Kallas: Ýewropa urşy soňlamak üçin Moskwa basyşyny güýçlendirmelidir

Kaýa Kallas

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Kaýa Kallas (Kaja Kallas) Kiýewiň we onuň hyzmatdaşlarynyň, urşy soňlamaga gönükdirilen islendik gepleşikde Ukrainanyň pozisiýasyny gowulandyrmak üçin, Russiýa basyş etmegini dowam etdirmelidigini aýtdy.

Kallas 14-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna we Ýewropanyň birnäçe gazetine beren interwýusynda Moskwa edilýän ykdysady basyşy ýokarlandyrmagyň we ony halkara derejesinde izolirlemegiň Russiýanyň eliniň güýçlenmeginiň öňüni almakdaky ýeke-täk usuldygyny belledi.

“Biz öz mümkinçiliklerimize kem baha berip, ruslara aşa baha bermeli däldiris” diýip, Kallas aýtdy.

Ol Russiýanyň käte ýeňip bolmajak syrly güýç ýaly bolup görünýändigini, ýöne munuň dogry däldigini belläp, “Biz harby we ykdysady taýdan has güýçlüdiris. Biz zatlara güýç pozisiýasyndan çemeleşmelidiris” diýdi.

Russiýanyň ykdysadyýetine düşýän agram alamatlary esasy göterim derejeleriniň 20 göterimden ýokary bolmagyny, “Gazpromyň” dolandyryş resmilerini 40 göterim azaltmagyny, zähmet, iş bazarynyň ýagdaýynyň “örän erbet” bolmagyny we Demirgazyk Koreýanyň esgerleriniň Moskwanyň tarapynda söweş meýdanyna getirilmegini hem öz içine alýar diýip, Kallas nygtady.