Köp syýasatçynyň türmede oturmagy prezidente zyýan ýetirýärmi? Gyrgyzystandaky aklamalar we meseleler

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, 2024-nji ýylyň marty.

Gyrgyzystanda aşa syýasatlaşdyrylan kazyýet işleriniň biri aklanmak çäresi bilen tamamlandy. 2022-nji ýylda tussag edilen 20-den gowrak adam azatlyga çykaryldy. Şol bir wagtda, hut şuňa meňzeş aýyplamalar esasynda tussag edilen 11 žurnalist öz ykbalynyň çözülmegine garaşýar.

Gyrgyzystanda iň ýokary derejeli kazyýet işiniň birinde günä bildirilen 22 tussag garaşylmadyk aklanmakdan soň, birden şatlyk emele geldi. "Rewolýusiýanyň buldozeri" ady bilen tanalýan ozalky baş prokuror Azimbek Beknazarowy tarapdarlary edil aýgytly göreşde ýeňiş gazan futbol ýyldyzy ýaly edip, kazyýet zalyndan gujaklap çykardylar.

Beknazarow Merkezi Aziýanyň syýasy taýdan iň durnuksyz başagaý ýurdunda esasy şahs bolup durýar. Hökümetler dyngysyz aýlawlar edip, ony gaýta-gaýta türmä basýardy.

Ýene-de bir öňki tussaglykda bolan prezident Sadyr Žaparowyň režimi ony uzak wagtlap türmede oturtmakçydy.

Galyberse-de, Beknazarow eýýäm 67 ýaşynda. Prokuratura işgärleri gyrgyz-özbek serhet şertnamasyna garşy çykanlary hökümeti agdarmak dildüwşügi üçin ulanmakda aýyplap, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini talap etdiler.

Gaýtam, tussag edilenine iki ýyla golaý wagt geçensoň, olaryň ählisini azatlyga çykardylar.

Oppozisiýadaky syýasatçy we öňki baş prokuror Azimbek Beknazarow türmeden boşadylýar. Ol 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Kempir-Abat atlandyrylýan işde aklandy.

«Eger men kazy bolsam, olaryň guramaçylaryna haýsydyr bir jeza bererdim. Iň bolmanda jerime ýa-da synag möhletini» diýip, Žaparow kazyýet kararynyň ertesi güni döwlet mediasyna beren interwýusynda, närazylygyny bildirdi.

Hökümeti ýykmak synanyşygynda aýyplanýana, "iň bolmanda jerime salynýarmy"? Gyrgyzystanyň prezidenti birden ýumşaklaşdymy ýa-da bu ýerde başga bir zat bolup geçýärmi?

Ýurduň prezidenti özüniň ýapyk kazyýet karary bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýdýar. Emma Gyrgyzystanda suduň garaşsyzlygy seýrek duş gelýän hadysadyr, hususan-da şunuň ýaly möhüm ýagdaýlarda.

Belki-de, Žaparow we onuň ýaranlary onsuzam syýasy tussaglaryň sanynyň gaty köp bolmagyny isleýän däldirler?

Kempir-Abat aktiwistleri kazyýetiň olary aklamak baradaky kararyndan soň surata düşýärler.

KARARY BOZUP, EGLIŞIGE GITMEK

"Kempir-Abat" sözi golaýda tamamlanan sud işi we Žaparowyň ýolbaşçylygynda başga pikir edýänlere garşy basyşlaryň güýçlenmegi bilen utgaşykly boldy.

Ýöne Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky gepleşiklerde möhüm orun eýelän suw howdanynyň ady hem taryhy serhet ylalaşygy baglaşylanda, aýratyn orun tutýar.

Özbegistan köp wagt bäri Kempir-Abatdan suw alyp gelýärdi, indi şertnamanyň şertlerine laýyklykda, Merkezi Aziýadaky bu uly döwlet tutuşlaýyn Gyrgyzystanyň territoriýasynda ýerleşýän suw howdanyna has köp hukuk aldy.

Bu hereket Gyrgyzystanyň günortasynda nägilelik döretdi, soňra bu ýagdaý birnäçe bişkekli syýasatçylar we aktiwistler tarapyndan peýdalanylyp, Kempir-Abady goramak baradaky komitet diýlip atlandyrylýan ýörite topar döredildi.

Tussag edilenler toparyň döredilmeginiň yz ýanyndan diýen ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda başlandy, ýöne deslapky geçirilýän barlag işleri uzaga çekdi.

Beknazarow we ýene ýedi adam höküm çykýança türmede oturdylar.

Ol topardan bolan alty zenan aktiwistiniň bäşisi görnüşinden saglygyna agyr zyýan ýetiren şertlerde birnäçe aý saklandy.

Olardan bir aýal Rita Karasartowa diňe geçen ýylyň iýun aýynda türmeden boşadyldy.

Gyrgyz režimleri üçin Beknazarow ýaly syýasatçylar köp wagtdan bäri “kanuny aw” bolup gelýär.

Aýyplanýan 11 gyrgyz žurnalistiniň boşadylmagyny talap edýän daşary ýurtly žurnalistleriň internet memi

2005-nji we 2010-njy ýyllardaky rewolýusiýalarda görnükli şahsyýetiň sud edilmegi, eger ol birnäçe geldi-geçer bilen jenaýatçynyň oturgyjynda oturan bolsady, adamlaryň ünsüni şeýle köp özüne çekmezdi.

Emma aýallaryň uzak wagtlap tussaglykda saklanmagy – raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary täze garaýşy döretdi we bu ýagdaý hökümetiň başgaça pikir edýänlere garşy islendik wagtda kesgin çärelere gidip biljekdigini-de görkezdi.

Karar çykarylandan soň dessine çykyş eden aýallaryň biri, Konstitusiýa kazyýetiniň ozalky kazysy, döwlete garaşsyz guramany esaslandyryjy Klara Sooronkulowa bile oturan aýallarynyň köpüsine garanyňda, has batyrgaý boldy.

«Bize garşy bikanun iş açyldy we biz bu ýagdaýdan ejir çekdik. Şu babatda biziň döwlete garşy şikaýat etmäge we zyýanyň öweziniň töleglerini almaga hukugymyz bar - diýip, ol aýtdy. – Emma suduň karary heniz güýje girenok. Prokuratura bize 20 ýyl höküm edilmegini sorady, şonuň üçinem olar ýokardaky instansiýalara arz edip bilerler».

Eger kazyýetiň gelen netijesi barada, Žaparowyň aýdýanyna ynanylsa, onda aklawçylaryň günä bildirilenlere aýyplamalaryň toslanyp tapylandygy barada aýdylanlaryna subutnamalaryň ýoklugy sebäpli, sülçüleriň jogapkärçilige çekilmegi mümkin däl.

Beýleki tarapdan, prezident tussag edilen tankytçylarynyň köplüginiň hökümete howply bolup biljekdigini gowy bilýär. Gyrgyzystanyň öňki ýolbaşçylarynyň syýasy repressiýa gözegçilik edip we ony saklap bilmändikleri üçin, ýeňlişe sezewar bolandygyna-da düşünýär.

GÜNÄLEMEK — TUSSAG — AKLAMAK?

Olaryň biri Gyrgyzystanyň bäşinji prezidenti Sooronbaý Jeenbekow bolupdy, syýasy tussaglar oňa öz ýolbaşçysy Almazbek Atambaýewden miras galdy, soňra onuň özi hem birnäçesini, şol sanda Atambaýewiň özüni-de türmä gabady.

Emma 2020-nji ýylda jedelli geçen parlament saýlawlary sebäpli protestler tutaşanda, Jeenbekow gowşap, duşmançylykly toparlaryň we köçe demonstrantçylarynyň talaby bilen abraýly syýasatçylary boşatmaga mejbur bolupdy we wezipesiniň durnuksyzlaşandygyny görkezdi.

Şondan soňky göreşde Atambaýew döwründäki syýasy tussag Sadyr Žaparow häkimiýet başyna geçmek ugrunda göreşdi. Adamy zamun almakda aýyplanyp tussag edilendigi baradaky aýyplamadan saplanan badyna özüniň täsin ýoluny geçip, "tussaglykdan prezidentlikde" tamamlady.

Şeýlelikde, ol döwletiň başgaça pikir edýänlere garşy göreş strategiýasyny kämil bilýän ýaly görünýär.

Prezidentleriň 6-njysynyň ýolbaşçylygynda "günälemek – tussag – aklamak" yzygiderligi soňky kazyýet kararyndan öň hem bellidi.

2022-nji ýylyň awgustynda köpçülikleýin bulagaýlygy we jemgyýete zorluklary öňe süreni üçin aýyplanan blogger Yryskeldi Žekşenaliýewiň tussag edilmegi köpleri haýran galdyrdy, ol tussag edilende bary-ýogy 19 ýaşyndady.

Ysyskeldi Žekşenaliýew

Emma Kempir-Abady goranmak komitetiniň agzalary tussag edilenden soň, ol öý tussaglygynda boşadyldy, 2023-nji ýylyň dekabrynda bolsa, ondaky ähli aýyplamalar ýatyryldy.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda barlagçy žurnalisti Bolot Temirow neşe serişdelerini eýelemekde we bikanun serhet düzgünini bozmakda aýyplanyp, tussag edilenem bolsa, ol aklandy.

Şol iş boýunça kazyýet diňlenişiginde, baş kazy ýörite gulluklara onuň işine geldi-geçer seredendikleri üçin, käýinç bermegiň zerurdygyny mälim etdi.

Ýöne soňlugy bilen degişli işgärleriň goýberen ýalňyşlyklary üçin, nähilidir bir çäre görlendigi barada, hiç bir habar berilmedi. Emma Temirowyň "dokumentleri galplaşdyrmakdaky" aýyplamasy saklanyp galdy, netijede Temirowy aklamak hökümi berildi we geň ýagdaýda, öz dogduk ýurdundan, Russiýa sürgün edildi. Ol ýerde onuň raýatlygy bar.

Indi bolsa “Temirow Live” kanalyndaky Temirowyň häzirki we öňki 11 kärdeşi günälenýänleriň oturgyjynda otyrlar. Olar “Temirow Live” we onuň bölümi “Aýt Aýt Dese” toparynyň žurnalistleri ýanwar aýynda bolan barlag hüjümlerinde tussag edilip, köpçülikleýin bulagaýçylygy talap etmekde aýyplanandan soň tussag edildiler.

Aprel aýynda Gyrgyzystanyň Ombusmen instituty aýyplanýanlaryň birini türme sakçylarynyň urandygyny habar berdi. Bolot Temirowyň aýaly we kärdeşi Mahabat Tažibek-kyzy Bişkekdäki tussaghana, garawul astynda saklanýar.

Onuň ýara yzly suraty bolsa-da, ýörite prokuratura urulmak baradaky aýyplama esasynda iş açmazlyk kararyna gelnendigini mälim etdi. Gullukçylar onuň bu ýara tegmilini ýykylmak netijesinde alandygyny tassyklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.