyň üçegi tekiz. Adatça gowy howa şertlerinde ýaşaýjylar onuň üstünde ýygnanyşyp, işden ýa ýadawlykdan soň, özara lezzet alýarlar" diýip, suratçy ýazypdyr.

Kerç şäheriniň golaýyndaky "Mitridatyň mazary" diýilýän patyşa gorgany

Bu ýer biziň eramyzdan öň 438-109-njy ýyllarda Bospor patyşalygyny dolandyran Spartokiýa hökümdarlarynyň biriniň mazary bolandyr diýip çaklanýar. Ol mazar gadym eýýämde talanypdyr.
 

Mitridat dagynyň Kerç kenaryndan görnüşi.

Häzir çep kenardan ýarymadany deňiz arkaly Russiýa birleşdirýän Kerç köprüsi görünýär. Russiýa Krymy anneksiýa edensoň, şol köprini gurdy, köpri dagdan takmynan iki ýarym kilometr aňyrlyga uzaýar.

Mitridat dagynyň üstünden, Kerçiň görnüşi

Sag tarapda rus arheology Iwan Stempkowskiniň kiçijik mazarüsti ýadygärligi, ol Ikinji Jahan urşy wagtynda zaýalanypdyr. 1944-nji ýylda Sowet goşunlary Kerçi faşistlerden yzyna alandan soň, ony ýykdylar.

Krym tatarlarynyň arasynda "Karasubazar" diýilýän Belogorsk şäheri

Ýerli at bu ýerde şäher bazarynyň bolandygyny aňladýar. Krym hanlygy döwründe, ol uly gul bazary hem bolupdyr, onda tutulyp getirilen slawýanlar satylypdyr.

Gеnuez döwrüniň berkitmeleri tarapyndan Balaklawanyň görnüşi

Balaklawa Beýik Britaniýada Krym urşunyň alamaty hökmünde garalypdyr. Aýlaga gözegçilik etmek ugrundaky göreş gazaply bolupdyr.
 

Bakjasaraýda Han köşgi

Krym suratly kitap Bossolini pul bilen üpjün etse-de, onuň suratkeşlik dünýäsindäki ornuny berkitmäge kän bir ýardam etmedik ýaly görünýär. Onuň suratlary toplanan kitap çap edilen wagty suratkeşiň tehniki ussatlygy ýaşlyk ýyllaryndaky Krymy suratlandyran döwri bilen deňeşdirilende, has öňe gidipdir.

Muny onuň 1857-nji ýylda Bakjasaraýy şekillendiren suratynda görse bolýar.
Bossoli 1884-nji ýylda aradan çykdy. Ol Şweýsariýanyň Lugano şäherinde jaýlandy.