Gazagystanyň ‘bidüzgünçilikler’ bilen utgaşan prezident saýlawlaryndan soň ýene onlarça adam tussag edildi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Gazak polisiýasy Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda 12-nji iýunda, ýurduň 9-njy iýunda geçirilen prezident saýlawlary bilen bagly dowam edýän nägilelikleriň çäginde 100-den gowrak adamy tussag etdi. Halkara gözegçileri ozalky awtoritar prezident Nursoltan Nazarbaýew tarapyndan seçilen Kasym-Žomart Tokaýewiň ýeňşi bilen gutaran saýlawlarda “ses beriş bidüzgünçilikleriniň köp bolandygyny” bellediler.