Kabulda aýallar protest geçirip, öz hak-hukuklaryny talap etdiler

“Talyban” gyzlaryň altynjy synpdan soň bilim almak mümkinçiliklerini çäklendirdi. (arhiw suraty)

11-nji sentýabrda Owganystanyň paýtagty Kabulda aýallaryň kiçi bir topary köçelere çykyp, öz hak-hukuklaryny talap edip, şeýle-de halkara jemgyýetçiliginiň “Talybanyň” häkimiýetini ýazgarmagyny sorap, seýrek protest geçirdi.

10-a golaý aýal mundan üç ýyl ozal “Talybanyň” täzeden häkimiýeti ele geçireli bäri, ýurtda esasy azatlyklaryň ýiti çäklendirilmegine garşy çykyş etdiler we öz hak-hukuklarynyň dikeldilmegini talap etdiler.

Protest çäresi Owgan Aýallarynyň Taryhy Özgerişi hereketi tarapyndan guramalaşdyryldy.

Hereketiň ýolbaşçysy Rukiýa Saýi, “Talybanyň” gazaply hüjüm howatyrlary sebäpli, çäräni 30 minutdan soň bes etmeli bolandyklaryny aýtdy.

“Talyban” zenanlara garşy ýiti çäklendirmeleri girizdi, şol sanda gyzlaryň altynjy synpdan soň bilim almak we aýallaryň köp wezipelerde işlemek mümkinçiliklerini gadagan etdi.