Gyrgyzystanyň günortasyndaky Suluktu şäherinde kömür käninde dörän hadysada ýeriň aşagynda gabalan iki magdançy halas edildi. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 8-nji ýanwarda habar berdi.
Şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmadyk iki magdançy 140 metr ýeriň aşagyndan çykaryldy. Olar mundan soň dessine keselhana ýerleşdirildi.
Kömür känindäki hadysa 7-nji ýanwarda, ýerli wagt bilen, sagat 19:49-da ýüze çykdy.
Suluktu şäheri Fergana jülgesinde ýerleşýär. Sebitde birnäçe kömür käni bolup, soňky ýyllarda olarda ençeme adam pidaly heläkçilik boldy.