Jaýy ýumrulan hojalyklar Arkadagdan berlen täze öýlerine suw turbalarynyň asla çekilmändigini aýdýarlar

Arkadag şäheri

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaýlary ýykylan hojalyklaryň ençemesine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Arkadag şäherinden ýeňillikli ipoteka esasynda jaý berildi. Emma ýaşaýjylar öýlerine göçüp baranda, jaýlaryna suw üpjünçilik turbalarynyň asla çekilmändigini bilip galdylar. Bu barada täze jaý eýeleriniň birnäçesi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Arkadag şäherinde gurlup, ulanyşa taýýar diýlip, jaýy ýykylan takmynan 20 hojalyga köp gatly jaýlardan ýaşaýyş jaýlary gowşuryldy. Ýöne jaýlaryň birinji gatyndan başga gatlaryna, ýagny ýokarky gatlaryň jaýlarynyň aşhanalaryna, hammamlaryna, hajathanalaryna suw turbalary asla çekilmändir” diýip, şäheriň täze ýaşaýjylarynyň biri aýtdy.

Degişli maglumat Büzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylaryna Arkadagdan jaý hödürlenýär

Aprel aýynyň ahyrynda Büzmeýinde ýaşaýyş jaýlary ýumrulyp başlanypdy. Ýaşaýjylara birnäçe aý öňünden duýduryş edilende, ýykyljak öýleriň deregine täze jaý beriljegi aýdylypdy. Ýöne geçen aýyň ahyrynda ýaşaýjylar özlerine teklip edilýän täze jaýlary artykmaç inedördül metri üçin goşmaça tölegi ýeňillikli ipoteka esasynda töläp, Arkadagdan satyn almaly boljagyny bilip galypdylar.

Täze jaýlaryň ýokarky gatlaryna göçüp baran ýaşaýjylar suw turbalarynyň asla çekilmändigini görüp, Arkadag şäheriniň ýaşaýyş jaý ulanyş bölüminiň müdirine öz nägileliklerini bildirdiler.

“Müdir “öý berlenden soňky nägileligiňiz näme?! Prezidente sagbolsun aýdyň, size jaý berlenden soň mesirgeýärsiňiz” diýip, arz etmäge gelenleriň ýüzüni alyp goýberdi” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Häkimiýetleriň bu jogabyndan soň, ýokarky gatlardan öý berlen ýaşaýjylaryň ençemesi täze jaýlaryna suw turbalaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna çekip başlady.

“Her kim ussa çagyryp, jaýlaryň ýerzeminlerindäki esasy umumy turbadan öýlerine çenli suw turbalaryny çekýärler. Olar jaýyň 4-5 ýerinden deşik edip, turba geçirmeli bolýarlar. Ýaşaýjylar turba satyn almak we ussa hakyny tölemek üçin çykdajy etmeli bolýarlar. Ýokarky gatdan öý berlen hojalyklar 10 müň manada çenli çykdajy etdiler” diýip, habarçymyz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Arkadag şäheriniň häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat Arkadagda jaý edinenler wada berlen öý goşlaryň ýoklugyndan häkimiýete şikaýat etdiler

Gökdepe etrabynyň Gorjaw geneşliginiň golaýynda, Köpetdagyň eteginde gurlan we gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyry geçen ýylyň iýunynda açyldy.

Adyna Türkmenistanyň prezidentiniň kakasynyň lakamy dakylan we 70 müň ilata niýetlenen şäher Aşgabadyň takmynan 25 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýär.

Arkadag şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň ulanyşa doly taýýar däldigi, hiliniň pesligi, olaryň käbirinde jaýryklaryň emele gelendigi we hyrydarynyň azdygy barada Azatlygyň habarçylary mundan ozal hem ençeme gezek maglumat beripdiler.

“Şäherdäki köp gatly jaýlaryň köpüsiniň ýokarky gatlarynyň içi asla bejerilmedik, olar ulanyşa taýýar däl. Muňa garamazdan, bu jaýlaryň aşaky gatlaryna göçürilip eltilen hojalyklar kän” diýip, şeýle jaýlaryň biriniň aşaky gatynda ýaşaýan şäher ýaşaýjysy anonim şertde maý aýynda Azatlyga gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy Arkadagyň ýurduň çägindäki ilkinji “akylly şäherdigini” ýygy-ýygydan mahabatlandyrýarlar. Ýöne olar diňe Ahal welaýatynyň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryna niýetlenendigi aýdylýan şähere göçüp baran ýaşaýjylaryň ýüzbe-ýüz bolýan bökdençlikleri barada maglumat bermeýärler.

Türkmen hökümeti prezident Serdar Berdimuhamedowyň we onuň kakasy, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata-baba dogduk sebitinde düýbi tutulan şäheriň gurluşygyny ýurtda ýiti ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda alyp barýar.

Degişli maglumat ‘Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ – prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.