Kerpiç öndürýänleriň işi kyn, esasy mesele korrupsiýa - telekeçi

Bezeg suraty

Türkmen metbugaty maý aýynda “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň demirbeton kärhanasynyň dört aýda 950 müňden gowrak bişen kerpiç öndürendigini habar beren bolsa, awgust aýynda Dänew etrabynyň Hendekli obasyndaky bişen kerpiç sehiniň hususy eýçilige satyljakdygyny habar berdi. Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň ‘ösüş’ habarlaryna garamazdan, çeşmeler kerpiç zawodlarynyň iş şertleriniň barha agyrlaşýandygyny, kerpiç öndürýän telekeçileriň ýagdaýynyň gowulaşmaýandygyny habar berýärler. Azatlyga pikirini aýdan telekeçiler bu ýerdäki esasy kynçylygy korrupsiýada, döwletiň "öz işini etmezliginde" görýär.

Balkandaky habarçymyz bu şertler bilen tanyşmak üçin birnäçe kerpiç zawodyna baryp, ýagdaýy gowy bilýen adamlar bilen söhbetdeş boldy. Azatlyk Obaý daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Kämil Öý” hojalyk kerpiç kärhanasynyň jogapkär işgäriniň adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.

Obaýly telekeçi kerpiçden edýän gazanjynyň 80 göteriminiň emeldarlara, häkimlik işgärlerine, gaz, howpsuzlyk, salgyt, döwlet standarty gulluklaryna, ekologiýa, metan zyňydysyna gözegçilik diýen bölüme, olaryň barlagyna, tok töleglerine, toprak satyn almaga gidýändigini gürrüň berdi.

Degişli maglumat Akdaş kerpijiniň bahasy iki esse gymmatlady

“Bir keramiki kerpiji 1 manatdan satyp bilsek, kerpiç üçin edilen çykdaýjyny aýran halatymyzda, özümize sähelçe peýda galýar” diýip, telekeçi aýtdy. Ol bu bahanyň öndüriji üçin arzandygyny, emma alyjy üçin arzan däldigini hem sözüne goşdy, eger halkyň hal-ýagdaýy biraz gowulaşsa, kerpijiň bahasynyň derrew ýokarlanjakdygyny belledi.

“Kerpiji bir manatdan almak ilat üçin elýeterli ýa amatly diýip biljek däl. Ýöne çykdajylary hasaplap, biz hem gazanç etjek bolýarys. Şu sebäpden, müşderi az hem bolsa, nyrhy saklamaga çalyşýarys. Ýogsa, zyýanymyza işleýän adam bolarys” diýip, ol kerpiç öndürmegiň juda agyr zähmeti talap edýändigini hem sözüne goşdy.

Social mediada ýurtdaky sosial meselelerden zeýrenýän zähmet migrantlary “watanda iş kän, ýöne aýlyk az, işläniňe degmeýär” diýýärler. Kerpiç kärhanasynyň jogapkär işgäri işgär saklamagyň esasy şertiniň aýlykda jemleneýändigini aýtdy.

“Işçileri gyrak-çetdäki obalardan getirýäris, üç wagtyna nahar, iki müň manatdan pes bolmadyk aýlyk berýäris. Bu kerpiç işçisi üçin köp aýlyk däl. Ýöne şundan aşak düşse, ýagny iki müň manat töwereginde aýlyk berip, naharyna seretmeseň kerpiç önümçiliginde ýekeje adam hem işlemeýär.”

Ol kerpijiň öňki ýyllardaky ýaly gowy geçmeýändigini, durmuşyň agyrlaşmagy bilen, müşderiniň gaty azalandygyny hem sözüne goşdy.

“Adamlar kerpiç alanlaryndan, jaýlaryny dag daşlaryndan guranlaryny amatly hasaplaýarlar. Ýöne dag daşlaryndan jaý salmak, ýurtdaky seýsmiki ýagdaýlary nazara alanyňda, howpsuz diýip bolmaz” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Bu aýdylýany golaýda maşgalasy üçin salýan jaýynyň boýuny ýitiren ýaşaýjy hem tassyk etdi.

“50 müň kerpiç kärhananyň özünde 50 müň manat bolýar, etrap içinde onuň her 3 müň sanysyny gerek ýeriňe alyp gitmek üçin, ýakyn diýilýän aralyk bolsa, “Kamaz” sürüjisine 600 manat, uzak diýilýän aralyk bolsa, 1 müň manada çenli pul tölemeli. 50 kg sement 50 manatdan satylýar, ýogsa 50 kg sementiň döwlet bahasy 12 manat” diýip, jaý salnan adam ýagdaýyň başyna goýberilen korrupsiýa sebäpli çylşyrymlaşýandygyny öňe sürdi.

Degişli maglumat Balkanda kerpiç zawodlary ýapylýar, işgärler işden çykarylýar. Käbir kerpiçler gymmatlaýar, käbiri arzanlaýar

Bu aýdylýany aýry-aýylykda gürleşelen telekçiler hem tassyklady.

“Önüm öndürýän telekeçi, arkasynda durýan adam bolmasa, işçileri bilen kerpiç bişirip satyp, uzak saklanyp bilmeýär, sebäbi onuň bar gazanjy ýerli emeldarlara berilmeli para gidýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran telekeçi aýtdy.

Balkanabadyň golaýynda sementden we ýuwlan, üwelen daşdan pres enjamy bilen zarik kerpiçlerini öndürýän telekeçi döwletiň telekeçini goldamak syýasatynyň diňe kagyz ýüzünde galýandygyny, ýa-da Balkana çenli ýetip bilmän, ýolda heläk bolýandygyny aýtdy.

“Eger döwlet sementiň öz bahasyndan satylmagyna gözegçilik etse, kerpiç halk üçin has elýeterli bolardy, goly ýuka hojalyklar dag daşlaryndan jaý salyp, özlerini howly ýagdaýa salmazdy” diýip, telekeçi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, diňe gurluşyk materialy däl, elektrik üpjünçiligi hem uly mesele bolmagynda galýar.

“Tok berýän kärhana islän wagty togy kesip, telekeçiniň iş wagtyny, puluny ogurlap bilýär. Önüm öndürseň, hukuk goraýjylar torbasyn göterip gelýär we öz paýyn alyp gidýär. Türkmenistanda kette (mafia) ýok diýýärler, ýöne hukuk goraýjylar wor zakon, sähel pullansaň, gelip öz paýlaryny alýarlar, bolmasa hereket etdirmeýärler” diýip, balkanly telekeçi habarçymyza aýtdy.

Sosial ulgamlarda guralýan söhbetdeşliklere goşulýan zähmet migrantlarynyň käbiri ýurtdan jaý salmaga pul taplamak üçin çykandygyny, ýöne indi jaý edinmegiň öňküsinden hem kynlaşandygyny, Türkmenistanda jaýsyz adamlaryň barha köpelýändigini aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, şu aýda garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýän ýurtda 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 90-njy ýyllaryň başynda gurlan hususy kerpiç kärhanalary başda hem işgärlerine gowy aýlyk berýärdi, hem ilata has arzan kerpiç satýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.