Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny 'ýakyndan synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'

Illýustrasiýa suraty. Aşgabat Halkara howa menzili

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany türkmen jemgyýetinde örňäp barýan  raýat raýdaşlygyna we dünýä arenasyndaky wakalary ýakyndan synlaýan jemgyýetçilik pikirlerine gönükdirilýär.

Ýerli synçylar Türkmenistanda soňky ýyllarda ilat arasynda bar bolan problemalar boýunça häkimiýetlerden haraý soramak, meseleler boýunça açyk pikir alyşmak, durmuş-ykdysady hatda syýasy meseleler dogrusynda dymmazlyk endikleriniň giň gerimli häsiýetde örňäp barýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu tema boýunça syýasy synçylar, intellektual adamlar we adaty raýatlar bilen söhbetdeşlik geçirip, ýaňy ýakynda bu ugurda 2024-nji ýylyň jemlerini jemlediler.

Şonda synçylar jemgyýetdäki açyk pikir alyşmalaryň ýylyň başlarynda adamlaryň arasynda ikiçäk, kiçi-girim we özbaşdak häsiýete eýe bolan bolsa, ýylyň ahyrlarynda şeýle meýilleriň köpçülikleýin häsiýete eýe bolup başlandygyny aýtdylar.

Konstruktiw we açyk maslahatlaryň geçirilýän ýerleri köplenç onlaýn platformalar, sosial ulgamlar bolsa-da, fiziki giňişlikde, iş ýerlerinde, kärhanalarda, bazarlarda we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde hem şeýle meýiller ýaýrap başlady.

Bu maslahatlarda ýurtda bar bolan durmuş-ykdysady meselelerden başlap, syýasy problemalara, adam hukuklarynyň ýagdaýyna çenli meseleler agzalyp geçilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şeýle meýiller barada ýylyň dowamynda birnäçe gezek habar berdiler. Meselem, şeýle habarlaryň birinde habarçylarymyz iýul aýynda haçan-da ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden prezidentlik ýaryşyndan çekilende paýtagt Aşgabadyň iri ýokary okuw jaýlarynda professor-mugallymlaryň we talyplaryň arasynda bolup geçen gyzykly we açyk maslahatlaşmalar barada gürrüň beripdiler. Şonda Baýdeniň prezidentlik ýaryşyny wise-prezident Kamala Harrise geçirmegi türkmen intelligensiýasynyň arasynda giň goldaw tapdy.

Türkmen sosial media ulanyjylary Russiýada oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň sibir türmesinde aradan çykmagyny, Türkiýede geçirilen saýlawlary ara alyp maslahatlaşdylar. Soňky wagtlarda bolsa, Siriýada Asad režiminiň çöküşi türkmen jemgyýetinde gyzykly söhbetleriň baş temasyna öwrülýär. Ýurt raýatlary Asad režiminiň çöküşine syn edip, zulum bilen abat bolýan adamlaryň soňunyň berbat bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen jemgyýetinde gender deňligi, seksual erkinlik, ýaly tabu hasaplanan temalar hem, soňky wagtlarda raýatlaryň arasynda giňden ara alnyp maslahatlaşylýan temalara öwrülýär.

Sosial ulgamlarda medeni hukuklar, milli kimlik bilen bagly meseleler hem gozgalýar. Ýatlasak, Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň fewral aýynda efire berlen sanlarynyň birinde Tik-Tok ulgamynda dil meselesini gozgap çykyş edýän adamlaryň aladalary gün tertibine getirildi. Şonda ýaşlar Türkmenistanda döwlet diliniň ähmiýetine ünsi çekip, iş ýerlerinde, kärhanalarda türkmen diliniň ulanylmaga barada çykyş etdiler.

Şuňa meňzeş mysallar we açyk söhbetler zenan hukuklaryna bagyşlanyp hem geçirildi, çaga terbiýesine bagyşlanyp hem geçirildi. Şeýle temalar Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerinde hem öňe saýlanýan temalaryň hatarynda gelýär.

Umuman aýdylanda, synçylar we intelligensiýa wekilleri türkmen jemgyýetinde soňky wagtlarda inkär edip bolmajak derejede özakymlaýyn raýat işjeňliginiň we raýdaşlygynyň ýokarlanyp barýandygyny aýdýarlar.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany türkmen jemgyýetinde örňäp barýan raýat raýdaşlygyna we dünýä arenasyndaky wakalary ýakyndan synlaýan jemgyýetçilik pikirlerine gönükdirilýär.

Şeýle meýiller näme sebäpden möhüm? Sebäbi, Türkmenistanyň hökümeti ýyllarboýy adam hukuklaryny basgylamakda, özge pikiri basyp ýatyrmakda, söz azatlygyny, pikir azatlygyny, raýatlaryň pikir beýan azatlygyny basgylamakda tankyt edilýär. Şeýle tankytlaryň fonunda soňky meýillere syýasy maýlama alamatlary hökmünde seredip bolarmy? Şeýle soraglara Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally jogap berýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

DT: Jemgyýetçilik pikirleri dünýä arenasyny ýakyndan 'synlaýar', raýat raýdaşlygy 'ösýär'