Mary welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri neşe gaçakçylygynda güman edilip tussag edilen we etniki gelip çykyşy boýunça buluç milletinden bolan 34 ýaşly Allamyrat Hudaýramowy gynamalara sezewar edip, urup öldürmekde aýyplanýar. Bu barada garaşsyz Turkmen.News neşiri habar berýär.
Neşiriň redaksiýasyna gelip gowşan wideoda aýdylmagyna görä, Hudaýramowyň ildeşleri onuň 27-nji noýabrda tussag edilendigini aýdýarlar. Ol Milli howpsuzlyk ministrliginiň Mary welaýat bölümine "öz aýagy bilen" barypdyr. Üç gün soňra, 30-njy noýabrda Hudaýramowyň garyndaşlaryna jaň edilip, onuň jesediniň alnyp gidilmegi soralypdyr.
Wideo maglumat pidanyň jesedinde gynama yzlarynyň bolandygyny, kelle çanagynyň döwlendigini we goşarlarynda gandal yzlarynyň bolandygyny habar berýär.
Garaşsyz neşiriň çeşmelerine görä, howpsuzlyk güýçleri ýaş ýigidiň aýal doganyndan ötünç sorap, bu hadysanyň giň jemgyýetçilige paş edilmezliginiň öwezine pul teklip edipdirler. Ol bu teklibi ret edip, özüniň kanun esasynda adalat gözlejekdigini aýdypdyr.
Degişli maglumat Hukuk toparlarynyň koalisiýasy Merkezi Aziýada adam gynalmagynyň bes edilmegine çagyrýarNeşiriň çeşmeleri ýaş ýigidiň özüniň neşe gaçakçylygy bilen meşgullanmandygyny, ýöne şeýle jenaýatlar bilen ilteşikli bir adamy mündürip eltendigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň üsti bilen bu wakanyň detallaryny tassyklatmaga çalyşýar.
Türkmen häkimiýetleri tussaglara eden-etdilikli çemeleşmekde, olary gynamalara sezewar etmekde aýyplanýar.
Türkmenistan gynama aýyplamalaryny yzygiderli ret edýär. Içeri işler ministrligi gynama hadysalary barada hasabat bermeýär.
Konstitusiýanyň 33-nji maddasy gynamalary, zorluk ulanylmagyny, zalymlyk, adamkärçiliksiz ýa-da adam mertebesini peseltmek bilen jeza berilmegini gadagan edýär.
2006-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowa hem türkmen türmesinde gynamalara sezewar edilip, aradan çykdy. Şonda Myradowanyň garyndaşlary hem merhumyň bedeninde gynama alamatlarynyň bolandygyny aýtdylar.
Türkmen resmileri özleriniň adam hukuklarynyň ýurtdaky ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarynda gynamalara garşy görülýän çäreler, kabul edilýän kanunçylyk namalary barada hasabat berýärler. Ýöne gynama aýyplamalaryny boýun almaýarlar.
Bu aralykda, Mary welaýatynda etniki gelip çykyşy boýunça buluç milletinden bolan adamlar ençeme ýyllardan bäri dürli kynçylyklary başdan geçirýärler. Buluçlar bu sebitiň esasan Ýolöten, Türkmengala, Baýramaly we Garagum etraplarynda köplük bolup ýaşaýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu sebitlerde iri baýramçylyklaryň öňüsyrasynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň buluç milletinden bolan öňki tussaglar bilen gürrüňdeşlikleri geçirip, buluçlaryň arasynda neşe bilen meşgullanýan adamlar, ýa-da ýaraglary, tüpeňleri bolan adamlar barada maglumat toplaýandyklaryny habar berýärler.
Häkimiýetler buluçlaryň dini meýillerini hem berk gözegçilikde saklamaga çalyşýarlar diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Bu sebitlerde, dürli çeşmelere görä, 36 müň töweregi buluç ýaşaýar.
Ýerli ýaşaýjylara görä, günorta-gündogar sebitlerde buluçlar esasan özleriniň öndürijilikli daýhançylyk zähmeti bilen tanalýarlar. Şäher ýerlerinde awtoulag söwdasy bilen meşgullanýan, Dubaýdan awtoulag getirip satýan buluçlar hem bar. Ýöne ýerli häkimiýetler, kanun goraýjy edaralar ykdysady ýagdaýy gowulanýan islendik buluç milletiniň wekilini yzarlamakda, sorag etmekde aýyplanýarlar.
“Şäher ýerlerindäki buluçlar gymmat bahaly awtoulag münüp başlasalar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri olaryň girdejilerine şübhe bildirip, soraga çekip başlaýar” diýip, buluç milletiniň bir wekili gürrüň berýär.
Türkmenistanyň hökümeti jynsy kemsitmelerde hem aýyplanýar. Ýöne hökümet resmileri ýurta 60-dan gowrak milletiň wekilleriniň sazlaşygynyň üpjün edilýändigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.