Kallas Ýewropanyň urşy soňlamak üçin Moskwa basyşyny güýçländirmeldigini aýdýar

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Kaja Kallas 

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallas Kiýewiň we onuň hyzmatdaşlarynyň, urşy soňlamaga gönükdirilen islendik gepleşikde Ukrainanyň pozisiýasyny gowulandyrmak üçin, Russiýa basyş etmegini dowam etdirmelidigini aýtdy.

Kallas 14-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna we Ýewropanyň birnäçe gazetine beren interwýusynda Moskwa edilýän ykdysady basyşy ýokarlandyrmagyň we ony halkara derejesinde izolirlemegiň Russiýanyň eliniň güýçlenmeginiň öňüni almakdaky ýeke-täk usuldygyny aýtdy.

"Biz öz mümkinçiliklerimize kem baha berip, ruslara aşa baha bermeli däldiris" diýip, Kallas aýtdy. "Russiýa käte ýeňip bolmajak syrly güýç ýaly bolup görünýär. Bu dogry däl. Biz harby we ykdysady taýdan has güýçlüdiris. Biz zatlara güýç pozisiýasyndan çemeleşmeli" diýip, ol aýtdy.

Russiýanyň ykdysadyýetine düşýän agram alamatlary esasy göterim derejeleriniň 20 göterimden ýokary bolmagyny, “Gazpromyň” dolandyryş resmilerini 40 göterim azaltmagyny, zähmet, iş bazarynyň ýagdaýynyň “örän erbet” bolmagyny we Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň Moskwanyň tarapynda söweş meýdanyna getirilmegini hem öz içine alýar diýip, ol aýtdy.

"Bularyň ählisi birleşip, olaryň ýagdaýynyň gowy däldigini görkezýär" diýip, ol Kallas aýtdy.

Russiýa wagtyň öz tarapynda durýandygyna, ýagny Moskwanyň peýdasyna işleýändigine ynanýar, ýöne Kallas muny nädogry hasaplaýandygyny we öz pikirine ynanýandygyny, Kiýewiň günbatar ýaranlarynyň ykdysady basyşy hasam ýokarlandyrmalydygyny aýtdy.

"Biz olaryň nagt ätiýaçlyklarynyň örän azalandygyny görýäris. Olaryň nebit we gaz satmakdan alýan girdejileri öňkülerinden gaty az" diýip, Kallas sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropa Bileleşigi urşuň 24-nji fewraldaky ýyl dönümine gabat gelýän 16-njy bukja barada kabul etjek kararlarynyň gapdalyndan sanksiýalary hem ara alyp maslahatlaşar diýip, ÝB-niň bir resmisi Azatlyk Radiosyna aýtdy. Bu, sanksiýa üçin täze ugurlary tapmagyň kyn bolmagyna garamazdan, möhüm bukja bolar" diýip, resmi aýtdy.

Şu sebäpden, bukjanyň esasy maksady tehniki we salgyt töleglerinden gaçmaklyga garşy gönükdirilen çäreler bolar öýdülýär. Mundan başga, resminiň maglumatyna görä, çekişmelerde alýumin importyny çäklendirmek, oba hojalyk önümlerine, şol sanda dökünlerde ulanylýan himiki maddalara tarif girizmek, Russiýanyň nebit tankerleriniň kölege flotyny çäklendirmek üçin has köp çäre ara alnyp maslahatlaşylar.

Kallas Ýewropa Bileleşiginiň, Russiýa duýgudaşlyk edýän birnäçe ýewropa hökümetiniň garşylygyna garamazdan, Ukraina ýarag we beýleki kömek bukjalaryny ibermek syýasatynda agzybirligi saklap biljekdigine ynam bildirdi.

Estoniýanyň öňki premýer-ministri, Ýewropa Bileleşiginiň şol hökümetler bilen geçirýän "kyn gepleşiklerine" garamazdan, agzybirligi saklamagy başarandygyny aýtdy.

"Bu gitdigiçe kynlaşýar" diýip, ol ýagdaýy boýun aldy. "Ýöne şindem, bir-bitewi pozisiýada durjakdygymyza ynanýaryn, sebäbi biz diňe şunuň bilen güýçli bolup bileris" diýip, ol aýtdy.

"Ukraina söweş meýdanynda näçe güýçli bolsa, gepleşik stolunda hem şonça güýçli bolar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kallas saýlanan prezident Donald Trampyň urşy çalt togtadyp biljekdigi barada aýdan sözleri barada hem öz pikirini aýtdy we dünýä Tramp meýilnamasyna garaşýar diýdi. 20-nji ýanwarda kasam kabul etjek Tramp hakykatdanam ABŞ-nyň güýjüni ulanyp, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine goşunlaryny Ukrainadan çykarmagy, parahat ilatyň we raýat infrastrukturasynyň bombalanmagynyň bes edilmegi üçin basyş etse, uruş öz wagtynda soňlanyp biler diýip, Kallas aýtdy.

Ýöne ol ÝB-niň pozisiýasyny, Ukrainanyň razylygy bolmazdan Ukraina barada hiç hili kararyň Kabul edilmeli däldigini, munuň Ýewropa-da degişlidigini tekrarlady.

“Her nähili ylalaşyk gazanylsa-da, Ýewropanyň hem onuň bir bölegi bolmalydygy düşnüklidir. Haýsy görünäşdäki ylalaşygyň kabul ederlikdigini ukrainalylar çözmeli" diýip, Kallas aýtdy.

Putin parahatçylygy hakykatdanam isleýärmi ýa-da ýok, bu başga bir mesele diýip, ol ýaraşyk şertnamasynyň ruslar tarapyndan diňe güýçlerini täzeden jemelemek we täzeden ýaraglanmak üçin ulanyljakdygyny duýdurdy.

"Ruslar hiç wagt öz baglaşan ýaraşyk şertnamalaryna hormat goýmadylar. Şu sebäpden Ýewropa üçin parahatçylygyň durnukly we dowamly bolmagy möhüm" diýip, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallas aýtdy.