Mary welaýatynda ýaşaýyş jaýlary ýetmezçilik edýär, bir jaýda üç-dört maşgala bolup ýaşaýan hojalyklar bar, käbir maşgalalar bölek çykyp, kireý jaýlara göçüp barýarlar, ýöne jaý kireýleri hem gymmat diýip, ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlike aýtdylar.
“Käbir hojalyklarda üç-dört ogul we olaryň gelinleri ýaş çagalary bilen bilelikde bir jaýda ýaşaýarlar. Käbir maşgalarlar bölek çykyp, kireý jaýlara göçüp barýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýdýar.
Degişli maglumat Balkanly goja: Jaý satyn almak beýlede dursun, güzeranymyzy zordan aýlaýarysÝöne jaýlaryň kireý tölegleri hem köp sanly hojalyklar üçin gymmat bolup, günorta-gündogar sebitiň ýaşaýjylary dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda özleriniň güzeran şertleriniň yzygiderli agyrlaşýandygyny aýdýarlar.
Adamsy bilen aýrylyşyp üç çagasy bilen kireý jaýyna göçüp baran bir aýal maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde bazarlardaky gymmatçylyk sebäpli, kireý töleglerini wagtly-wagtynda tölemekde kynçylyk çekýändigini gürrüň berdi.
Käbir adamlar otaglary kireýine alyp, ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bilen bir jaýda ýaşaýarlar we bir gapydan girip çykýarlar. Ýöne otaglaryň kireý bahalary hem köp sanly eli ýuka hojalyklaryň maşgala býujetine gabat gelmeýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir maryly ýaşaýjy şäher ýerlerinde otaglaryň kireý bahalarynyň azyndan 1000 manat bolandygyny aýdyp, bu bahalaryň ýurduň durmuş-ykdysady reallyklaryna gabat gelmeýändigini aýtdy.
“Öý eýeleri bilen bilelikde ýaşalýan ýaşaýyş jaýlarynda bir otagyň aýlyk kireýi azyndan 1000 manat, bu, döwlet edarasynda işleýän adamyň tas bir aýlyk zähmet hakyna barabar bolýar” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Türkmenistanda iň pes zähmet haky 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 1280 manat möçberinde bellenildi.
“Men bir döwlet edarasynda işläp, takmynan 1200 manat möçberinde aýlyk alýaryn. Bu aýylygyň 1 müň manadyny kireý alýan otagyma töleýärin. Özüme hiç zat galmaýar. Men we çagalar köplenç aç ýatýarys. Öý eýesi käwagt öz bişiren naharyndan çagalaryma-da berýär. Şol gün çagalar dok ýatýar” diýip, zenan maşgala aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş-ykdysady problemalary, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalar barada yzygiderli habar berip gelýär.
Ýöne hökümet resmileri şeýle problemalar boýunça aç-açan beýanat bermeýärler.
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerine görä, 2022-nji ýylyň dekabryna çenli ýurtda 1 million 300 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy, 1 million töweregi ýaşaýyş binasy bellige alnypdyr.
Resmi sanlara görä, ýurtda ýaşaýyş binalarynyň sany on ýyl çemesi wagtyň dowamynda 12,4 göterim artypdyr. Şeýle-de, ýaşaýyş jaýlarynyň sany 13,6 göterim, olaryň tutýan umumy meýdanynyň göwrümi 24,5 göterim artypdyr. Bu görkezijiler resmi statistikalara salgylanýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda döwlet baştutany wezipesine girişende eden inaugurasiýa çykyşynda her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmegiň özüniň esasy aladalarynyň biri boljakdygyny aýdypdy.
Degişli maglumat Bilbil daýza: Mellekleriň parasy 200 müň manada ýetdi, jaýly bolmak düýşe öwrüldiTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem, şol ýylyň fewralynda eden çykyşynda "geljekde [Türkmenistanda] her bir maşgalanyň aýratyn öýli ýa-da jaýly boljakdygyny" wada berdi. Ýöne bu wadalaryň ählisi häzirlikçe diňe metbugat sahypalarynda galýar.
Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir zenan maşgala özüniň üç çagasy bilen bilelikde biriniň ýaşaýyş jaýynyň bir otagyny kireýine alyp ýaşaýandygyny, agyr güzeran şertlerine çydaman, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga synanyşandygyny gürrüň berdi.
Ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly problemalardan ejir çekýän raýatlar ýurtda gurlup ulanylmaga berilýän täze-täze ýaşaýyş jaýlaryna “gultunyp seredýärler” we binalaryň köpelýändigine garamazdan, ýaşaýyş jaý meselesiniň dowam edýändigini aýdýarlar. Olar jaý paýlanyşygy bilen bagly deňsizlige yşarat edip, barlykly hojalyklaryň hasabynda birden köp ýaşaýyş jaýlarynyň bolandygyny aýdýarlar.
“Biziň ýurdumyzda bir topar ýaşaýyş jaýlary guruldy, olaryň köpüsi boş dur. Ol gurulýan jaýlardan baýlar jaý satyn alýar, biz ýaly garyp adamlara jaý ýetmeýär. Häzir baýlarda onlarça jaý bar, ol jaýlarda ýaşalmaýar. Biz öz ýurdumyzda hiç kime gerekli däl, belki biziň daşary ýurtlarda gadrymyz bolar” diýip, beýleki bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Ýokary wezipeli adamlaryň, häkimleriň, hukuk goraýjylaryň, käbir telekeçileriň 10-12 sany jaýy bar, biz bolsa birje jaý arzuw edip, kesel bolup barýarys, ömür geçip barýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.