Kreml Putin bilen Trampyň telefonda gepleşendigini ret edýär

"Bu düýpden ýalan däl. Bu boýdan-başa toslama, diňe galp maglumat" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 11-nji noýabrda açtdy.

Kreml ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda bolan telefon söhbetdeşligi barada çap edilen habarlary ret edip, olaryň "düýbünden ýalandygyny" aýtdy.

“The Washington Post” 10-njy noýabrda Trampa ýakyn çeşmelere salgylanyp, onuň Floridadan jaň edip, Putin bilen Ukrainadaky uruş hakynda maslahat edendigini, bu telefon söhbetdeşliginiň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen geçirilen telefon gürrüňinden bir gün soň bolandygyny habar berdi.

Gazet ady agzalmaýan çeşmelere salgylanyp, Trampyň Putine Ukrainadaky urşy möwjetme diýendigini, şeýle-de, "Ukrainadaky uruş meselesiniň ýakyn wagtda çözülmegi" barada ýene-de gepleşmäge gyzyklanma bildirendigini aýtdy.

Degişli maglumat Tramp Putine urşy möwjetme diýýär - Habar

Bu telefon söhbetdeşligi barada “Roýters” habar gullugy hem habar berdi.

"Bu düýpden ýalan. Bu boýdan-başa toslama, diňe galp maglumat" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 11-nji noýabrda metbugata beren interwýusynda aýtdy. “Bu hili telefon söhbetdeşligi bolmady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin başda, saýlanan prezidenti 7-nji noýabrda resmi däl ýagdaýda gutlamazyndan ozal, Trampyň gazanan uly saýlaw ýeňşine sowuklaç reaksiýa bildirdi.

Iýul aýynda janyna kast etmek synanyşygyndan aman galan Trampyň “batyrgaýlygyny” öwen Putin şol wagt özüniň onuň bilen gürleşmäge “taýýardygyny” aýtdy.

"Bu häzirki wagtda, hatda käte örän abraýly neşirler tarapyndan çap edilýän maglumatlaryň hem hiliniň iň aýdyň mysaly" diýip, Peskow aýtdy

“Bu hili telefon söhbetdeşligi üçin entek anyk meýilnamalar ýok” diýip, Peskow sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de, Peskow Kremliň Tramp gaýtadan saýlanandan soň Ýewropada "belli bir nerw ýokarlanmasyny" görendigini aýtdy.

Tramp 5-nji noýabrda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýa mahalynda, bu işi nähili amala aşyrjakdygynyň jikme-jikliklerini aýtmazdan, Ukrainadaky urşy soňlajakdygyny aýtdy.

Tramp mundan öň, Russiýa bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak üçin, Ukrainanyň öz territoriýadan ýüz öwürmeli bolmagynyň hem mümkindigini aýdypdy.

Telefon söhbetdeşliginden habarly adamlar “The Washington Post” gazetine Kiýewiň Putin bilen ediljek telefon gürrüňinden habarly edilendigini we muňa garşy bolmandygyny aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Heorhiý Tihiý 10-njy noýabrda “Roýters” habar gullugyna Kiýewiň ol iki adamyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada hiç zat bilmeýändigini aýtdy.

"Bu diýilýän telefon gürrüňi barada Ukraina tarapyna öňünden habar berlendigi baradaky habarlar ýalan. Şunuň bilen baglylykda, Ukraina bu telefon söhbetdeşligini ne tassyklap, ne-de oňa garşy çykyp biler" diýip, Tihiý aýtdy.