Kreml edil häzir, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny bes etjek parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak baradaky gürrüňleriň köpelmeginiň arasynda, prezident Wladimir Putiniň ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp bilen duşuşmak meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.
Tramp 22-nji dekabrda geçirilen konserwatiw konwensiýada Putiniň "özi bilen mümkin boldugyça çalt duşuşmak isleýän” diýendigini aýtdy.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow muňa jogap hökmünde 23-nji dekabrda TASS-a beren interwýusynda ýanwar aýynda kasam kabul etmezinden öň Tramp bilen duşuşmak üçin "häli-häzire çenli hakyky iterginiň bolmandygyny" aýtdy.
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş soňky hepdelerde hasam güýçlendi, Moskwa Ukrainanyň çäginde esasan raýat we energiýa infrastrukturasyna gönükdirilen pilotsyz uçar we raketa zarbalaryny amala aşyrdy.
Kiýew bu zarbalara Russiýanyň çäginde nebit we energiýa nyşanalaryna edilen hüjümler bilen jogap berdi we hepde aýagynda Russiýanyň nebite baý Tatarstan respublikasynyň paýtagtynda, Kazanda ýerleşýän beýik binalara hüjüm etdi.
Putin geçen hepde guralan ýyllyk sorag-jogap konferensiýasynda Russiýanyň eglişik etmäge taýýardygyny ýaňzydyp, Waşingtondaky we Günbatardaky diňleýjileriň öňünde rus eglişikleriniň geljeginiň töwereginde birnäçe gezek öwrüm etdi.
Ýöne ol, Moskwanyň Ukrainany tabyn etmek we NATO-dan we Günbatar ýurtlaryndan uly howpsuzlyk kepilliklerini almak maksadynyň güýjünde galýandygyny belläp, şol bir wagtda-da özüniň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini kanuny lider hasaplamaýandygyny aýtmak bilen, eglişik ideýasynyň gapdalyna bir topar şert goşdy.
Tramp urşy çalt soňlamak çäresini görjekdigini aýtdy we 22-nji dekabrda, Turning Point Amerika, ABŞ-nyň öwrüm pellesi guramasynyň konwensiýasynda eden çykyşynda "Biz bu urşy soňlamaly. Bu uruş elhenç, elhenç" diýdi.
Analitikleriň aýtmaklaryna görä, Moskwada, Kiýewde, Brýusselde, Waşingtonda we beýleki paýtagtlarda diplomatlar, saýlanan ýolbaşçylar we harby işgärler ýapyk gapylaryň arkasynda Ikinji Jahan Urşundan bäri Ýewropanyň iň uly gury ýer urşuna çözgüt tapmak üçin, görnüşinden, uludan tutulan metbugat ýygnagyna taýynlyk görýäne çalym edýär.
Günbataryň gepleşik otaglarynda 34 aýyň dowamynda iki tarapdan 1 milliondan gowrak adamyň ölmegine ýa-da ýaralanmagyna sebäp bolan we pidalaryň sanynyň artmagyna getirýän konflikti soňlamak pikiri barha ileri tutulýar.
Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen seýrek duşuşýan Putin 22-nji dekabrda Slowakiýanyň premýer-ministri Robert Fiko bilen duşuşdy.
Esasy tema Russiýanyň tebigy gazynyň Ukrainanyň üstünden geçirilmegine mümkinçilik berýän we ýakyn wagtda möhleti gutarýan şertnama bolsa-da, iki lider Ukrainadaky harby ýagdaý we dowam edýän urşa parahatçylykly çözgüt tapmak mümkinçiligi barada-da maslahat etdi.
Fiko Moskwanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşundan bäri, tas üç ýyla golaý wagtda Putin bilen gatnaşygyny kesmän saklan az sanly ýewropaly liderleriň biri boldy.
Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy barada ýewropa liderleriniň köpüsinden başgaça pikirlenýän, düýpgöter başga garaýyşly Fiko geçen ýyl, onuň çepçi partiýasy Smer (Ugur) Russiýa tarapdar we Amerika garşy platformada geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, häkimiýete gaýdyp geldi.
Şondan bäri ol ýurduň Ukraina berýän harby kömegini bes etdi, ÝB-niň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryna garşy çykdy we Ukrainanyň NATO-a goşulmagynyň öňüni baglajakdygyny aýtdy.