Şäher häkimiýetleri Maryda kerpiçden gurlan iki we üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daş işiklerinde salnan hammamlary, köpçülik bolup ulanylýan hajathanalary ýykmaga başladylar. Sowet döwründe gurlan jaýlaryň ýaşaýjylary indi ozalam dar bolýan jaýlarynyň içinde, bir otagy diwar bilen bölüp, hammam we hajathana gurmagyň maslahat berlendigini, munuň ýangyn döremek howpuny ýokarlandyrjakdygyny aýdyp, örän nägile bolýarlar. Aýdylmagyna görä, jaýlaryň öňündäki agaç kladowkalaryň ýykylmagy ýangyn howpy bilen düşündirilýär. Mundan öň häkimiýetler paýtagtda we beýleki şäherlerde hem jaýlaryň öňünde gurlan goşmaça gurluşyklary köpçülikleýin ýykyp aýrypdylar.
Azatlygyň habarçysy Mary şäheriniň Kemine, Oguzhan, Daşoguz, Aşgabat, Magtymguly we Murgap ýoly köçeleriniň ugrundaky kerpiç jaýlaryň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş boldy. Aýry-aýrylykda we anonimlik şertinde gürleşen ýasaýjylaryň tassyklamagyna görä, öý müdirliginiň işgärleri gelip, häkimiň görkezmesi esasynda, jaýlaryň öňündäki hammamlaryň, hajathanalaryň we beýleki hojalyk maksatly jaýlaryň ýykylyp başlandygyny aýdypdylar.
Degişli maglumat Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar“Jaýlarymyzyň öňündäki hajathanany, öz guran hammam jaýymyzy, kladowkalarymyzy ýykmaly bolýarys. Buýruk geldi, biruçdan ýykylyp gelinýär. Jaýyň içinde, ýaşap oturan otaglaryňyzyň arasynda diwar galdyryp, banýa, tualet ediniň diýdiler” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi bu täzeligiň adamlary uly alada goýandygyny hem sözüne goşdy.
Ýaşaýjynyň sözlerine görä, onuň we goňşularynyň ýaşaýan iki gatly jaýlarynda azyndan 20 hojalyk, üç gatly jaýlarynda bolsa azyndan 30 hojalyk ýaşaýar.
Bu jaýlaryň daşky diwarlary kerpiçden gurlan bolsa-da, ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, aralyk diwarlary agaç, tagta we samanly palçyk bilen suwalansoň, goňşular gatyrak gürlese, beýleki jaýyň otaglaryndaky adamlara hem sesleri eşidilip dur.
Azatlygyň habarçysy geçen ýyl daş işigindäki goşmaça jaýy ýykylan ýaşaýjy bilen hem söhbetdeş boldy.
“Biz bir otagda ýaşaýarys. Şol otagda ýatyp-turýarys, naharlanýarys, egin-eşik guradyp, ütük edýäris. Çagalar mekdepden gelip, öý işlerini hem şol bir otagda edýär. Ähli goşumyz hem şol otagyň içinde” diýip, geçen ýyl daşardaky ‘kladowkasy’ ýykylan ýaşaýjy gürrüň berdi.
Adynyň, ýaşaýan köçesiniň agzalmazlygyny soran ýaşaýjy ozal sogan, kartoşka ýaly azyk önümlerini, käbir goşlaryny hem kladowkada saklandygyny, öýe, eşiklere ys-koky ornamasyn diýip, nahar-şoruny hem kladowkada bişirendigini, şol ýerde suwa düşendigini gürrüň berdi.
“Indi, tok peç satyn alyp, naharymyzy hem öýüň içinde bişirmeli bolduk. Diňe egin-eşiklerimize däl, ýatýan düşeklerimize hem nahar ysy siňdi” diýip, ýaşaýjy şäher häkimiň buýrugynyň köp adamyň durmuş, ýaşaýyş şertlerini agyrlaşdyrandygyny hem sözüne goşdy.
Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, bu jaýlar gurlup, ulanmaga berlende, olaryň içinde ýaşamak üçin zerur bolan şertler döredilmändir we adamlar diňe tok çekilen jaýlara göçüp gelipdirler.
Şeýle-de, ýaşaýjylara jaýlaryň daşynda gurlan umumy hajathanalar, agaçdan gurlan ‘kladowkalar” berlip, şol ýerde ýuwnup-ardynmak mümkinçiligi döredilipdir.
“Günümize şükür edip, bu şertlere hem kaýyl bolup otyrdyk, agtyklarymyzy öýerip, durmuşa çykarýançak mydar etdik, ýene mydar ederis diýýärdik. Indi günümizi has agyrlaşdyrýarlar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
“Ilki, ýangyn howpuny döredýär diýip, biziň goş-golam saklaýan kladowkalarymyzy ýykdylar. Köp adam agaç kladowkalary aýryp, kerpiçden, käbiri plastikdan, öz hasaplaryna kladowka gurdy. Emma bu kladowkalary hem aýyrtdylar” diýip, ýaşaýjylaryň biri bu çözgüdiň hakykatda ýangyn döremek howpuny has-da ulaldandygyny öňe sürdi.
Degişli maglumat 'Bikanun' jaýlar ýykylýar, 'kanuny' jaý almak köp adama başartmaýarOnuň sözlerine görä, bu jaýlaryň köp bölegi agaç bolup, adamlaryň nahar-şor, öý ýylatmak, suw gyzdyrmak üçin alýan we otagyň içinde ulanýan elektrik enjamlarynyň köpelmegi iki we üç gatly jaýlarda has heläkçilikli ýangynlaryň turmagyna-da getirip biler.
“Häkim we beýlekiler bu barada pikir etmeýärler” diýip, Azatlygyň ýaşuly söhbetdeşi öz nägileligini bildirdi.
Jaýlaryň daşyndaky hajathanalaryň ýykylmagy adamlary kladowkalaryň ýykylmagyndan hem beter gynandyrýar.
“Bizde iş ýok, pul ýok, biz nädip öz hasabymyza bir otagly jaýymyzyň içinden täze diwar galdyrmaly?” diýip, bir ýaşaýjy bu jaýlaryň pollarynyň, ýokarsyndan goýlan agaçlaryň hem çüýräp başlandygyny, ýokarky gatda hajathana üçin galdyrylan goşmaça diwarlaryň aşakda ýaşaýan hojalyk üçin goşmaça alada boljakdygyny, ‘jaýymyz haçan üstümizden gaýdar’ diýip, olaryň girende-çykanda gorkuda ýaşajakdygyny ýatlatdy.
“Aslynda bu jaýlar ýykylmagyň öň ýanynda dur, olary bejerip, remont edip saklamak ýyl-ýyldan kynlaşýar, aşakdan urýan zeý suwunyň şory içki diwarlara dyrmaşyp, eden azabyňy puja çykarýar” diýip, başga bir bir ýaşaýjy ýurtda köne, ýykylmaly jaýlarda ýaşaýan adamlar barada alada edilse gowy boljakdygyny aýtdy.
Onuň pikiriçe, döwlet bu hili agyr şertde ýaşaýan adamlara başga ýerden, täze salnan köp gatly jaýlardan, hojalyklaryň adam sanyna seredip, bir otagly däl-de, 3-4 otagly jaý berse, ilat üçin hakyka alada edýän döwlet bolardy.
Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçysy köp adama Şatlyk şäherçesiniň golaýyndan jaý salynmak üçin mellek ýerleriniň berilýändigini, ýer alan adamlaryň döwlet hünärmenleriniň görkezmesi esasynda jaý salynmalydygyny habar berýär. Emma muňa garamazdan, köp adamyň jaý gurmaga ýagdaýy ýok, olar özlerine elýeterli bahadan gurlan jaýlaryň berilmegini isleýärler diýip, söhbetdeşlerimiz belleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli